Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reuters: ABŞ Kongresindäki demokratlar Ukraina goldawy artdyrmak üçin tagalla edýärler


Birleşen Ştatlary Kongresi
Birleşen Ştatlary Kongresi

14-nji aprelde ABŞ-nyň Demokrat kanunçykaryjylary Wekiller Palatasyna uruşdan soňky döwürde Ukrainanyň täzeden dikeldilmegi üçin maliýe kömegini, ýarag we harby enjamlary satyn almak üçin serişdeleri we karzlary, şeýle hem Russiýa garşy sanksiýalaryň giňeldilmegini göz öňünde tutýan taslamany girizidiler. Bu barada Reuters gullugy Kongresdäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

“Ukrainany Goldamak Kanuny” ady bilen tanadylan bu taslama, Reutersiň ýazmagyna görä, prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň Russiýa bilen ýaraşyk gazanmak synanşyklarynyň arasynda, Kongresde Ukrainanyň geljegi baradaky artýan aladalary görkezýär.

Mundan iki hepde öň, iki partiýanyň senatorlary, Russiýanyň urşy bes etmek boýunça çynlakaý gepleşiklerden ýüz öwürmegi ýagdaýynda, oňa garşy sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutýan kanun taslamasyny Senata hödürlediler.

“Ukrainany Goldamak Kanunynyň” Wekiller Palatasyndaky geljegi, respublikanlaryň köplükde bolmagy sebäpli, häzirlikçe näbelli. Emma bu taslamanyň tarapdarlary, onuň Kongresdäki gepleşiklere täsir edip, Ukrainanyň goldawyna degişli iki partiýaly kanun taslamasynyň taýýarlanylmagyna ýol açjakdygyna ynanýarlar. Olar, iň bolmanda, bu teklipleriň geljekki kanun taslamasyna girizilmegine garaşýarlar.

Iki partiýanyň köp sanly kanunçykaryjylary Ukrainany goldamak pikiriniň tarapynda çykyş edýärler. Trampyň administrasiýasy, häzirki wagtda Russiýa bilen gepleşiklere üns berýär, ýöne ol, Moskwa bilen ylalaşyga gelip bolmadyk ýagdaýynda, oňa garşy sanksiýalaryň we söwda paçlarynyň giriziljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG