Gyzyň ýaşynyň 11 töweregidigi aýdylýar. Erkegiň ýaşy gyzyňkydan iki esse dagy uly. Olara golaýda Eýranyň gyrak-bujakdaky günorta-günbatar welaýatynda nika gyýyldy we nika dabarasynyň wideoýazgysy internetde ýerleşdirildi.
Eýranda adamlaryň alkogol içgilerinden köpçülikleýin zäherlenmegi we oňa bagly ölüm hadysalary ýurtda alkogol problemasyny ýüze çykardy. 1979-njy ýyldaky rewolýusiýadan soňra, yslam respublikasynda alkogolly içgiler gadagan edilse-de, bu gadagançylyk eýranlylaryň spirtli içgileri içmeginiň öňüni almakda şowsuz boldy.
“Yslam döwleti” atly ekstremistik topar eýranlylary öz tarapyna çekmek barada alyp barýan kampaniýasyny we pars dilinde gürleýänlere gönükdirilen habary ýaýratmagy soňky wagtlarda güýçlendirdi.
81 million çemesi ilatly, ruhanylar tarapyndan agalyk edilýän yslam ýurdunda geçirilýän saýlawlarda oňe saýlananlar iş başyndaky prezident, degişlilikde aram hasaplanýan Hassan Rohani bilen ozalky prokuror, konserwatiw Ebrahim Reýsi bolup durýar.
Eýranly küşt resmileri ýaş küştçi doganlaryň ýerli küşt bäsleşiklerinde hem-de milli komandasynda oýnamagyny gadagan etdiler. Doganlar, halkara küşt bäsleşiginde dini dessurlaryň gyzyl çyzgylaryny aşandygy sebäpli muňa duçar bolupdyrlar.
Daşyndan seredeniňde ýakymly söýgi dessanyna meňzeýär: Eýranyň bir obasynda bilelikde oýnap, bile ulalan çagalar soňra bilelikde durmuş gurýarlar. Ýöne Leýla Ala durmuşa çykarylanda 10 ýaşynda, Ali hem 15 ýaşyndady.
Iki gyz çaganyň enesi bolan Amina Aliýewanyň göwresindäki çaganyň ýene bir gyzdygy belli bolanda maşgalasy oňa mundan dyn diýipdir.
Üstümizdäki aý kürt söweşijileri bilen Eýranyň ”Rewollýusiýa sakçylarynyň” arasynda çaknyşyklar turdy. Taraplaryň ikisi-de beýleki tarapy adam ýitgilerine uçradandygyny aýdýar.
Tanymal eýranly adam hukuklary adwokaty we aýallaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistiň sosial ulgamda ýerleşdiren bir suraty çekeleşikli jedellere sebäp boldy.
Özüne bildirilýän aýyplamalarda, şol sanda ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky kampaniýa agzalykda günäli tapylanyndan soň, eýranly tanymal adam hukuklary boýunça aktiwist jemi 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusy tapgyr ikinji gün ballistik raketa synaglaryny geçirdi. Bu iş ABŞ-nyň duýduryşlaryna göz edip, güýç görkezmek niýetinde edildi.
Eýranly iki sany aktiwist, özleriniň jemgyýetçilikden nägileligini bildirmek we jemgyýetiň ünsüni bu tema çekmek maksady bilen, Tähranyň köçelerinde zibil ýygnamagy protestiň bir görnüşi hökmünde saýlap aldylar.
Eýran - Saudi diplomatik dawasynda iki tarapynyň karikaturaçylary garşy tarapyň goşa standartlary baş goşandygyny özüçe suratlandyrýarlar.
Ykdysady sanksiýalaryň döreden kynçylyklaryny ýyllarboýy gerdenlerinde çekenlerinden soň, ýönekeý eýranlylar şu hepde baglaşylan ýadro ylalaşygynyň netijeleriniň mümkin boldugyça çalt duýulmagyny isleýärler.
14-nji iýulda Wenada Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleriniň arasynda gelnen taryhy ylalaşyk Tähranyň garşysyna girizilen halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna ýol açdy.
Eýran konserwatiwleri hüjümli wideo ýazgysyny ýaýratdylar. Gürrüňi edilýän bu wideoda eýran-amerikan taryhynyň ýakymsyz bölümleriniň ýatlamalary gorjalyp, Tähran bilen ýadro geleşiklerini geçirýän taraplar möjege meňzedilýär.
Sanksiýalary ýeňletmek bilen Eýranyň atom programmasyny çäklendirmek dünýä ýurtlary bilen oňat gatnaşyklary isleýän eýranlylaryň ýanynda Rohaniniň abraýyny ýokarlandyrar.
Ýene-de ýükle