Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistan iň ýapyk we basyşly ýurtlardan biri bolmagynda galýar


“Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň logotipi
“Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň logotipi

Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk we basyşly ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar diýlip, “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky täze ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän guramanyň 18-nji ýanwarda çap eden raportynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň ýaranlarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna kontrollyk edýändigi aýdylyp, hökümetiň häkimiýetler tarapyndan tassyklanmadyk dini we syýasy garaýyşlaryň ähli görnüşlerini doly gadagan edýändigi bellenilýär.

“Hökümet metbugata berk gözegçilik edýär we garaşsyz synçy toparlaryň ýurda barmagyna rugsat bermeýär. Onlarça adam zorlukly ýitirim edilmeleriň pidasy bolmagynda galýar. 2017-nji ýylda Türkmenistan Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek arkaly, ýurduň öz-özi tarapyndan girizilen izolýasiýasyndan birneme-de bolsa yza çekildi. Ýöne şol bir wagtda, bu hökümetiň söz azatlygy we beýleki hukuklary has-da köp çäklendirmegine getirdi” diýlip, 643 sahypalyk raportyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.

2017-nji ýyla syn edilen hasabatda geçen ýylyň fewral aýynda geçirilen prezident saýlawynda ähmiýetli syýasy bäsleşigiň ýetmezçilik edendigi aýdylyp, Berdimuhamedowyň saýlawçylaryň 97,7 prosentiniň sesini almak bilen gaýtadan saýlanandygy bellenilýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik edaralar we Adam hukuklary ofisiniň saýlawlara baha berýän missiýasy türkmen saýlawlarynyň “berk gözegçilikdäki syýasy gurşawda amala aşyrylandygyny”, plýuralizmiň we media garaşsyzlygynyň ýetmezçilik edendigini nygtady diýlip, raportda aýdylýar.

Şeýle-de, onda daşary ýurt media serişdelerine maglumat berýän aktiwistleriň we habarçylaryň hökümetiň ar alyşlary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna üns çekilýär.

“2015-nji ýylda galp aýyplamalar bilen höküm edilen Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň üç ýyllyk türme tussaglygy dowam edýär. Geçen ýylyň iýul we noýabr aýlarynda bolan aýrybaşga dört wakada nämälim adamlar Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa güýçli basyş etdiler we oňa ölüm haýbatyny atdylar” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Gurama 2016-njy ýylyň dekabrynda bolsa, türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowy we onuň ejesini nas serişdesini saklamakda aýyplap, tussag edendigini ýatladýar.

“Olaryň ikisem üç ýyllyk şertli tussaglyga höküm edilenden soň, fewral aýynda azatlyga goýberildi. 2016-njy ýylyň noýabrynda bolsa, türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowa öz işini bes etmese, onda şertli tussaglygy güýje girizmekde haýbat atdylar” diýlip, hasabatda Türkmenistanda Internetden peýdalanmagyň çäkli we berk döwlet kontrollygynda saklanyp galýandygy aýdylýar.

Galyberse-de, raportyň geçen ýyla edilen synyň umumy netijelerinde, täsirli ýurtlarda, şol sanda Birleşen Ştatlarda artýan çydamsyzlygyň dünýäniň awtoritar häkimiýetlerini gylawlandyrýandygy, şeýle-de demokratik döwletlerdäki immigrant we beýleki populist syýasatlaryň etniki azlyklaryň hukuklaryna “uly howp abandyrýandygy” bellenilýär.

XS
SM
MD
LG