Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF türkmen ykdysadyýetine ‘gorkuly’ garaýar


Aşgabadyň Gündogar bazary.
Aşgabadyň Gündogar bazary.

Halkara walýuta fondy jemi içerki önümiň ösüşi barada ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 2015-nji ýylda 6.5% bolandan, 2016-njy ýylda 4.3 %-e çenli peseljekdigini habar berýär.

Halkara walýuta fondunyň maglumatyna görä, umuman aýdylanda, tutuş dünýäde ykdysady ösüşiň göwrümi 2015-nji ýylyň ikinji ýarymynda garaşylan möçberden pes bolup, bu yza gaýdyşlygyň şol ýylyň soňky çärýeginde hasam göze ilendigi aýdylýar.

Şol yzagaýdyşlygyň esasanam ABŞ we Ýaponiýa ýaly ösen ýurtlaryň ykdysadyýetinde emele gelendigi mälim edilip, Orsýetiň ykdysadyýetindäki çökgünligiň bolsa garaşylan ýagdaýa laýyk peselendigi aýdylýar.

Hasabatda aýratynam Orsýetiň ykdysady haýallamasynyň postsowet ýurtlarynyň ählisine öz täsirini ýetirendigi aýdylyp, agzalýan regionyň ykdysady ýagdaýlaryna ýangyjyň bahasynyň peselmeginiň hasam uly urgy urandygy habar berilýär.

Postsowet giňişliginiň agzasy bolan Türkmenistan diňe bir Orsýetde dowam edýän ykdysady çökgünligiň ýaramaz täsirine uçraman, eýse ýangyjyň bahasynyň aşak gaçmagynyň täsiri bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.

Halkara walýuta fondunyň hasabatynyň bu ýagdaýlaryň adamlaryň iş bilen üpjünçiligine nähili täsir ýetirjegi baradaky kategoriýasynda Türkmenistana degişli hiç hili statistiki maglumat berilmeýär, emma soňky döwürde ýurduň içinden gowuşýan habarlar bu ugurdaky kynçylyklaryň hem barha göze ilýändigini görkezýär.

Geçen anna güni geçiren hökümet maslahatynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, takyk sebäbini aýan etmese-de, ykdysady pudaga degişli iki ministri we ençeme maliýe edaralarynyň başlyklaryny wezipeden boşatdy.

Berdimuhamedowyň sözlerinden çen tutulsa, ýakyn wagtda dürli edaralaryň öz işgär sanyny hem azaltmagy mümkin, sebäbi prezident işgärleriň sanynyň gereginden köpdügini aýdyp, bu ýagdaýdan nägilelik bildirdi.

Şol bir wagtyň özünde-de prezident garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri mugt berlip gelinýän käbir mugt hyzmatlaryň ýatyrylmak mümkinçiligi barada hem durup geçdi: ”Garaşsyz döwletimiz kemala gelip başlanda, ilatyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilen we häzir bolsa özüni ödemeýän köpsanly ýeňillikler hem hereket edýär, ynha, bu ýeňillikler bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýär”.

Halkara walýuta fondunyň 12-nji aprelde çap eden hasabatyna gaýdyp gelsek, şol raportda Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde garaşylýan yza gaýdyşlyk baradaky maglumat, Aziýa Ösüş bankynyň Aşgabada 1 milliard dollar karz pul bermegi göz öňünde tutýandygy baradaky habaryň ýz ýany mälim boldy.

Aziýa Ösüş bankynyň günbatar we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň direktory Sean O Sullivan-a salgylanylyp, Azerbaýjanyň ”Trend” habar agentliginiň 8-nji aprelde çap eden maglumatyna görä, bu serişde Türkmenistanyň transport we energiýa ulgamyna göýberiler.

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanyň içerki önüminiň ösüşi bilen baglanşykly halkara walýuta fondy tarapyndan öňe sürlen bu çaklama, ýurduň ykdysady durumynyň 2017-nji ýylda hem o diýen özgermejegini görkezýär.

Sebäbi jemi içerki önümiň ösüşi 2015-nji ýylda 6.5% bolan bolsa, ol 2016-njy ýylda 4.3%-e barabar bolar we 2017-nji ýylda bolsa onuň 4.5% boljakdygy çaklanýar. Umuman aýdylanda, regionyň ykdysady ýagdaýynyň gelejegi Orsýetde dowam edýän ykdysady çökgünlik we Hytaýda dowam edýän ykdysady durgunlyk bilen baglanyşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG