Türkmenistanda daşary ýurt telekanallaryna tomaşa edýän ilatyň sanynyň barha artýandygyny, munuň bilen bir wagtda türkmen dilinde däl-de, türk ýa-da rus dillerinde gürleýän adamlaryň, hususan-da, ýaşlaryň barha köp göze ilýändigini Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýarlar.
“Türk telewideniýesine, filmlerine tomaşa edýän ýaşlaryň türk dili medeniýeti aňyna girip, hatda häzir mekdep okuwçylary öýlerinde, mekdeplerde öz aralarynda türk dilinde gepleşip başladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran Daşoguzdaky çeşmesi gürrüň berdi.
Ýurduň tas ähli welaýatlaryna diýen ýaly sapar edýän ýene bir çeşmämiz türkmenistanlylaryň öz aralarynda türk dilinde gepleşmegi bilen baglanyşykly ýagdaýyň Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynda hem gaýtalanýandygyny aýtdy.
“Men eneleriň öz çagalary bilen örän gowy derejede türk dilinde gürleşýändigine ençeme gezek şaýat boldum. Bir gezek, Türkmenabatdaky kafede ýaşy 40-a ýetmedik iki zenanyň Stambulyň özlerinde galdyran täsiri barada türk dilinde gepleşýändigini gördüm. Maryda bolsa, aýallaryň we çagalaryň öz sözleýşine türk sözlerini goşup, ýagny garyşdyryp gürleşýändigini eşitdim. Meselem, ‘aýakgabyň barmy?’ diýip soramagyň deregine ‘Aýakkabyn warmy?’ diýip soraýarlar. Munuň aýdylyşynda o diýen uly tapawut bolmasa-da, öň bu adaty däl kabul edilýärdi. Häzir bolsa, bu gepleşik dilinde kada öwrüldi” diýip, atlandyrylmazlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.
Azatlygyň çeşmeleri we käbir dilçiler bu ýagdaýyň Türkmenistanyň döwlet telekanallarynda görkezilýän gepleşikleriň hiliniň ilatyň islegini kangatlandyrardan örän pesligi bilen baglanyşyklydygyna ünsi çekýärler. Olar syýasy propagandada diliň çäklendirilmeginiň adamlaryň özüni beýan edenlerinde köplenç başga ýurduň sözlerini öz sözleýşine girizmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
“Biziň telewideniýe öz tomaşaçysyny we metbugat hem öz okyjysyny mundan ençeme ýyl öň ýitirdi. Daşoguzda türkmen telekanallaryna tomaşa edýän tas ýok. Resmi metbugatda, telekanallarda halkyň aladasy, problemasy, ilatyň iş bilen üpjünçiligi barada aýdylmaýar. Adamlary gyzyklandyrýan gepleşiklerem ýok. Onda diňe Arkadagyň kitaby, onuň propagandasy edilýär. Onsoň adamlar daşary ýurt telekanallaryna, ylaýta-da türk telewideniýesine tarap ymtylyp, öz isleglerini bu ýerde kanagatlandyrmaga synanyşýarlar. Sebäbi bu telekanallarda gowy seriallar, aýdymlar, şowlar görkezýärler, halkyň problemasy-da aýdylýar. Biziňki ýaly ýasama gepleşikler ýok” diýip, Daşoguzdaky çeşmämiz gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, käbir dilçiler, ene-atalar we mugallymlar ýaş nesliň arasynda türk dilinde gepleşmek tendensiýasynyň güýçlenmegine alada bildirip, munuň türkmen diliniň ýitip gitmegine getirip biljekdigini aýdýarlar.
“Bu ýagdaý dowam etse, ýene-de sanlyja ýyldan türkmen diliniň ýitip gitmegi hem mümkin. Munuň öňüni almak üçin telewideniýedäki gepleşiklerde ýaşlary gyzyklandyrjak ýa-da ilatyň problemasyny gozgaýan gepleşikler görkezilmeli. Türkmen diliniň üstünde işlemeli, resmi gepleşiklerde ilatyň sözleýiş dilinde ulanýan ýönekeý sözleri ulanylmaly, problemalar aýdylmaly. Häzir syýasy propagandada bolşy ýaly türkmen dili çäklendirilmeli däl” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 54 ýaşyndaky mugallym aýtdy.
Ýeri gelende bellesek, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem wagtal-wagtal türkmen telewideniýesiniň işine nägilelik bildirip, onuň mazmun taýdan kämilleşmelidigini tekrarlap gelýär. Emma prezidentiň aglaba bellikleri “ýurduň gazanýan üstünlikleri” diýilýänleriň waspyny güýçlendirmekden ybarat bolup durýar.
Şol bir wagtda, media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalary Türkmenistanyň media azatlygy boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň arasynda agzalýandygyny, döwlet mediasynyň häkimiýet başyndaky režimiň bähbidine propaganda maksatly ulanylýandygyny belleýärler.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanda türkmen diliniň doly döwlet dili durumyna eýe bolanyna 25 ýyldan gowrak wagt bolup, häzir Türkmenistanda 7: “Altyn Asyr”, “Ýaşlyk”, “Miras”, “Türkmenistan”, “Aşgabat”, “Türkmen owazy”, “Türkmenistan sport” telekanallary we dört: “Çar tarapdan”, “Miras”, “Owaz” we “Watan” radiokanallary işleýär.