Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky internet böwediniň fonunda bolup geçýän gazaply protestler barada näme bilinýär?


Eýranyň Isfahan şäherinde protestçiler magistral ýoluny petiklediler. 16-njy noýabr, 2019 ý.
Eýranyň Isfahan şäherinde protestçiler magistral ýoluny petiklediler. 16-njy noýabr, 2019 ý.

Eýranda internet üpjünçiliginiň köpçülikleýin çäklendirilmegi bilen resmileriň benziniň bahasyny artdyrmak baradaky 15-nji noýabrdaky kabul eden kararyndan soňra, ýurduň onlarça şäherinde ýüze çykan gazaply protestler barada gowuşýan maglumatlaryň takyklygyny barlamak kynlaşdy.

Internetiň petiklenendigine, şeýle-de ýurtdaky senzura sebäpli ýeterlik maglumatyň ýokdugyna garamazdan, sosial ulgamlarynda paýlaşylan habarlar, resmi çykyşlar we media hasabatlary soňky günleriň dowamynda bolup geçen ýagdaýlary azda-kände suratlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Eýranlylar näme üçin protest geçirýärler?

Hökümet döwlet tarapyndan subsidirlenýän benziniň bahasyny – öňünden hiç hili duýduryş bermezden – bir gijäniň dowamynda göz-görtele ýokarlandyrmagyndan soň, arzan ýangyjyň tebigy haklarydygyna ynanýan eýranlylaryň köpüsi gahar-gazaba mündi.

Bellesek, ABŞ-nyň sanskiýalary sebäpli Eýranyň ykdysadyýeti häzir gowşady.

Protestler gysga wagtyň içinde ýurduň 100 töweregi şäherine ýaýrady. Olaryň dowamynda hökümet binalary we şahsy emläkler, şol sanda banklar, ýag-ýangyç guýujy stansiýalary, bankomatlar oda berildi.

Protestleriň dowamynda gazaply çaknyşyklaryň hem ýüze çykandygy aýdylýar. Olarda heläk bolanlar barada anyk maglumat ýok.

Iň gazaply hüjümleriň günortadaky Begbahan, Mahşahr, Buşehr, Şiraz we aglaba kürtleriň ýaşaýan günbatardaky Jawanrud we Mariwan şäherlerinde ýüze çykandygy bellenilýär.

Paýtagt Tähranyň günorta-günbatar sebitlerinde, hususan-da Şahrýarda gazaplylygyň has-da ýiti bolandygy aýdylýar.

Protestçiler benziniň nyrhlarynyň artdyrylmagyna garşy çykyş etdiler. Olar munuň netijesinde garyplaryň has hem garyplaşjakdygyny nygtadylar.

Emma bu demonstrasiýalar gysga wagtyň içinde syýasy äheňe eýe boldy. Protestçileriň käbiri ýurtdaky ruhany dolandyryşyna garşy çykdy. Demonstrasiýalarda “Mollalar ýok bolsun”, “Hameneýi ölsün” we “Biz yslam respublikasyny islemeýäris” diýen şygarlary hem eşitse bolýardy.

Protestlerde Eýranyň regiondaky ýaranlaryna, şol sanda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada we Ýemendäki huthi jeňçilerine berýän hemaýatyna hem garşy çykyşlar edildi.

Häzirki protestlere 2017-nji ýylyň dekabry – 2018-nji ýylyň ýanwary aralygynda ýurduň 80 töweregi şäherinde häkimiýete garşy geçirilen demonstrasiýalardan bäri bolup geçýän iň çynlakaý çäre hökmünde garalýar. Protestleriň häzirki tolkunynyň mundan iki ýyl ozalky geçirilen demonstrasiýalardan hem has gazaplydygy aýdylýar.

Adalat ministrliginiň metbugat wekili Golamhossein Esmaili 19-njy noýabrda çykyş edip, Eýranda “asudalygyň ornaşdyrylandygyny” aýtdy. Mundan bir gün öň bolsa, Yslam Rewolýusiýa Sakçylary güýçleri “aýgytly” çäreleri görjekdigini aýdyp, protestçilere duýduryş berdi.

Emma 18-19-njy noýabrda internete çykmagy başaran käbir žurnalistler we synçylar Tähranyň käbir sebitlerinde köp sanly howpsuzlyk güýçleriniň ýerleşdirilendigini aýtdylar. Olaryň biri: “Men Tähranda oda berlen şunça banky hiç haçan görmändim” diýip, täsirini paýlaşdy.

Hökümet nädip jogap berdi?

Häkimiýetler protestleriň öňüni almak üçin ýurduň dürli künjeklerine köp sanly howpsuzlyk işgärlerini, şol sanda polisiýany we sakçylary ýollady.

Howpsuzlyk güýçleriniň protestleri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanandygy aýdylýar. Şeýle-de, demonstrantlara garşy söweş oklarynyň atylandygy barada hem maglumatlar gowuşýar. Muny görkezýän suratlar we wideolar hem bar.

Şu hepdäniň başynda Tährandaky žurnalistleriň biri Twitter hasabynda özüniň doganoglanynyň öldürilendigi barada ýazgy galdyrdy. Ol öz garyndaşynyň häkimiýetleriň zulmundan irendigini we Behbahan şäherinde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan maňlaýyndan atylyp öldürilendigini aýtdy.

Resmiler maglumatlaryň ýaýramagynyň, şeýle-de protestçileriň öz aralarynda habarlaşmagynyň öňüni almak maskady bilen, 16-njy noýabrda internet üpjünçiligini hem çäklendirdiler.

Dünýädäki internet üpjünçiligine gözegçilik edýän NetBlocks toparynyň 19-njy noýabrda beren maglumatyna görä, Eýrandaky internetiň aragatnaşyk derejesi adatdakysyndan 4% peselipdir. Bu her bir eýranlynyň internetden kesilendigini aňladýar.

Şol bir wagtda, hökümetiň metbugat wekili Ali Rabiýe 19-njy noýabrda çykyş edip, “hiç hili kanunbozmalaryň bolmajakdygyna göz ýetirsek, internetiň üpjünçiligi tapgyrlaýyn dikeldiler” diýdi.

Adam pidalary we tussag etmeler

Ýarym resmi Fars habarlar gullugy protestleriň ilkinji gününde 1 müňden gowrak adamyň saklanandygyny ýa-da tussag edilendigini aýtdy.

Köp maglumatlarda tussag astyna alnanlaryň asyl sanynyň has köpdügi, emma häkimiýetleriň bu barada dymýandygy bellenildi.

Eýranyň resmileri protestçileriň we howpsulyk işgärleriniň hataryndan 12 adamyň ölendigini aýtdylar. Emma adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International topary ýurduň diňe 21 şäherinde 106 protestçiniň öldürilendigini aýtdy. Amnesty 19-njy noýabrda ýaýradan beýanatynda “öldürilenleriň sanynyň has köpdügini, käbir maglumatlara görä, olaryň 200-e hem ýetýändigini” belledi.

BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Ženewadaky edarasy onlarça adamyň öldürilendigini aýtdy.

Protestlerde näme diýildi?

Bilermenler protestlerde ýurduň ruhany dolandyryşyna garşy köpçülikleýin gahar-gazaby görse bolýandygyny belleýärler.

Tähranly žurnalist Hassan Fathi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde häzir adaty eýranlylar bilen hökümetiň arasynda uly “ynamsyzlygyň” dörändigini nygtaýar. Ol adamlaryň häkimiýetleriň benziniň nyrhlarynyň artdyrylmagy bilen, pes girdejili 60 million adama goşmaça hemaýatyň beriljekdigi baradaky çykyşlaryna ynanmaýandyklaryny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG