Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ikinji emeli hemrany kosmos giňişligine çykarýar


ABŞ-nyň Kanaweral burnundaky kosmodrom, 2015 ý.
ABŞ-nyň Kanaweral burnundaky kosmodrom, 2015 ý.

Türkmenistan ýene bir emeli hemrany kosmos giňişligine çykarýar.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň 21-nji dekabrda beren maglumatyna görä, 2018-2024-nji ýyllarda ýurduň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat, ýagny 370 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlary gönükdiriler.

Bu serişdelere ýeri uzak aralykdan zondlaşdyrmak üçin niýetlenen nobatdaky emeli hemrany gurmak hem-de ony älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýatlap geçsek, Türkmenistan“Türkmen Älem 52oE” atly ilkinji emeli hemrasyny 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromdan Ýeriň golaýyndaky orbita çykarypdy.

TDH-niň maglumatyna görä, ikinji emeli hemra “milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşini çaltlandyrmak maksadynda ulanylyp, barmasy kyn, tizlikli we beýleki desgalar barada maglumatlary almaga mümkinçilik berer”.

Ýeri uzak aralykdan zondlaşdyrmak nebit ýataklaryna, turba geçiriji ugurlara we nebiti gaýtadan işleýän zawodlara ekologiýa-hukuk gözegçiligini geçirmäge mümkinçilik berer diýlip, habarda nygtalýar.

Şeýle hem emeli hemranyň kömegi bilen sürüm meýdanlaryny, öri meýdanlary kesgitlemek, ýerleriň ýagdaýy barada maglumatlary alyp, alnyp barylýan gurluşyklara gözegçiligi artdyryp boljakdygy, resmi habarda aýdylýar.

Käbir ýerli we daşary ýurtly synçylar ýa-da žurnalistler Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, ýokardaky maksatlara gönükdirilen ikinji emeli hemrany kosmos giňişligine çykarmagyň näderejde zerurdygyny sorag astyna alýarlar.

Häzirki wagt Niderlandlarda ýaşaýan we “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew ýurtda nobatdaky emeli hemrany kosmosa çykarmaga gönükdiriljek maliýe serişdesi ykdysady problemalary çözmäge, şeýle-de ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga harçlansa, has talabalaýyk bolar diýýär.

“Sürüm meýdanlary Türkmenistanda köp däl. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň territoriýasynyň 90%-e golaýy çöllük ýerler. Şonuň üçin ony öwrenmek, şeýle maglumat almak üçin emeli hemranyň zerurlygyna şübheli garaýaryn. Häzir ähli pudaklarda problema bar. Aýlyklar wagtynda berilmeýär. Mysal üçin, doktorlaryň, mugallymlaryň arasynda şeýle problemalar bar. Pagtaçy daýhanlar hasyl pullaryny bankomatlardan alyp bilmeýärler. Sebäbi ýurtda [nagt] pul ýetmezçiligi bar. Islendik pudaga seretseň problema bar. 370 million dollar diýdiňiz, ol pul biziň ýurdumyz üçin az däl. Şol pul adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen sowulsa has gowy bolardy” diýip, Mätiýew aýtdy.

Belläp geçsek, 2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde “Türkmen Älem 52oE” emeli hemra “Falkon 9” raketa göteriji tarapyndan orbita çykarylanda, türkmen häkimiýetleri onuň milli tele-radio gepleşikleriň efire berlişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de göni efirde telegepleşik geçirmek we internetiň ýokary hilli sistemasyny ýola goýmak işlerine güýçli itergi bermegine garaşylýandygyny mälim edipdiler.

Emma aradan iki ýarym ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, ýurtda internetiň hili henizem pes bolmagynda galýar. Şeýle-de, Türkmenistan halkara barlaglarynda Internetiň gymmatlygy boýunça yzdan iň soňky orunlarda ýerleşdirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen mediasy onlarça müň kilometr belentlikde Ýeriň daşyndan aýlanýan “Türkmen Älem 52oE” hemrasynyň Garagum çölünde ýerleşen alysdaky şäherçeleri hem aragatnaşyk bilen üpjün edendigini mälim edýär.

“Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Kirpili obasynyň hem-de Balkan welaýatynyň Oýlyguşlyk obasynyň ýaşaýjylaryny görkezmek bolar. Olar milli hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryndan hem-de internetden gije-gündiziň dowamynda peýdalanmaga mümkinçilik aldylar” diýlip, habarda bellenilýär.

Emma Azatlygyň ýerli çeşmeleri ýurduň welaýatlarynyň onlarça obasynda, şol sanda medeni zonadan 300 kilometr çemesi uzakda ýerleşýän Kirpili obasynda telefon aragatnaşygynyň ýokdugyny, MTS-iň ýurtdaky aragatnaşyk hyzmatyny kesmegi bilen, bu obalaryň ýaşaýjylarynyň telefon aragatnaşygyndan doly mahrum bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Milli kosmos agentligi 2011-nji ýylyň maý aýynda döredildi.

XS
SM
MD
LG