Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurduň 2017-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasy, regionlaryň ählisinde durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, paýtagtda ýerleşýän seýilgähleriň durkuny täzelemek... barada maslahat edildi.
Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň 2017-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasy baradaky karara gol çekendigini, Aşgabady abadanlaşdyrmak işleriniň depginini has güýçlendirmegi tabşyrandygyny habar berýär.
Şol bir wagtda prezident döwlet býujetiniň taslamasy düzülende, önümçiligiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläpdir.
Döwlet baştutany maýa goýum mümkinçiliklerini maksada laýyk ulanmak, täze kärhanalary we goşmaça iş orunlaryny döretmek, hususy ulgamy höweslendirmek meselelerine hem aýratyn üns bermelidigini nygtapdyr. Şol bir wagtda habarda bu meseleleriň çözgüdi üçin anyk nähili serişdäniň goýberiljegi aýdylmaýar.
Türkmen lideri öňki hökümet maslahatlarynyň birnäçesinde, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklar bilen bagly,ýurtda öndürip boljak önümleri daşardan getirmezlik, daşaryk satyp boljak önümleriň öndürilişini artdyrmak, çişirilen dolandyryş ulgamyna harçlanýan serişdeleri tygşytlamak we beýlekiler barada mesele goýupdy.
Şu meseleler bilen baglylykda, golaýda Ahal welaýatynyň adminstratiw merkezinde geçirilen göçme mejlisde welaýat we etrap häkimleriniň dokuzysy çalşyryldy we iki etrap, Babadaýhan we Derweze etraplary başga etraplara birikdirilmeli edildi.
Şonda prezident welaýatyň etraplarynda «düýpli kemçilikleriň» üstüniň açylandygyny we ýolbaşçylaryň şeýle kemçilikler üçin kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny hem duýdurdy. Emma şondan bäri Ahal welaýatynda «düýpli kemçilikler» üçin işden aýrylan ýolbaşçylaryň jogapkärçilige çekilip-çekilmändigi barada resmi habar çykmady.
Şol bir wagtda welaýatlarda alnyp barylýan işleriň jemlerine bagyşlanan nobatdaky göçme mejlisleriň dowam etdiriljekdigi aýdylýar. Nobatdaky mejlis, prezidentiň Ahal welaýatyndaky mejlisde aýtmagyna görä, Balkan welaýatynda geçiriler.
Ahal welaýatynda geçirilen mejlisden öň ol ýerde ýorduň Baş prokuraturasy we Ýokary gözegçilik palatasy işleriň barşy bilen bagly töwerekleýin derňew geçiripdi.
Resmi habarda aýdylmagyna görä, gelýän ýylyň býujetinde ýurduň regionlarynyň ählisinde döwrebap düzümi döretmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, raýatlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini, abadançylygyny ýokarlandyrmak esasy ugurlar bolup galýar.
Welaýatlardan paýtagta gelip, il içinde «Gul bazary» diýlip bilinýän ýerinde günlükçilik edýän raýatlaryň käbiriniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, ýurtda indi “günlükçi işini» tapmak hem kynlaşýar. Şeýle-de olar paýtagt häkimiýetleriniň resmi ýazgy talaplary esasynda, tutulyp yzlaryna, öz welaýatlaryna iberilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
«Trend» habar gullugy türkmen býujetiniň taslamasy barada çap eden habarynda Aşgabadyň dünýäde tebigy gaz gorunyň möçberi boýunça dördünji orny eýeleýändigini, Hytaýa we Eýrana gaz satýandygyny, emma Orsýetiň 2016-njy ýylda türkmen tebigy gazyny almagyny bes edendigini ýatladýar.
Şeýle-de bu habar gullugy Türkmenistanyň esasy girdejileriniň nebit-gaz pudagy, himiýa we elektrik senagaty, gurluşyk bilen bagladygyny belleýär.
Halkara Walýuta fondunyň täzelikde eden çaklamalaryna we Merkezi Aziýadaky ýagdaýy ýakyndan synlaýan ekspertleriň pikirlerine görä, dünýäde nebit-gaz nyrhlarynyň arzanlamagy we Orsýete garşy girizilen ykdysady sanksiýalar, Hytaýyň ykdysadyýetiniň haýallamagy esasy girdejisi nebit-gaz söwdasyna bagly bolan ýurtlara, şol sanda Türkmenistana görnetin zyýan ýetirdi.
Şol bir wagtda Türkmenistanda, resmi tassyklamalara görä, 50 milliard dollarlyk iri gurluşyklaryň alnyp barylýandygy aýdylýar.