Türkmenistanda ýylyň başynda manadyň hümmetiniň 22% çemesi pese düşmeginiň yzýany, benziniň bahasy 60% ýokarlanyp, azyk, senagat önümleri gymmatlaýarka bu ýagdaý barada ýerli habar beriş serişdelerinde düýpden maglumat berilmeýär, resmi taýdan düşündiriş berilmeýär. Hatda Türkmenistanyň hökümeti 5-nji ýanwarda geçiren wideo şekilli iş maslahatynda-da manadyň hümmetini gowşatmak barada öz resmi kararyny we onuň ykdysady netijelerini agzamady.
Bu ýagdaý Türkmenistanyň ilatyna nähili täsir ýetirýär?
Azatlyk Radiosy bu sowaly Aşgabadyň ýaşaýjysy ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.