Şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti paýtagtyň Giňdiwar dagynyň etegindäki Çandybil prospektinden tä paýtagtyň merkezi meýdançasyndaky döwlet münberine çenli tigirli ýöriş etdi. Bu ýörişe ýurduň hökümetiniň beýleki agzalary hem gatnaşdylar.
Türkmen telewideniýesiniň ”Watan” habarlar programmasynyň şenbe güni beren maglumatyna görä, 15 kilometrlik bu ýörişden soň ýurt baştutany degişli ýolbaşçylara awgust aýynyň her dynç güni raýatlar üçin tigir sürmek türgenleşiklerini gurnamagy tabşyrypdyr.
Şondan soň ýekşenbe güni döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri tigirli ýörişi amala aşyrdylar.
Mejburlyk
Döwlet edarasynyň işgäri, 52 ýaşly Atamyrat aga-da şol günki tigirli ýörişe gatnaşanlaryň biri. Onuň aýtmagyna görä, şol gün dynç güni bolandygyna garamazdan, welosiped ýörişine gatnaşmak üçin onuň işleýän edarasynyň işgärleri işe gelmäge mejbur edilipdir. Dynç güni işe gelen adamlara tigir paýlanyp berlipdir.
“Adatça, buýruk esasynda gatnaşmaly edilen çäreler üçin zerur enjamdyr-esbaplary adamlaryň özleri satyn almaly edilýärdi. Şu gezek welosipedi özümize satyn aldyrtmandyklaryna şükür edäýmeli” diýip, Atamyrat aga Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Döwlet edara-kärhanalarynyň käbir işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu ýöriş üçin daşary ýurtlardan getirilen welosipedleriň bahasy 200 dollar. Aýdylyşyna görä, her döwlet edarasy öz hasabyna bu tigirleriň 10 sanysyny satyn almaly edilidpir.
Yssy howada geçirilen welosiped ýörişine gatnaşan adamlaryň arasynda dürli ýaşlardaky adamlar bardy. Olaryň arasynda pellehana ýetmän, ara ýolda çaşyp ýykylanlar hem bolupdyr. Ir bilen başlanan bu ýöriş tas bir iş güni diýen ýaly dowam etdi. Seýrek hem bolsa, welosipedli ýörişe gatnaşyjylary öýlän sagat 17.00-da hem Çandybil prospektinde görmek bolýardy.
"Propoganda"
Tigirli ýörişi geçirmek üçin paýtagtyň Türkmenbaşy, Çandybil we Bitaraplyk prospektleri hem ýapyldy. Bu ýagdaý bolsa belli bir derejede paýtagtyň awtomobil gatnawyna öz täsirini ýetirdi. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly döwlet işgäri Atamyrat bu çäräniň propaganda maksady bilen amala aşyrylýandygyny aýdýar.
“Bu çäre-de saglyk ýoluna ýöriş etmek çäresi ýaly syýasy propaganda üçin ulanylýar. Welosiped ýörişi telewideniýede ilat prezidentiň göreldesine eýerýär diýmek üçin geçirilýän çäreleriň birine meňzeýär” diýip, Atamyrat aga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Özüni Agaberdi diýip tanadan aşgabatly mugallym bolsa tigirli ýörişleriň indi döwlet işgärlerine we studentlere yzygiderli gatnaşmaly ediljek goşmaça çäre boljagyndan howatyrlanýar. Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu barada şeýle diýýär: “Onsuzam dynç günleri studentlere saglyk ýoluna ýöriş etdirilýär. Indi bolsa welosiped sürmeli bolarlar. Studentleriň şu çäreler zerarly okamaga wagtlaram ýok. Onsoňam şuňa meňzeş çäreler köplenç dynç günleri geçirilýär”.
Dynç güni geçen welosiped ýörişi awgust aýynyň her dynç güni geçirilip, ol Bilimler we student ýaşlarynyň güni bellenjek 1-nji sentýabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýan köpçülikleýin welosiped marafonyna türgenleşik hökmünde dowam eder.
Resmi metbugatda aýdylyşy ýaly, şol gün mekdep okuwçylary, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we halk hojalygynyň dürli pudak edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin tigir marafonyna gatnaşarlar. Häzirlikçe bolsa, görnüşine görä, bu marafona türgenleşik ýörişleri gurnalýar.
Türkmen telewideniýesiniň ”Watan” habarlar programmasynyň şenbe güni beren maglumatyna görä, 15 kilometrlik bu ýörişden soň ýurt baştutany degişli ýolbaşçylara awgust aýynyň her dynç güni raýatlar üçin tigir sürmek türgenleşiklerini gurnamagy tabşyrypdyr.
Şondan soň ýekşenbe güni döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri tigirli ýörişi amala aşyrdylar.
Mejburlyk
Döwlet edarasynyň işgäri, 52 ýaşly Atamyrat aga-da şol günki tigirli ýörişe gatnaşanlaryň biri. Onuň aýtmagyna görä, şol gün dynç güni bolandygyna garamazdan, welosiped ýörişine gatnaşmak üçin onuň işleýän edarasynyň işgärleri işe gelmäge mejbur edilipdir. Dynç güni işe gelen adamlara tigir paýlanyp berlipdir.
“Adatça, buýruk esasynda gatnaşmaly edilen çäreler üçin zerur enjamdyr-esbaplary adamlaryň özleri satyn almaly edilýärdi. Şu gezek welosipedi özümize satyn aldyrtmandyklaryna şükür edäýmeli” diýip, Atamyrat aga Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Döwlet edara-kärhanalarynyň käbir işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu ýöriş üçin daşary ýurtlardan getirilen welosipedleriň bahasy 200 dollar. Aýdylyşyna görä, her döwlet edarasy öz hasabyna bu tigirleriň 10 sanysyny satyn almaly edilidpir.
Yssy howada geçirilen welosiped ýörişine gatnaşan adamlaryň arasynda dürli ýaşlardaky adamlar bardy. Olaryň arasynda pellehana ýetmän, ara ýolda çaşyp ýykylanlar hem bolupdyr. Ir bilen başlanan bu ýöriş tas bir iş güni diýen ýaly dowam etdi. Seýrek hem bolsa, welosipedli ýörişe gatnaşyjylary öýlän sagat 17.00-da hem Çandybil prospektinde görmek bolýardy.
"Propoganda"
Tigirli ýörişi geçirmek üçin paýtagtyň Türkmenbaşy, Çandybil we Bitaraplyk prospektleri hem ýapyldy. Bu ýagdaý bolsa belli bir derejede paýtagtyň awtomobil gatnawyna öz täsirini ýetirdi. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly döwlet işgäri Atamyrat bu çäräniň propaganda maksady bilen amala aşyrylýandygyny aýdýar.
“Bu çäre-de saglyk ýoluna ýöriş etmek çäresi ýaly syýasy propaganda üçin ulanylýar. Welosiped ýörişi telewideniýede ilat prezidentiň göreldesine eýerýär diýmek üçin geçirilýän çäreleriň birine meňzeýär” diýip, Atamyrat aga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Studentleriň şu çäreler zerarly okamaga wagtlaram ýok.Türkmen mugallymy