Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaý-jemagat hyzmatlary gymmatlady


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanda 1-nji fewraldan şahsy taraplara edilýän ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalary ýokary galdy. Türkmenistanyň prezidentiniň bu baradaky #14081 karary 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda kabul edildi.

Şol kararda aýdylyşy ýaly, indi 1 aýda 1 kwadrat metr ýaşaýyş jaý meýdany üçin 20 teňňe tölemeli. 1 aýda suwdan mugt peýdalanmagyň bellenen möçberinden artyk peýdalanylan 10 kub metr suw üçin 20 teňňe tölemeli. Ýaşaýyş jaýyny ýylatmak üçin alynýan töleg hem ýokary galypdyr. Her 10 kwadrat metr ýaşaýyş jaý meýdanyny ýylatmak üçin aýda tölenmeli puluň möçberi 20 teňňe.

Hatda, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň mugt diýlip yglan edilen lagym ulgamyndan peýdalanmak üçin hem, her aýda adam başyna 5 teňňe tölemeli.

Umuman aýdylanda, eger-de mundan öň 54 kw metr meýdanly kwartira üçin ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň ählisiniň bahalary jemlenip, aýda 1 manat 33 teňňe tölenen bolsa, indi her aýda 12 manat 6 teňňe tölemeli.

Bu kararyň sebäbi hakda halk köpçüligine media arkaly hiç hili maglumat berlenok. Onsoň bu ýagdaýdan diňe domuprawleniýelere, ýagny öý uprawleniýelerine baryp, şol ýerdäki bildiriş tagtalaryndaky bildirişler bilen içgin gyzyklanan adamlar habarly bolýarlar. Sebäbi bu maglumaty diňe şol ýerde görmek mümkin.

Turkmenistan - Announcement in state utilities agency about rise of payment for utilities, Ashgabat, Feb.7, 2015.
Turkmenistan - Announcement in state utilities agency about rise of payment for utilities, Ashgabat, Feb.7, 2015.

​​Sebäbi näme?

Öýuprawleniýeleriň işgärleriniň özleri hem ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalarynyň ýokary galmagynyň düýp sebäplerini bilmeýärler. Diňe başda agzalan kararda “Türkmenistanyň ykdysadyýetinde erkin bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etdirmek we ýurduň şahsy taraplaryna edilýän ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalaryny düzgünleşdirmek üçin” şu kararyň kabul edilýändigi aýdylýar.

Bu soňky döwürde manadyň hümmediniň pese gaçmagy zerarly, käbir beýleki önümleriň hem bahalarynyň ýokarlanan pursatyna gabat geldi. Mälim bolşy ýaly şu ýylyň başynda 1 dollara görä türkmen manadynyň hümmeti 2.85 manatdan, 3.50 manada çykdy.

Aýlyklar 10% galdyrylyp, manadyň hümmetiniň bolsa 21% pese gaçmagy, eýýam adamlaryň gündelik durmuşyna täsirini ýetirip başlady. Kommunal hyzmatlarynyň bahalarynyň ýokarlandyrylmagy ilatyň boýnuna düşýän bu ýüki hasam agraldar.

Nähili täsir ýetirýär?

“Mundan öň, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň töleglerini jemläp aýdanymda, öň ýylda 16 manat töleýärdim. Geçen ýyl hem şeýle töledim. Nyrhlar ýokarlanandan soň häzir bir aýda men şonçarak pul tölemeli. Bir ýyl üçin bolsa indi men 145 manat tölemeli” diýip, Parahat 2 mikroraýonyndaky 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň dört otagly kwartirasynda ýaşaýan Akmuhammet aýdýar.

“Teňňede hasaplanýan bu nyrhlar göräýmäge o diýen uly pul däl. Emma ýagdaýa, soňky döwürlerde elektrik togunyň, gazyň, benziniň we beýleki sosiial ähmiýetli hyzmatlardyr önümleriň bahalarynyň galmagy bilen bilelikde baha berlende, täze kommunal hyzmatlary üçin nyrhlar köp adamlara ýeňil düşmez” diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy 40 ýaşlaryndaky Akmuhammet Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýokarda agzalan ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalary baradaky kararynyň güýje girmegi bilen S.Nyýazowyň 2000-nji ýylyň 17-nji fewralynda gol çeken “Ilata edilýän ýaşaýyş üpjünçiligi üçin nyrhlar hakyndaky” karary öz güýjüni ýitirýär.

XS
SM
MD
LG