Serbiýaly studentler 14-nji aprelde öýlän özleriniň noýabr aýynda bir otly menzilinde beton bassyrmanyň çöküp, adam ýitgilerine getirmeginden bäri, her gün diýen ýaly geçirýän protestleriniň habar berliş terzine garşy nägilelik bildirip, döwlet teleradiosynyň Belgrad we Nowy Sad şäherlerindäki edara binalarynyň öňünde ýöriş geçirdiler.
Studentler döwlet teleradiosyny – Belgraddaky Serbiýanyň teleradiogepleşikler edarasyny (RTS) hem-de, Nowy Saddaky Woýwodina teleradiogepleşikler edarasyny (RTV) özleriniň protest hereketlerini äsgermezlikde aýyplady.
“Döwlet teleradiosy biziň ählimiziň garşysyna işleýär” diýip, studentler Instagramda ýazdy. Olar RTS-iň hem-de RTV-niň edara binalarynyň daş ýüzünde çadyr dikip, petiklemäni uzaga çekdirmegi wada berdiler.
Belgrada polisiýa işgärleri ýerleşdirildi, ýöne hiç hili hadysa barada habar berilmedi.
Belgradly studentler 14-nji aprelde öňünden duýduryş bermezden sosial mediada çykyş edip, Belgradda iki ýerde RTS-i petiklemäge çagyrdylar.
Onlarça serbiýaly tigirçiniň ýurtda korrupsiýa garşy dowam etdirilýän kampaniýalara ünsi çekmek maksady bilen, şu aý 1300 kilometr çemesi ýol söküp, Ýewropa Parlamentiniň Strasburgdaky binasyna barmagynyň döwlet teleradiosynda habar berilmezligi tankyt edildi.
Protestler Nowy Saddaky otly menzilinde bir beton bassyrmanyň çöküp, 16 adamyň heläk bolmagyndan soňra başlady. Adam ýitgilerine getiren hadysa Serbiýada hökümeti korrupsiýada we geleňsizlikde aýyplaýan adamlar tarapyndan ýurt boýunça demonstrasiýalaryň guramalaşdyrylmagyny tutaşdyrdy.
Iri şäherlerde tas her gün diýen ýaly ýygnanyşyklar bolup geçýär we olara ýüzlerçe müň adam gatnaşýar. Bu hereket ‘prezident Aleksandar Wuçiçiň dolandyryşy astynda kanunyň hökmürowanlygynyň gowşamagyna we sistematik korrupsiýa’ ünsi çekýär.
Bu basyşlar premýer-ministriň wezipeden çekilmegine hem-de hökümetiň dargamagyna alyp geldi.
Serbiýanyň Milli Geňeşiniň prezidenti Ana Brnabiç 15-nji aprelde parlamentiň ýörite maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär, bu maslahatda täze hökümetiň agzalarynyň saýlanmagyna garaşylýar diýip, Geňeşiň websaýty habar berýär.
Öňki hökümetde wise-prezident wezipesini eýelän Aleksandar Wulin täze ministrleriň teklip edilýän sanawynda ýok. Wulin Russiýa Ukrainada giň gerimli çozuşa girişeli bäri Russiýa sapar edip, ýokary derejeli rus resmileri, şol sanda rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Wulin Balkanlarda rus işjeňligine mümkinçilik döretmek bilen baglylykda 2023-nji ýyldan bäri ABŞ sanksiýalarynyň astynda galýar.
Wuçiç 12-nji aprelde Belgradda öz goldawçylary bilen ýöriş geçirip, barha ýitileşýän protest tolkunlarynyň arasynda özüniň täze syýasy hereketi döretjekdigini yglan etdi.
Ol studentleriň ýolbaşçylygynda geçirilýän protestleriň ýurtda asudalyga we durnuklylyga howp abandyrýandygyny aýtdy we onuň guramaçylaryny “daşary ýurt aňtaw agentlikleri” tarapyndan töleg edilmekde aýyplady.
Wuçiç 12-nji aprelde özüniň müňlerçe goldawçysynyň öňünde eden çykyşynda häkimiýetleriň “ýurtda tertip-düzgüni dikeltmäge” girişmelidiklerini hem-de “Serbiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Konstitusiýanyň doly hormatlanylmalydygyny” aýtdy.
Ol halk üçin hem-de döwlet üçin täze bir hereketiň zerur bolandygyny aýtdy. “Sebäbi, bize 2027-nji ýyla çenli däl, 2035-nji ýyla çenli täze plan, täze güýç we täze energiýa gerek” diýip, ol belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum