Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda kooperatiw jaýlar döwletiň eýeçiligine geçirilýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat
Illýustrasiýa suraty. Aşgabat

Aşgabatda kooperatiw jaýlary döwletiň eýeçiligine geçirmek işi başlandy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşir 21-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 5-nji maýynda çykarylandygy aýdylýan 41 belgili resmi buýrugy çap etdi.

Habarda aýdylmagyna görä, 20-nji dekabrdan başlap, şäher we etrap häkimlikleriniň işgärleri bu buýruk bilen kooperatiw jaýlara aýlanyp, kwartira eýelerine jaýlarynyň eýeçiliginiň üýtgeýändigini duýdurýarlar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri hem tassyklap, bu barada özlerine Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir işgärleriniň maglumat berendigini aýdýarlar.

Belläp geçsek, kooperatiw tipli jaýlar Sowet Soýuzy döwründe gurlan üç-dört gatly hususy eýeçilikdäki jaýlar bolup, bularyň köplenç müşderiniň öňünden beren pul serişdesiniň hasabyna gurlandygyny aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu jaýlar paýtagtyň, esasan, 4,5,6,9,10 we 11-nji etrapçalarynda ýerleşýär we bular şäherdäki jaýlaryň ortaça 15%-ni emele getirýär ýa-da bu jaýlarda 60-70 müň çemesi ilat ýaşaýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň jogapkär işgärleri kooperatiw jaýlaryň döwlet eýeçiligine geçirilmeginiň sebäpleri barada özlerine-de hiç hili maglumat berilmeýändigini aýdýarlar.

Emma ýerli synçylaryň we kooperatiw jaýlarda kwartiralary bolan ýaşaýjylaryň ençemesi bu jaýlaryň döwlet eýeçiligine geçirilmegi netijesinde, kwartira eýeleriniň indi her bir inedördül ýaşaýyş jaý meýdany üçin, aýda 63 teňňe tölemeli boljakdygyna ünsi çekip, ‘döwletiň öz girdejisini artdyrmaga synanyşýandygyny” belleýärler.

“Meselem aýdaly, men gaz, suw we beýleki ýyladyş sistemasy üçin öňem töleýän, ýöne döwlet eýeçiligine geçse, indi her kwadrat mert üçin ýene 63 teňňe tölemeli. Onsoň men bir ýylda 315 manady döwletiň hasabyna geçirmeli bolýan. Şeýdip, döwlet öz ykdysady problemasyny ykdysady reformalaryň hasabyna däl-de, milletiň hasabyna çözjek bolýar. Ýagny gadymdan gelşi ýaly, döwlet çöküp ugrasa, ilata salynýan salgyt artdyrylýar” diýip, aşgabatly synçy Bugaýew aýdýar.

Mundanam başga, ol kooperatiw jaýlaryň döwlet eýeçiligine geçirilmeginiň sebäpleriniň aňyrsynda ýene bir zadyň bolmagynyň ähtimaldygyny aýdyp, şeýle diýýär: “2022-nji ýylda Türkmenistanda täzeden ilat ýazuwy geçirilmeli. Ilat ýazuwy ýurtda pylança adam ýaşaýar diýip geçirilenok. Onda ilatyň ýaşaýyş jaý, iş bilen üpjünçiligi hem hasaba alynýar. Bu çäre şol görkezijini gowulandyrmak üçin hem geçirilýär. Meselem, döwlet sektorynda şunça million kwadrat metr ýaşaýyş jaýy bar, ondan şunça adamam peýdalanýar diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde hasabat bermek üçin edilýän zat”.

Azatlyk Radiosyna bu çäräniň amala aşyrylmagynyň sebäpleri barada, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginden resmi kommentariý almak başartmasa-da, bu çäre dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

XS
SM
MD
LG