Kerpiçden gurlan bir gatly jaylar, umuman aýdylanda aswaltlanmadyk köçeler we çölüň bir gyrasynda ýerleşýän merkez bolan Mary welaýatynyň Ýolöten etraby, göräýmäge, adaty türkmen obalarynyň biri.
Emma soňky ýyllaryň dowamynda bu obanyň ykbalyna aýgytly täsir ýetirip biljek käbir täzelikler ýüze çykdy. Ýagny, bu etrapda dünýäniň iň uly gaz gorlaryndan biri tapyldy!
Britaniýanyň Gaffney, Cline and Associates atly guramasynyň maglumatyna görä, tapylan şol gazyň möçberi 4-14 trillion kubometer aralygynda.
"Baýlyk"
Ýolötende tapylan gaz gory dünýäniň 5-nji iň uly gaz ýatagy diýlip hasaplanýar, başgaça aýdylanda, Ýolöten dünýäniň bäşinji iň uly gaz ýatagynyň üstünde otyr. Bu baýlyk, ilat sany diňe 120 müň töweregi diýlip çaklanylýan bu etrabyň ykbalyny däl, tutuş ýurduň ykbalyny özgertmäge ukyply.
Emma, muňa garamazdan, ýolötenlileriň durmuşyna öz etraplarynda dünýä möçberindäki baýlygyň tapylmagy asla täsirini ýetirenok. Şeýlelikde bu obanyň ilaty hem Türkmenistanyň islendik beýleki obalarynyň ýaşaýjylarynyň uçraýan problemalaryna uçrap, şol kynçylyklar bilen başagaý.
Problemalaryň iň esasysy – işsizlik. Oňa Ýolötende “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi” edarasynyň öňüne barsaň, aýratyn hem gowy göz ýetirmek mümkin. Men bu edaranyň öňünde 50-60-a golaý adam gördüm, olaryň ählisi-de iş gözläp baran ýolötenlilerden ybaraty.
Işsizlik
Olardan käbirleri ýakynda gurlup, ulanmaga berlen ”Osman zawodlar toplumynda” işe girmek üçin özleriniň 4-5 aýdan bäri bu edaranyň gapysyny saklaýandyklaryny, ýöne henize çenli ýollarynda hiç hili ýagtylygyň görünmeýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.
Iş bilen üpjünçilik edarasynyň öňünde nobata duran adamlardan käbirleri şeýle gürrüň berýärler: “Haçan alynjagy belli bolmadyk iş orunlaryna nobata durmak meselesi gaty çylşyrymly. Adamlar ilki bilen iş bilen üpjünçilik edarasyna anketa dolduryp berýärler, yzyndanam etrapdan 40-45 kilometer uzaklykda ýerleşýän şol edara baryp, ol ýerde hem täzeden nobata durmaly bolýarlar”.
Anketa tabşyrlandan soň hem şol tagallanyň haçan netije berjegi anyk däl.
“Meniň oglumyň anketasyny tabşyranyma näçe wagt boldy, emma häzir şol anketa ýitirilene çemeli, maňa anketany täzeden doldur diýdiler” diýip, özüni Patma diýip tanadan ýolötenli ene gürrüň berýär.
Ilaty iş bilen üpjün edýän edaranyň işgärleriniň bolsa bu meselede öz garaýyşlary bar. Bu edaranyň öz adynyň agzalmagyny islemedik bir işgäri Azatlyk Radiosyna: “Biz anketa dolduryp berenleri edara-kärhanalara hödürleýäris, haýsydyr bir arzany kabul edip-etmezlik olaryň özüne degişli” diýip, bu meselede höküm sürýän ýagdaý barada gürrüň berdi.
Mümkin sebäpler
Oba ýaşaýjylarynyň işe kabul edilmezligine sebäp diýlip görkezilýän ýagdaýlardan biri hem olaryň bilim derejesi bilen bagly. Ýolöteniň ýaşaýjylarynyň aglabasy daýhançylyk bilen maşgala ekleýän adamlar, bu ýerde ýokary bilimli we eli hünärli adamlaryň sany az.
Bu hem, agzalýan edaranyň işgäriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyndan çen tutulsa, olaryň işe kabul edilmezliginiň sebäplerinden ýene biri. Ol bu hakda ýene şeýle diýýär: “Zawodlaryň birinde häzir aşpezler gözlenýär. Noýabryň 10-na çenli arzalar kabul edilýär. Emma firmanyň talaby kandidatlaryň bilimli bolmagy”.
Emma welin, il içindäki gürüňlerden çen tutulsa, diplom ýa tejribe baradaky talaplara garamazdan, işe girýän adamlar hem bar. Bu ýagdaý, olaryň pikiriçe, para bilen bagly.
Paranyň möçberi hem ilat arasynda gizlin syr däl.“Haýsydyr bir zawodyň içinde 800 – 1500 dollar aralygynda para berip, gara işe ýerleşip bolýar. Paranyň möçberi geçen ýyllar bilen deňeşdirilende iki esse artdy diýip”, nobata duranlardan ýene biri gürrüň berdi.
Nobata duran adamlardan käbirleri soňky döwürde bu ýagdaýdan peýdalanyp, adamlary işe saljak diýip, para alyp, soňam ýitirim bolýan toparlaryň hem peýda bolandygy aýdylýar.
Garaz, Ýolötende tapylan gaz mundan ozal diňe Eýrana satylan bolsa, häzirki wagtda Hytaýa-da eksport edilýär. Türkmenistandaky gaz zawodlaryna Hytaýdan ençeme işgärler getirildi. Diýmek, Ýolöten gazy öz baran ýerinde köp adamlaryň işli bolmagyna mümkinçilik döredýär. Emma şol ýurtlary gaz bilen üpjün edýän etrabyň ýaşaýjylary häzirlikçe bu baýlygyň hözirini görüp bilmeýändiklerini gürrüň berýärler.