Balkan welaýatynda süýşýän ýa-da göçýän çägeleriň Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän käbir obalara howp abandyrýandygy habar berilýär. Maglumata görä, süýşýän çägeler sebäpli bu welaýatdaky obalaryň birnäçesi - tutuş oba ilaty bolup başga sebite göçmeli bolupdyr.
Azatlyk Radiosy bu obalar we olara abanýan howp barada, häzirki wagtda Balkan welaýatyna sapar edýän aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.