Soňky dört günüň dowamynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda azyk harytlarynyň azyndan 20% gymmatlandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu sebitdäki çeşmeleri habar berýärler.
“Ýekşenbe güni 3 manatdan satylan harytlaryň nyrhy şu gün 4 manada ýetdi. Kartoşkanyň bir kilogramy öň 2,5 manada durýardy, häzir 3 manada ýetdi. Bir kilogram alma öň 3 manat bolsa, indi 4 manada durýar. Öň 1 kilogramy 4 manada barabar bolan süýjiler indi 17 manatdan satylýar. Iň arzan zatlaryň bahasy şu. Gowy hilli harytlary sorap hem görmedim” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz aýdýar.
Şeýle-de, ol balygyň 1 kilogramynyň bahasynyň 15-16 manatdan satylýandygyny aýdyp, munuň ýaşaýjylaryň aglabasy üçin elýeterli däldigini belleýär.
“Welaýatda işsizlik giňden ýaýran. Diňe bir adamyň aýlygyna garaşly maşgalalaryň sany bolsa sanardan kän. Bu gymmatlamalar adamlaryň eklenjini, gün-güzeranyny has-da kynlaşdyrýar” diýip, çeşmämiz aýdýar.
Beýleki tarapdan, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi soňky iki günüň dowamynda paýtagtyň bazarlarynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli getirilen harytlaryň käbiriniň arzanlandygyna ünsi çekip, munuň adamlar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny aýdýar.
Bellenmegine görä, arzanlan harytlaryň arasynda täze ýyl oýnawaçlary, Gazagystandan we Russiýadan getirilen ýokary hilli un hem-de dürli miwelerden öndürilen şire suwlary bar.
“Bir kilogram unuň bahasy öň 5 manat bolsa, indi 50 teňňe arzanlap, 4,5 manat bolupdyr. 120 manatdan satylan oýnawaçlar bolsa, 80-90 manatdan satylýar. Miwelerden öndürilen soklar öň 4,20 manatdan satylyp, häzir 3,20 manada durýar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Aşgabadyň “Mir bazarynda” söwda-satyk bilen meşgullanýan telekeçileriň ençemesi bu arzanlamanyň sebäplerini bazarda alyjynyň sanynyň azlygy bilen baglanyşdyrýarlar.
“Harytlarymyz geçenok. Ilatda nagt puluň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, bazarda alyjy az. Täze ýyl baýramçylygyndan öň satyn alan harytlarymyzyň iň soňky ulanyş möhleti golaýlap barýar. Harytlarymyzy satyp bilmän zyňanymyzdan, alaçsyz eden çykdajymyzyň belli bir bölegine satjak bolýarys. Şonuň üçin käbir harytlaryň bahasyny aşaklatdyk” diýip, özüni Durdy diýip tanyşdyran 40 ýaşlaryndaky söwdagär aýdýar.
Daşoguzda azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlamagy we paýtagtyň bazarlarynda söwdanyň derejesiniň peselmegi, Türkmenistanda ilata “mugt” berilýän ýeňillikleriň ýatyrylan, býujet işgärleriniň köpçülikleýin işden boşadylýan, aýlyklaryň köplenç wagtynda berilmeýän, bankomatlarda nagt puluň ýetmezçilik edýän we dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 12 manada ýeten döwründe bolup geçýär.
Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini we muňa dünýäde nebit-gaz nyrhlarynyň arzanlamagyndan başga, dürli proýektlere ýatyrylýan uly maýalaryň hem sebäp bolandygyny aýdýarlar.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Halkara walýuta fondy soňky görlen çärelere garamazdan, Türkmenistanyň çykdajy harajatlarynyň girdejilerinden agdyk bolup galýandygyny aýdyp, Aşgabada “döwlet inwestisiýa harajatlaryny” kem-kemden, ýöne düýpli azaltmagyny” maslahat beripdi.
Muňa garamazdan, türkmen hökümeti gymmatbaha gurluşyk obýektlerini, myhmanhanalary we golf meýdançalaryny gurmak baradaky planlaryny “uly buýsanç” bilen ilata äşgär etmegi dowam edýär. Türkmen mediasynda hem, ne ýokarda agzalan ykdysady kynçylyklar, ne-de olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada mesele gozgalýar.