Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan: Işgärler abuna ýazylmaga mejbur edilýär, ýöne gazet-žurnallar berilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň dürli regionlaryndan Balkan welaýatyndaky döwlete degişli nebit-gaz kärhanalaryna baryp işleýänler özleriniň abuna ýazylmaga mejbur edilýändigini, ýöne gazet-žurnallaryň öýlerine ugradylmaýandygyny aýdýarlar.

“Her ýylyň ahyrynda bolşy ýaly, geçen ýylyň aýagynda-da biziň aýlygymyzdan 250-300 manady abuna ýazyşlyk diýip tutdular. Ýöne ýanwar aýynyň ýarysy geçse-de, henizem öýümize gelýän gazet-žurnal ýok. Ýogsam bolmasa, şol gazet-žurnallary öýüň başga hajatlary üçin ulanaýmasaň, olarda ünsümizi çekýän, okap, öwrenip, lezzet alar ýaly zadam ýok. Ýöne pulumyzy alyp, öýümize gazet-žurnallaryň gelmezligi nägilelik döredýär” diýip, Lebapdan gelip Balkanda işleýän özüni Bäşim diýip tanyşdyran 35 ýaşlaryndaky işçi Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkandaky “Gumdagnebit” kärhanasynda işleýän Bäşim bu ýagdaýyň indi üç ýyl bäri, ýagny ýurtda döwlet işgärleriniň aýlyk haklaryny plastik kartlara geçirmek düzgünine girişeli bäri gaýtalanýandygyny, şondan bäri nebit-gaz işgärlerine abuna ýazylandygy barada ýörite güwänamanyň, ýagny kwitansiýanyň hem berilmeýändigini aýdýar.

“Üç ýyl öň aýlyklarymyzy alanymyzda, abuna ýazylmak üçin pul saklap galýardylar, ýöne dessine kwitansiýamyzy elimize berýärdiler. Öýümize gazet-žurnallar ugradylmasa, ýaşaýan ýerimizdäki poçta bölümine şol kwitansiýany görkezýärdik. Olaram gazetleri ugradyp başlaýardylar. Ýöne näme üçindir, dürli bahanalar bilen indi şol kwitansiýany bermeýärler” diýip, Bäşim belledi.

“Gumdagnebitiň” Bäşim ýaly başga-da onlarça işgäriniň aýtmagyna görä, kärhananyň hasaplaşyk bölümi kwitansiýanyň berilmezligini welaýatyň poçta bölüminiň şol resminamalary öz wagtynda taýýarlap bermezligi bilen baglanyşyklydygyny düşündirýär.

“Kärhananyň hasaplaşyk bölüminiň işgärleri ‘biz poçta bölümine haçan barsagam, iş kän, ýetişip bilemizok, ertir ýa-da birigün bereris diýip jogap berýärler. Bizem siz ýaly garaşýarys’ diýýärler. Ýene barsaň, ýene şol jogaby gaýtalaýarlar. Onsoň bizem iş orunlarymyzy ýitirmezlik üçin dymýarys. Ýöne bu ýagdaý adamlaryň arasynda ‘bizi abuna ýazman, şol puly öz jübülerine alýandyrlar’ diýen ýaly betgümanlygyň döremegine sebäp bolýar” diýip, özüni Nurberdi diýip tanyşdyran “Gumdagnebit” kärhanasynyň ýene bir işgäri aýtdy.

Şol bir wagtda, ol kärhanada işleýän balkanly, ýagny ýerli işgärleriň abuna ýazylan gazet-žurnallarynyň öz wagtynda diýen ýaly öýlerine ugradylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýerli synçylaryň we türkmenistanlylaryň ençemesi ýurtda neşir edilýän gazet-žurnallaryň okyjylaryň ösen islegini kanagatlandyrardan has pes derejede taýýarlanýandygyny, ýöne muňa garamazdan, býujet işgärleriniň, talyplaryň abuna ýazylmaga mejbur edilmeginiň ýylyň-ýylyna dowam edýändigini aýdýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkandaky “Gumdagnebit” kärhanasy we Balkan welaýatynyň poçta bölümi bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

XS
SM
MD
LG