Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

P.Sorbello: Türkmenistanyň çaýkanmagy mümkin


Aşgabatlylar
Aşgabatlylar

Geçen anna Türkmenistanyň prezidenti “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip, ýurduň ykdysadyýet we ösüş ministrini, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini we Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygyny wezipelerinden boşatdy.

Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyz döwletimiziň kemala gelip başlan döwürlerinde ilatyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilen, häzir bolsa özüni ödemeýän köp sanly ýeňillikler hem hereket edýär” diýip, soňra-da “Bu ýeňillikler bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýär, býujet çykdajylarynyň artyk harçlanmagyna getirýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýse, dünýäniň we regionyň häzirki şertlerinde prezident Berdimuhamedowyň ýurduň ýokary derejeli ykdysady resmilerini wezipesinden aýyrmagy we “ýeňillikli berilýän hyzmatlaryň özüni ödemeýändigi” baradaky çykyşy nämäni aňladyp biler?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu soraglar bilen gyzyklanyp, “Convway Bulletin” neşiriniň redaktorynyň orunbasary Paolo Sorbello bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Paolo, Türkmenistanda resmileriň wezipelerinden aýrylmagy we munuň anyk sebäpleriniň aýan edilmezligi eýýäm adaty bir zada öwrüldi. Emma, edil häzirki gün nazara alnanda, bu ädimi nähili häsiýetlendirip bolar?

P.Sorbello: Hawa, resmileriň edil şu günki gün wezipelerinden boşadylmagy diýseň gyzykly. Bilşimiz ýaly, häzir Ýewropa Parlamentinde Türkmenistan bilen Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşyp-baglaşmazlyk meselesine seredilýär.

Üstesine-de, resmiler wezipesinden “öz goýberen kemçilikleri” diýen kesgitleme bilen aýrylýar. Türkmen häkimiýeti bu ýagdaýlary hiç haçan döwlet gurluşyndaky bolup biläýjek meseleler bilen baglanyşdyrmaýar.

Berdimuhamedow bar günäni bu adamlaryň üstüne atyp, “belanyň körügi şularda, ykdysadyýetimizde hiç hili mesele ýok” diýen bir pikiri öňe sürýär. Ol korrupsiýa barada-da dil ýarýar, emma onuň göwrümleri, anyk ýagdaýlar barada maglumat bermeýär.

Garaz, “işde goýberilen kemçilikler”, “korrupsiýa”... bularyň barysy birini işden boşadyljak bolnanda ulanylýan elýüzde ýatan “bahanalar”.

Ýatlap geçsek, mart aýynda ýurduň Statistika gullugynyň başlygy “galp maglumatlary bermekde” aýyplanyp, wezipesinden aýryldy. Munuň yz ýany ýurduň Milli howpsuzlyk ministri we Serhet gullugynyň ýolbaşçysy hem wezipelerinden boşadyldylar.

Eger-de häzir wezipelerinden aýrylan resmileriň aňyrsyna seretsek, olaryň bary hem häzirki režime ygrarly emeldarlardy. Ýöne, türkmen režiminiň tebigaty göz öňünde tutulanda doly ynam bilen anyk hiç zady aýdyp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Prezident Berdimuhamedow – ozallar arşa galdyrylan – mugt hyzmatlaryň hem “bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýändigini” aýtdy. Muňa nähili düşünse bolar?

P.Sorbello: Häzirki döreýän ýagdaý prezident Berdimuhamedowyň öz ýagdaýyny kynlaşdyryp biler. Sebäbi ol “size hyzmatlar mugt berilýär” diýip, häzire çenli hut edenini edip gezdi.

Ýöne, görnüşine görä, indi ýagdaýlar üýtgeýär. Geçen ýyl muny Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar aýdan bolsa, bu ýyl prezidentiň hut özi ýurtdaky mugt hyzmatlaryň “bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýändigini” aýdýar.

Häzir ýagdaýlaryň çaýkanaýmagy-da ähtimal. Türkmenistanlylaryň şu günki günüň şertlerinde ozal mugt bolan hyzmatlaryň bahasyny tölemek islegleriniň bolmazlygy ähtimaldyr. Meniň pikirimçe, häzir kabul edilýän kararlar Türkmenistandaky ýagdaýlary üýtgeder.

Azatlyk Radiosy: Paolo, siziň özüňiz ykdysadyýetçi. Prezidentiň aýdyşy ýaly, bu mugt hyzmatlar dogrudan hem bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýärmi?

P.Sorbello: Ýok. Meniň pikirimçe, bu kesgitleme diňe bir perde hökmünde ulanylýar. Türkmenstanyň entekler bazar ykdysadyýetine geçjekdigini hatda çaklamagam kyn.

“Men bazar ykdysadyýetine geçjek” diýeniň bilen, ýagdaýlar öz-özünden üýtgäberenok. Bu bir diňe hyýal.

XS
SM
MD
LG