Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň tükeniksiz kadr çalşygy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Şu günler Türkmenistanyň prezident administrasiýasynyň başlygy Şamuhammet Durdylyýewiň we Aşgabat şäher häkimliginiň resmileriniň ýagdaýynyň örän dartgynly we başagaý bolmagy ähtimal.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda olara “berk käýinç” yglan etdi. Türkmenistanda prezidentiň döwlet ýolbaşçylaryna berk käýinç bermegi, gowy döwürlerde ölüm jezasyna barabar. Emma häzir welin, o diýen gowy döwürler däl bolsa gerek...

Esasan tebigy gazyň eksportynyň hasabyna ýaşaýan Türkmenistan hem häzir, edil beýleki merkezi aziýa ýurtlary ýaly, çynlakaý ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Mundan başga-da, Türkmenistan bu meselede açyk gürrüň etmäge islegli bolmasa-da, ýurduň Owganystan bilen serhediniň owgan tarapynda söweşleriň güýçlenmegi bilen bagly aladalanmalar artýar.

Onsoň, bu problemalar toplumynyň günäsini ýokary derejedäki jogapkär adamlardan biri öz boýnuna çekmeli. Ýöne Türkmenistanda prezident diýlen adam diňe bir iň hökmürowan adam bolman, eýse şol bir wagtyň özünde ol hiç haçan ýalňyş goýbermeýän adam diýlip düşünilýär. Türkmenistanda ýurtdaky problemalar hiç haçan iň ýokardaky jogapkär adamynyň günäsi bolup bilmeýär.

Ýakynda tanymal Dr. Luka Ançesçi ikimiz Twitter sosial ulgamynda resmileriň eýeleýän wezipesinden boşadylmagy boýunça gürrüň etdik. Şeýle-de, biz öz wezipesinden boşadylan jogapkär adamlaryň sanawyny düzmegi ylalaşdyk. Ýagny, ol resmiler kimlerdi we öň nähili wezipeleri eýeläpdiler?

Pälwan Taganow 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Berdimuhamedow Taganowa “onuň ýolbaşçylyk eden döwründe ministrliklerde we edaralarda iş düzgün-tertibiniň gowşandygyny, ýokary derejeli resmileriň arasynda, hususan-da, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň çäklerinde para-peşgeş alynýanlygynyň üstüniň açylandygyny” aýdyp, 5-nji fewralda ony eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanda ýokary derejeli resmileriň köpçüligiň öňünde kemsidilmegi, olaryň wezipeden boşadylmagynyň bir bölegine öwrüleni sebäpli, Berdimuhamedow Taganowa “Häziriň özünde gidip bilersiň” diýdi.

Taganowyň bu wakadan birnäçe gün soň tussag edilendigi aýdylýar. Şonda onuň deregine, şu makalanyň başynda berk käýinç alan Durdylyýew wezipä bellenildi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligindäki ýokary wezipeli adamlar kimler?

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministriniň orunbasary Resulmyrat Meredow şu ýylyň 2-nji fewralynda, ýagny Taganowdan ozal wezipesinden boşadylypdy. Söwda we daşary ykdysadyýet ministri Baýar Abaýew, ykdysadyýet we ösüş ministri Ýoldaş Şeripow we Döwlet salgyt gullugynyň başlygy Şatlyk Hümmedow dagylar 8-nji aprelde öz eýeleýän wezipelerinden boşadyldylar. Bu biraz täsin bolsa-da, şondan soň Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýetiniň 2016-njy ýylyň birinji çärýeginde gowy netije berendigini aýtdy.

2-nji martda Milli howpsuzlyk ministri Güýçgeldi Hojaberdiýew özüniň saglyk ýagdaýy sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadylmagyny sorady. Şol bir wagtda, ýanwar aýynda Berdimuhamedow Hojaberdiýewi tankyt edensoň, onuň wezipesinden boşadyljakdygy barada eýýäm myş-myşlar bardy.

Ýeri gelende bellesek, Hojaberdiýew şol wezipede diňe 2015-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri oturdy. Ol mundan ozal prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy gorag gullugynyň baştutany bolup işläpdi.

Berdimuhamedow Hojeberdiýewiň ”haýyşyny kabul etdi” we soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy general-leýtenant Myrat Yslamowy wezipesinden boşatdy. Şonda prezident içeri işler ministriniň orunbasary Ýazdurdy Söýegowa we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Meýlis Nobatowa hem berk käýinç berdi.

Ýanwar aýynyň başynda Berdimuhamedow Ilaty durmuş taýdan goramak ministri Bekmyrat Şamyradowy hem wezipesinden boşatdy. Şonda türkmen prezidenti ýurduň senagat ministri Saparmyrat Orazmyradowy hem “başga işe geçýändigi sebäpli” diýen kesgitleme bilen wezipesinden boşatdy.

Şol kadr çalşygy döwründe nebit-gaz ministri Muhammetnur Halylew we Lebap welaýatynyň häkimi hem wezipesinden boşadyldylar.

Adalat ministri Begmyrat Muhammedowa hem ýanwar aýynda käýinç yglan edildi, emma ol häzirlikçe wezipesinden boşadylanok.

Şu ýyl Türkmenistanda wezipesinden boşadylan ýokary derejeli resmileriň arasynda: Döwlet statistika gullugynyň başlygy Akmyrat Mämmedow (mart aýynda), Medeniýet işleri boýunça wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa (aprel aýynda), Aşgabat şäher häkiminiň orunbasary G.Garaýew (aprel aýynda), Aşgabat şäher polisiýasynyň başlygy (fewral aýynda) we 12 sany etrap häkiminiň (ýanwar aýynda) atlary bar.

Depesinden “Demoklyň gylyjy”, ýagny aýylganç howp-hatar sallanyp duran beýleki ýokary derejeli resmileriň arasynda kommunal hyzmatlar ministri Kakageldi Gurbanowyň, Aşgabat şäher häkimi Myratnyýaz Abylowyň, Aşgabadyň baş prokurorynyň, ýurduň Neşä garşy göreş boýunça gullugynyň başlygy, Döwlet Teleradio we kinomatografiýa gullugynyň başlygynyň, Döwlet sertifikasiýa gullugynyň başlyklarynyň atlary bar. Çünki olaryň käbirine ýanwar, käbirine-de fewral aýynda berk käýinç yglan edildi.

Bu dartgynly wakalaryň ählisi şu ýylyň ilkinji 115 gününiň dowamynda bolup geçdi. Şu ýylyň tamamlanmagyna bolsa, ýene 250 gün çemesi wagt bar…

XS
SM
MD
LG