Aşgabady abadanlaşdyrmak işiniň çäginde Parahat 2/1 mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň käbirlerindäki çanak antennalarynyň kabelleri kesilýär. Jaýlaryň diwarlary reňklenip başlananda, häkimiýet wekilleri tarapyndan olaryň ýüzünde asylan antennalar hem aýrylypdy.
Şonda bu antennalaryň eýeleri olary ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerine geçiripdiler. Häkimiýet wekilleriniň özleri hem muňa garşy bolup durmandylar. Olar, kabel telewideniýesiniň simleri çekilýänçä, antennalary üçekde goýmaga rugsat hem beripdiler.
Emma häzir welin, kabel telewideniýesiniň kabelleri çekilmezden öň çanak antennalary aýrylýar. Şol sebäpden Parahat 2/1 mikroraýonynyň ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň ýaşaýjylary asla telewideniýesiz galdylar. Geçen hepdäniň çarşenbe güni ýerli häkimiýetler tarapyndan ýaşaýjylaryň antennalaryndan öýlerindäki týunerlerine barýan kabeller kesilip başlandy.
Parahat 2/1 mikroraýonynyň käbir ýaşaýyş jaýlaryna kabel telewideniýe diýip atlandyrylýan telewideniýe çekilen bolsa, olaryň köpüsine bu entek bu telewideniýäniň kabelleri çekilmändir. Käbir jaýlarda şol telewideniýäniň kabelleri çekilende bolsa, ol entek agzalýan telewideniýe hyzmatyna birikdirilmändir.
Kabel telewideniýe
Mälim bolşy ýaly, kabel telewideniýesini ýurduň "Türkmentelekom" we Aşgabat telefon ulgamy (AşTU) döwlet edarasy çekýär. "Türkmentelekomyň"” kabel telewideniýesiniň hyzmaty, üçekde üç-dört sany çanak antennasy goýlup, şolardan her ýaşaýjynyň öýüne kabel çekmek arkaly üpjün edilýär.
AşTU-nyň kabel telewideniýesi ulanyjylara ýörite optik-süýümli kabeller arkaly çekilýär. Bu kabeller ýokary hilli HD formatly telekanallara tomaşa etmäge hem-de AşTU-nyň hödürleýän ADSL internediniň hiliniň hem gowulanmagyny üpjün eder diýip, bu edaranyň işgärleri adýarlar.
Emma AşTU-nyň optik-süýümli kabelleri ýaşaýyş jaýlarynyň käbirlerine çekilen-de bolsa, häzirlikçe ulanyjylar bilen kabel telewideniýesini arasy birikdirilmändir. Şol sebäpden häzirki wagtda ýaşaýjylar telewideniýesiz galdylar.
AşTU-nyň IPTW diýip atlandyrylýan bu telewideniýesine adaty telefon liniýasy arkaly hem birigip bolýar. Aýda abonent tölegi 10 manat bolan IPTW-de 100-e golaý telekanal bar. Emma häzirki wagtda adaty telefon liniýasy arkaly hem AşTU-nyň bu hyzmatyndan peýdalanyp bolmaýar.
AşTU-nyň müşderilere hyzmat edýän nokadynda habar berişlerine görä, eýýäm birnäçe aý bäri AşTU-nyň IPTW we ADSL internedine müşderi birikdirilmeýär. Bu edaranyň müşderileriniň sanyny köpeltmäge tehniki mümkinçiliginiň ýokdugy habar berilýär.
Elbetde, eýýäm birnäçe gün bäri telewideniýesiz oturan ýaşaýjylaryň arasynda bu ýagdaýdan nägileligni bildirp, häkimiýetler bilen konflikte girýänleri hem bar.
Emma häkimiýet wekilleri, hukukgoraýjy organlara tussag etdirjekdiklerini aýdyp, nägilelik bildiren ýaşaýjylara haýbat atýarlar. Ýaşaýjylar bilen ýüze çykýan konfliktleri häkimiýet wekilleriniň özleri mobil telefonlaryna wideoýazga alýarlar.
Düýn edil şunuň ýaly ýagdaý Parahat 2/1 mikroraýonynyň 21-nji jaýynyň golaýynda ýüz berdi. Şol jaýyň üç sany aýal ýaşaýjysy bilen häkimýet wekilleriniň arasynda çanak antennalarynyň kabellerini kesendikleri üçin konflikt ýagdaýy ýüze çykdy.
Paýtagtyň aglaba raýonlarynda alnyp barylýan häzirki abadanlaşdyryş işleri 2017-nji ýylda geçiriljek Aziada oýunlaryna taýýarlygyň çäginde amala aşyrylýar.