Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň we olaryň gündogarly alty goňşusynyň Rigada geçirýän duşuşygynyň tekstine soňky pursatda girizilen goşmaça Gürjüstan, Moldowa we Ukraina üçin gowy habar bolup biler.
“Ýewropa tarap ymtylmagy we Ýewropany saýlamagy” agzaýan täze sözlem 21-22-nji maýda Latwiýanyň paýtagty Rigada geçýän Gündogar partnýorlyk sammitiniň öňüsyrasynda Brusselde geçirilen gepleşiklerden soň gelindi.
Munuň bilen “partnýor” ýurtlaryň günleriň birinde Ýewropa Bileleşigine agza bolmagyna bildirilýän umytlaryň başa barmagy bilen bagly uzaga çeken ýagdaýyň aradan aýryljagyna meňzeýär.
Häzirki wagtda tekstde “Sammite gatnaşýanlar partnýor ýurtlaryň Ýewropa tarap ymtylmalarynyň we Ýewropany saýlap almagynyň assosiasiýa baradaky ylalaşykda görkezilişi ýaly nazara alnandygyny tassykladylar” diýip aýdylýar.
Gündogar partnýor diýlip atlandyrylýan ýurtlar Ermenistany, Azerbaýjany, Belarusy, Gürjüstany, Moldowany we Ukrainany öz içine alýar.
Deklarasiýada agzalan mazmunly sözlemiň bolmazlygy Tbilisini, Kişinýowy we Kiýewiň nägileligini döredipdi.
Ýewropa Bileleşiginiň käbir demirgazyk agzalary Litwanyň, Polşanyň we Şwesiýanyň soňky hepdelerde bu ugurdan basyş edendigi habar berilýär.
Soňky üýtgeşikligiň girizilmeginiň tarapdarlary Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriniň arasynda gelnen ylalaşyga görä, häzirki tekstiň Gündogar Partnýorlygynyň 2013-nji ýylda Wilnýusda bolan sammitde kabul edilen deklarasiýadan köp tapawutlanmaly däl.
Şu hepdede bolan sammitiň teksti Wilnýusdaky sammitiň deklarasiýasyny ýada salýar.
2013-nji ýylda Litwada bolan sammitden bäri Orsýet Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp aldy we öz düzümine goşdy, şeýle-de Ukrainada hem beýleki postsowet ýurtlarynda separatistleri ojükdirmegini dowam etdirýär.
Üç ýurduň Ýewropa Bileleşigine tarap ýoluny dowam etdirmegine ýykgyn edýän Germaniýanyň we Fransiýanyň deklarasiýa goşmaça girizmegiň tarapynda çykyş edendigi we Ýewropa Bileleşiginiň hem partnýorlaryň “özalky sammitlerde we ikitaraplaýyn ylalaşyklarda gelnen borçnamalar ugury bilen gitmäge berk isleg bildirýändigini” aýdandygy habar berilýär.
Deklarasiýada ÝB-niň komissiýasynyň indiki ädimleri ätmekden ozal şu ýylyň aýagyna çenli bu ýurtlaryň adalat sistemalaryndaky öňegidişlige syn edip bilýändigi görkezilmeli.
Frans Press agentligi (AFP) we beýleki çeşmeler Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krymy anneksiýa etmegi meselesi babatynda ÝB-niň Ermenistan we Belarus bilen arasynda gapma-garşylygyň bardygy, şu sebäpden deklarasiýada şol wakalary bikanun diýip häsiýetlendirmekden saklanylýandygyny habar berdiler.
Ýewropa Bileleşiginiň we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar Ukrainadaky krizisyň üstünde ençeme sapar synag astyna düşdi. Günbatar Orsýeti tankyt etdi, ÝB we ABŞ Moskwa garşy ykdysady sanskiýalaryň ençemesini girizdi.