Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manadyň hümmetini ýitirmegine sebäp näme?


Türkmen manady we amerikan dollary
Türkmen manady we amerikan dollary

Türkmenistanyň milli puly - manadyň hümmetiniň dollara garanda peselmegi şu günler türkmenistanlylary iň köp alada goýýan meseleleriň biri bolsa gerek. Türkmenistanyň Merkezi banky manadyň dollar babatynda çalşyk derejesini 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek üýtgetdi. 1-nji ýanwardan başlap bir amerikan dollary resmi derejede 2.85-e manada derek 3.50 manat diýlip yglan edildi.

Manadyň hümmetiniň peselmeginiň aňyrsynda nähili sebäpler ýatyr?

"Eurasia.net" neşiri Türkmenistanyň milli pulunyň dollara gatnaşyk derejesini resmi taýdan peseltmek kararyny geçen ýyl Gazagystanyň öz milli puly teňňäniň hümmetini 19% aşaklatmak çäresi bilen deňeşdirip, munuň Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryna mahsusdygyny we onuň geçen ýyl Orsýetdäki maliýe taýdan pese gaçyşyň täsiri bilen baglanyşykly ýüze çykan prosesdigini belleýär. Orsýetiň rubly geçen ýylyň aýagynda öz hümmetiniň 45%-e golaýyny ýitiripdi.

Şol bir wagtda-da, ”Eurasia.net” neşiriniň bellemegine görä, Türkmenistan regionda eksport ugrundan Orsýete iň az garaşly ykdysadyýetli ýurtdur. Şol sebäpdenem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň walýutalarynyň arasynda 2014-nji ýylda öz hümmetini durnukly saklap bilen ýeke-täk milli pul diňe türkmen manadydyr.

Manadyň durnuklylyk tejribesi

Türkmenistanyň milli pulunyň bir amerikan dollaryna 2.85 derejesinde kesgitli hümmeti 2009-njy ýylda yglan edilip, ol bäş ýylyň dowamynda şol bir durkunda saklandy. Türkmen hökümeti 2009-njy ýylda manadyň daşary ýurt walýutasyna durnukly, kesgitli kursuny milli puluň denominasiýasy we täze puluň dolanyşyga girizilmegi ýaly çäreler bilen bilelikde ornaşdyrypdy.

Merkezi bankyň 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň hümmetini peseltmek we onuň bir amerikan dollaryna 3.50 türkmen manady möçberinde çalşyk kursuny girizmek karary bilen bir wagtda ýurtda benziniň nyrhy hem 60% ýokarlandy.

Türkmenistandaky ykdysady özgerişlikleriň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär.

Bolup biläýjek sebäpler

”Eurasia.net” neşiri, maglumat ýetmezçiligine salgylanyp, ýagdaýy düşündirip biläýjek sebäpleriň biriniň nebitiň bahasynyň pese gaçmagy bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Çig we işlenen nebit türkmen eksportynyň ondan bir bölegini emele getirýär, ýurduň eksportynyň 80%-ni düzýän gazyň bahasy hem peselýär, emma bu ýurduň esasy gaz müşderisi bolan Hytaý bilen aradaky uzak möhletleýin şertnamalara täsir etmeli däl diýlip, maglumatda bellenilýär.

Eurasia.net neşirine görä, türkmen pulunyň hümmetiniň gaçmagyna sebäp bolup biljek ýene bir ýagdaý - hökümetiň ýurduň söwda ugurlarynyň özgermegine strategiki taýdan ýardam bermek maksady bilen manady hümmetsizlendiren bolmagy-da ähtimal.

Şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýeti Hytaýa tebigy gaz resurslaryny satmaklyga daýanýar we bu bolsa öz gezeginde ýurdy Pekiniň koloniýasyna meňzedýär diýip, ”Eurasia.net” ýazýar.

Emma agzalan neşiriň öňe sürýän çaklamalarynda türkmen hökümetiniň manadyň hümmetini peseltmek kararynyň arkasynda has ýönekeý sebäbiň ýatan bolmagynyň hem mümkindigi bellenilýär. Parahorluga ýykgyn edýän hökümetiň manady goldamak üçin ýeterlik nagt puluň ýetmezçiligini duýup, manadyň hümmetini pese gaçyrmak kararyna gelen bolmagy, şeýle-de Gazagystanda teňňäniň hümmeti pese gaçanda dörän durnuksyzlyk ýaly ýagdaýyň Türkmenistanda döremejegine ynam baglaýan bolmagy-da mümkin diýip, ”Eurasia.net” ýazýar.

Geçen ýylda Türkmenistanda ilata berilýän sosial ýeňillikleriň ençemesi ýatyryldy. Geçen ýylyň dowamynda graždanlara belli bir mukdarda mugt benzin bermek düzgüni ýatyryldy, gaz mugt bolsa-da, ýaşaýyş jaýlarda gazy ölçeýji gurallar oturdyldy. Elektrik togunyň bahasy ýokary galdyryldy.

Ilkinji alamatlar

Türkmen manadynyň hümmeti bilen bagly käbir üýtgeşiklikler geçen ýylyň noýabr aýynda hem emele gelipdi, şonda manadyň amerikan dollaryna gatnaşygy boýunça hökümetiň öňden kesgitlän 2.85 möçberdäki resmi kursy wagtlaýynça saklanan hem bolsa, “gara bazar” döräp, dollaryň elde satylýan bahasy 3 manada ýetipdi. Bu ýagdaý hökümetiň pul çalşyk nokatlarynda ýeterlik möçberde dollaryň bolmandygy, dollar satyn almak isleýänlere propiska ýaly çäklendirmeleriň girizilmegi bilen baglylykda ýüze çykypdy.

XS
SM
MD
LG