Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň mugtçulyk syýasaty soňlanýarmy?


Gaz plitasy
Gaz plitasy
Türkmenistanda ilata belli bir mukdardaky gazyň, elektrik togunyň, suwuň mugt berilýändigi, beýleki bir topar harytlaryň we hyzmatlaryň ýeňillikli bahadan goýberilýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtda ýurtda azat bazar ýörelgelerine geçilýändigi, hususyýetçilige geçilmeginiň goldanylýandygy habar berilýär.

Emma döwlet eýeçiliginiň giň möçberde saklanyp galmagy, ýeriň hususy eýeçilige berilmezligi, ýokardan planlaşdyrylýan, merkezleşdirilen ykdysadyýetiň dowam etdirilmegi, bahalara we nyrhlara döwlet kontrollugynyň ýa täsiriniň güýçli bolmagy bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýär ýa yza çekýär diýen pikirler hem eşidilýär.

Käbir pikirlere görä, ýurtda hususylaşdyrma haýal barýar, hakyky iş adamlarynyň döräp, deň şertde işläp we baýap bilmegi üçin şert az, hemme ugurda döwlete, wezipeli adamlara baglylyk güýçli we bu ýagdaý ýurtdaky resurslaryň ýerlikli ulanylyşyna, baýlyk, bolçulyk döredilmegine, adamlaryň gurplanmagyna ýaramaz täsir edýär.

Bu meselede mugtçulyk syýasatynyň ýaramaz rol oýnaýandygyny, munuň sowet döwrüniň gyradeňlik, haryt bolçulygynyň, adamlaryň baýamagynyň öňüni almak syýasatynyň dowamydygyny aýdýanlar hem bar.

Daşoguzda geçen Ýaşulular maslahatynda mugt berilýän zatlaryň bisarpa ulanylmagy barada bildirilen alada, käbir pikirlere görä, Türkmenistanyň mugtçulyk syýasatyndan biraz yza çekiljegini, bu ugurdaky meselelere gaýtadan seredilmeginiň mümkindigini aňladýar.

Eýsem Türkmenistanyň mugt gaz, tok we suw syýasatynyň geljegi nähili?
Ýurtda hakyky ösüş dörtemekde, adamlaryň deň derejede gurplanyp, öz işlerini giňeldip, baýap bilmekleri mugtuçulyk syýasatynyň saklanmagyna ýa ýatyrylmagyna nä derejede bagly?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu tema bagyşlaýar. Teklipleriňize, pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG