Türkmenistanda daşary ýurt telekanallaryna tomaşa edýän ilatyň sanynyň barha artýandygyny, munuň bilen bir wagtda türkmen dilinde däl-de, türk ýa-da rus dillerinde gürleýän adamlaryň, hususan-da, ýaşlaryň barha köp göze ilýändigini Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýarlar.
Aşgabatda garamtyl reňkdäki awtoulaglaryny ak reňke boýadan käbir sürüjilerden il içinde “owadan ýa-da bet” diýilýän maşyn nomerlerini aýryp, onuň ýerine has ýönekeý nomerleri dakmak talap edilýär.
“Türkmenistanyň Ministrler Kabineti iş sorap ýazan arzama ‘öz etrabyňda kärende ýerini alyp, ekerançylyk bilen meşgullan’ diýen jogaby berdi” diýip, nebit-gaz ugry boýunça ýokary derejeli ýaş spesialist Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Soňky dört günüň dowamynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda azyk harytlarynyň azyndan 20% gymmatlandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu sebitdäki çeşmeleri habar berýärler.
Aşgabadyň häkimiýetleri geçen ýylyň oktýabrynda ýaşaýyş meýdany üçin tölegleriň gymmatladylandygyny aýdyp, raýatlardan noýabr we dekabr aýlary üçin, goşmaça tölegleri talap edýärler.
Türkmen häkimiýetleri Aşgabadyň awtoduralgalaryndan sähel könelişen, ýagny motoryndan ýag damýan awtoulaglary çykaryp başladylar. Bu waka türkmen remsileriniň ýurtda gara reňkli awtomobillere garşy görýän çärelerini güýçlendiren mahalyna gabat geldi.
Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene üýtgedi. 23-nji ýanwarda söwdagärler 1 amerikan dollaryny 10,60-10,80 manatdan satyn alyp, 11,50-11,60 manatdan satýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygarynyň çuňňur many-mazmunyny beýan edýän täze ýokary çeperçilikli filmleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhlary soňky ençeme ýylyň dowamynda rekord derejesine baryp ýetdi. Şu günler dollar söwdagärleri 1 amerikan dollaryny ortaça 11,50 manatdan satyn alýarlar, satanlarynda bolsa 12 manatdan satýarlar.
Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk we basyşly ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar diýlip, “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky täze ýyllyk hasabatynda aýdylýar.
Aşgabatda dürli biznes işleri bilen meşgullanýan hususy firma eýeleri özleriniň öň köpçülige yglan edilmedik pensiýa salgydyny tölemäge mejbur edilendigini, indi bolsa özlerinden şol tölenen salgydyň gijikdirilendigi üçin jerimesini tölemegiň talap edilýändigini aýdýarlar.
Halkara “Freedom House” guramasy dünýäde demokratiýanyň ýagdaýy boýunça nobatdaky ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda Türkmenistan bilen Özbegistan “ýamanyň ýamany” atly ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň dürli regionlaryndan Balkan welaýatyndaky döwlete degişli nebit-gaz kärhanalaryna baryp işleýänler özleriniň abuna ýazylmaga mejbur edilýändigini, ýöne gazet-žurnallaryň öýlerine ugradylmaýandygyny aýdýarlar.
Şu günler Aşgabatda köçede ýa-da şahsy awtoulagynda çilim çekýänleri saklap, olara jerime salmak çäreleri güýçlendi.
Aşgabadyň orta mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň köpüsi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary döwründe geçilmedik sapaklary tölegsiz okatmaga mejbur edilýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşi ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Birleşen Ştatlarda okamaga mümkinçilik berýän Flex programmasyna kabul edişlik üçin, synaglaryň geçirilýän wagtyny mälim etdi.
Aşgabat şäherinde ilatyň münýän gara reňkli awtoulaglaryny sürmeklige gadagançylyk girizlenden soň, şu günler goýy gök, ýaşyl, çal we goňur reňklerdäki ulaglaryň hereketine hem çäklendirilen derejede gadaganlyk girizildi.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň 21-nji dekabrda beren maglumatyna görä, 2018-2024-nji ýyllarda ýurduň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat, ýagny 370 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlary gönükdiriler.
Aşgabatda kooperatiw jaýlary döwletiň eýeçiligine geçirmek işi başlandy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebit-gaz pudagyna goşmaça maýa goýumlaryny çekmegi tabşyrdy. Bu waka Türkmenistanyň bu pudaga degişli iki kärhanasynyň daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarynyň öňündäki millionlarça dollar bergilerini ençeme ýyl bäri töläp bilmeýändigi barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Ýene-de ýükle