Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatlylardan goşmaça tölegler talap edilýär


Aşgabatdaky hökümet edaralarynyň biriniň öňünde emele gelen uzyn nobatlar. Arhiwden alnan surat
Aşgabatdaky hökümet edaralarynyň biriniň öňünde emele gelen uzyn nobatlar. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň häkimiýetleri geçen ýylyň oktýabrynda ýaşaýyş meýdany üçin tölegleriň gymmatladylandygyny aýdyp, raýatlardan noýabr we dekabr aýlary üçin, goşmaça tölegleri talap edýärler.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şu hepdäniň başyndan bäri şäheriň Öý dolandyryş edaralarynyň resmileri ýaşaýjylaryň öýlerine jaň edip, 1-nji fewrala çenli bu goşmaça tölegler tölenmese, onuň üstüne her gün 0,03% möçberde jerimäniň münjekdigini duýdurýarlar.

“Ýaşaýjylara şeýle jerimäniň şu gün tapylan zat däldigini, eýse Türkmenistanyň Administratiw kodeksi diýilýän kanunçylygynda göz öňünde tutulýandygyny aýdypdyrlar. Şol goşmaça jerime-de her gün galýar. Meselem, 55 metr2 ululykdaky ýaşaýyş jaýyň goşmaça tölegi her aý üçin 31 manat diýlip kesgitlenipdir. Noýabr aýy üçin 31 manat, dekabr aýy üçinem 31 manat – jemi 62 manat. Şol 62 manadyň üstüne wagtynda tölenmedik töleg üçin her gün jerime münýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda, ilata “mugt” berilýän ýeňillikler ýatyrylyp, öňden tölegli bolan hyzmatlar hem telim esse ýokarlanypdy. Şonda 1 aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdany üçin tölegler 12 teňňeden 60 teňňä ýokarlandyrylyp, bu karar 1-nji noýabrdan güýje giripdi.

Belläp geçsek, şu günler raýatlardan goşmaça tölegler diňe ýaşaýyş meýdany üçin däl, eýsem Saglyk ätiýaçlandyryş pasportlary üçin hem talap edilýär. Bu goşmaça tölegleri tölemediklere 2018-nji ýyl üçin Saglyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň kabul edilmejekdigi duýdurylýar.

“Adamlar 7 manat 50 teňňäni geçen ýyllardakydan artykmaç tölemeli. Şol tölegleriň noýabr, dekabr aýlaryndaky töleglerini tölemeseň, onda täze ýyl üçin wznoslar kabul edilmeýär” diýip, Bugaýew bu ýagdaýy başdan geçiren ençeme adama salgylanyp gürrüň berdi.

Paýtagtda ýaşaýyş meýdany üçin goşmaça tölegler tölenmese, onda onuň üstüne jerimäniň münjekdigi barada ýaýran habardan soň, şäherdäki bank şahamçalarynyň öňünde uzyn nobatlar emele geldi.

“Şol [bank] şahamçalarynda-da bolup bilse ýekeje penjire işleýär. Meselem, şu gün irden sagat 10 töweregi Türkmenistan bankynyň Parahat-1 etrapçasyndaky şahamçasynda 60-dan gowrak adam nobata durdy” diýip, Bugaýew bank şahamçalarynda goşmaça tölegleri kabul edýän beýleki penjireleriň ýapyk durandygyny aýtdy.

Galyberse-de, ol Türkmenistan bankynyň “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň ugrundaky şahamçasynda-da, Senagat bankyň Oguzhan köçesiniň ugrundaky şahamçasynda-da şeýle ýagdaýyň gaýtalanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Deňeşdirme üçin aýtsak, 2014-nji ýylda ýaşaýyş jaýynyň ulanylýan meýdany 55 m2 deň bolan ýaşaýjylar her ýylda 15 manat töleýärdiler. 2015-2017-nji ýyllar aralygynda bu töleg 145 manada deň bolup, 2018-nji ýylda 400 manat 40 teňňe diýlip kesgitlendi.

2014-nji ýylda işlemeýän bir raýat Saglyk ätiýaçlandyryş pasporty üçin her aýyna 1 manat, 2015-2017-nji ýyllarda 15 manat tölän bolsa, bu töleg 2018-nji ýylda 22 manat 50 teňňä barabar edildi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň onlarçasy durmuş-ýaşaýyş şertleriniň barha gymmatlaýandygyny, ýöne alýan aýlyklarynyň “bazar sebedine” gabat gelmeýändigini aýdyp, tölegleriň gymmatlamagy bilen has-da çykgynsyz ýagdaýlary başdan geçirýändiklerini we olary tölemekde kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanda ilata “mugt” berilýän ýeňillikleriň ýatyrylmagy we ýaşaýyş jaý tölegleriniň gymmatlamagy, ýurtda ykdysady krizisiň dowam edýändigi aýdylýan, býujet işgärleriniň köpçülikleýin işden boşadylýan, aýlyklaryň köplenç wagtynda berilmeýän, bankomatlarda nagt puluň ýetmezçilik edýän we dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 12 manada ýeten döwründe bolup geçýär.

Türkmen mediasynda ýokardaky meseleler dogrusynda ilat köpçüligine maglumat berilmeýär. Munuň tersine, ýurduň “bedew bady” bilen ösýändigi, raýatlaryň “bagtyýarlyk zamanasynda” ýaşaýandygy barada yzygiderli maglumat berilýär.

XS
SM
MD
LG