Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ wekili Eýran bilen islendik ylalaşygyň ýadro barlaglaryna gönükdiriljekdigini aýdýar


ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff (çepte) we Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi.
ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff (çepte) we Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi.

14-nji aprelde ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff Eýran bilen gazanyljak islendik diplomatik ylalaşygyň ýurduň uran baýlaşdyrmagy we ýarag programmalarynyň barlagyna gönükdiriljekdigini aýtdy.

“Bu baýlaşdyrma programmasynyň barlagy bilen baglanyşykly bolar, soňunda bolsa ýaraglanma boýunça barlag bilen tamamlanar” diýip Witkoff Fox News telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Geçen dynç günlerinde Omanda geçirilen ilkinji ýadro gepleşiklerinden soň, Waşington we Tähran gepleşikleriň “pozitiw” we “konstruktiw” geçendigini aýtdylar.

Eýranyň Daşary işler ministrligi 14-nji aprelde, ABŞ bilen Eýranyň arasynda ikinji tapgyr gepleşikleriň 19-njy aprelde Omanda geçiriler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmaýyl Baghaeý gepleşikleriň Muskat şäherinde dowam etdiriler diýen sözlerini Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA neşiri sitirleýär.

Bu beýanat Italiýanyň daşary işler ministri Antonio Tajaniniň gepleşikleriň Rim şäherinde geçiriljekdigi baradaky beýanatyna çapraz gelýär. Tajani gyzyklanýan taraplardan gelen haýyş esasynda gepleşikleriň Rimde boljakdygyny aýypdy.

Eýran 14-nji aprelde, daşary işler ministri Abbas Arakçiniň gepleşikleriň indiki tapgyryndan öň Moskwa sapar etjekdigini hem tassyklady.

Mundan başga-da, Eýran 13-nji aprelde, Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) baş direktory Rafael Grossiniň 16-njy aprelde Eýrana sapar etjekdigini tassyklady.

Arakçi bilen Witkoff, ilkinji tapgyr gepleşiklerden soň gysgaça duşuşdylar, bu hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň öňe ilerlemegine optimizm goşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýranyň hiç wagt ýadro ýaragyny edinmezligini üpjün etmek isleýändigini aýtdy. Eýran bolsa, öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlydygyny öňe sürüp, ýurduň ykdysadyýetine zyýan ýetirýän sanksiýalaryň ýatyrylmagyna getirjek ylalaşyk isleýändigini nygtady.

Tramp, ylalaşyk gazanylmasa, Eýranyň ýadro desgalaryna garşy harby zarbalaryň boljakdygyny, bulara Ysraýylyň hem mümkin gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

Çaklamalar Eýranyň bir bomba üçin ýeterlik boljak urany bir hepdeden hem az wagtyň içinde baýlaşdyryp biljekdigini we bir aýyň içinde birnäçe bomba üçin ýeterlik urany baýlaşdyryp biljekdigini görkezýär.

Forum

XS
SM
MD
LG