Türkmenistan penşenbe güni, «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» aýynyň soňlanmagy we Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli, ýurduň her welaýatynda 100 gün dowam etjek atly ýörişe badalga berdi.
Türkmen telewideniýesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüne gönükdirilen aýdym-sazlaryň we alkyş sözleriniň astynda dabara gatnaşyp, ilki Saglyk ýodasynda, soň welosiped ýörişinde çärelere goşulandygyny, ýöriş üçin seçilen 17 aty gözden geçirip, olara ak pata berendigini habar berýär.
Prezident Berdimuhamedow Aşgabadyň etegindäki taryhy Nusaý galasynyň ýanynda guralan dabarada eden çykyşynda bu ýörişi habar serişdelerinde beýan etjek döredijilik işgärlerine, alymlardan, jemgyýetçilik wekillerinden düzülen topara hem üstünlik arzuw etdi. Ol bu çäräniň ýurt abraýyna abraý goşmagyny arzuwlap, şeýle diýdi:
«Goý, dünýäniň sport äleminde, gülläp ösýän ýurt hökmünde, eziz watanymyz hem-de türkmen sportyň abraýy has hem belende götersin» diýip, prezident aýtdy.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maglumatyna görä, ýerli wagt bilen sagat 17.00-da başlanan atly ýöriş 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açyljak gününde tamamlanar.
Frans-pres habar gullugy türkmen režiminiň häzir öz bäş milliondan gowrak ilatyna sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek üçin ägirt uly propaganda tagallasyny edýändigini ýazýar.
Penşenbe güni bir aýa çeken «sagdynlyk we bagtyýarlyk» aýy tamamlandy. Döwlet telewideniýesi bu aýyň dowamynda yzygiderli sport maşklaryny edýän býujet işgärlerini, studentleri we okuwçylary görkezdi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlislerinde 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde, Aşgabady abadanlaşdyrmak hakynda yzygiderli gürrüň edilýär.
Mundanam başga, Aşgabadyň töweregindäki Çoganly, Şor posýoloklarynda müňlerçe ýaşaýyş jaýy ýykyldy.
Frans-pres habar gullugy hukuk toparlarynyň «berk awtoritar ýurt» bolan Türkmenistanyň bu oýunlara görýän taýýarlygy bilen bagly eýýäm alada bildirendigine ünsi çekýär.
Mysal üçin, adam hukuklaryny goraýan «Amnesty International» guramasy hemra arkaly alnan suratlara salgylanyp, geçen ýyl 50 müň ýa-da ondan hem köp adamyň, Aşgabatda geçiriljek oýunlara degişli gurluşyklar zerarly, zor bilen öýünden göçürilendigini aýtdy.
Halkara Adam hukuklary federasiýasy bilen adam hukuklaryny goraýan Türkmen inisiatiwasy topary adamlaryň jaýlaryny öňünden habar bermän we alternatiw jaý hödürlemän ýykmagyň BMG-niň halkara ykdysady, sosial we medeni hukuklar baradaky paktyna garşy gelýändigini, Türkmenistanyň bu pakta goşulan ýurtdygyny ýatladyp, Aşgabat şäheriniň häkimine açyk hat çap etdi. Emma türkmen häkimiýetleri bu hata açyk reaksiýa bildirmediler.
Badalga berlen atly ýöriş barada çykan habarlarda Türkmenistanyň 2014-nji ýylda Orsýetde, Soçide geçen Gyşky olimpia oýunlaryna hiç bir atlet ibermändigi ýatlanylýar.
Şol bir wagtda Türkmenistanyň öz liderleriniň, prezident Berdimuhamedowyň we ozalky ömürlik prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultlaryny döretmekde meşhurdygy, ýagny olaryň ikisine-de merkezi Aşgabatda altyn çaýylan heýkel dikilendigi aýdylýar.