Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusy tapgyr ikinji gün ballistik raketa synaglaryny geçirdi. Bu iş ABŞ-nyň duýduryşlaryna göz edip, güýç-kuwwat we garşylyk görkezmek synanyşygy bilen edildi.
«Kadr-H» we «Kadr-F» raketalary demirgazyk Eýrandaky Alborz daglyklyklarynyň belentliginden atyldy diýip, Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusy bilen iltewli «Tasnim» habar gullugy aýtdy.
Bu raketalar ýurduň günorta-gündogar kenarlarynda öz nyşanalaryna baryp urmazdan öň 1,400 kilometr aralygy geçdi diýip, «Tasnim» habar berdi.
9-njy martda geçirilen synaglar Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasynyň ýurduň dürli ýerlerindäki bunkerlerde geçiren ballistik raketa synaglaryndan bir gün soň geçirildi.
Bu synaglar Tähranyň, halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň deregine öz ýadro programmasyny düýpli çäklendirmek bilen baglaşan ylalaşygynyň ýanwar aýynda durmuşa geçirilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.
Analitikleriň ynanjyna görä, Yslam respublikasy özüniň raketa kämilleşdirmek programmasyndan yza çekilmejigini görkezmäge çalyşýar.
Strategiki barlaglar baradaky halkara institutynyň ýerine ýetiriji direktory Mark Fitzpatrik Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde bu synaglaryň berk liniýalylaryň, ýadro programmasy babatda käbir çäklendirmeleri kabul edendiklerine garamazdan, ol çäklendirmeleriň raketa programmasy babatda kabul edilmändigini görkezmek niýetlerinden ugur alýandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol täze synaglaryň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Eýranyň ýadro ýaraglaryny göterýän raketa ýasamagyna girizen gadaganlygyny bozýana meňzemeýändigini, ýagny olaryň bu raketalaryň beýle kuwwatynyň bardygyny ret edip biljekdigini aýtdy.
Täze raketa synaglary 26-njy fewralda geçirilen saýlawlaryň yz ýanyna gabat gelýär, ol saýlawlarda berk liniýalylar aramlaryň oňaýsyz zarbasyna duçar boldular. Sebäbi aramlar hem parlamentde, hem Ekspertler assambleýasynda utuş gazandylar. Bu ýagdaý olaryň Eýranyň indiki ýokary liderini saýlap bilmegine ýol açýar.
Halkara krizis toparynyň Eýran boýunça baýry analitigi Ali Waýeziň pikirine görä, Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy Eýranyň strategiki maksatlarynyň üýtgewsiz galýandygyny görkezmek isleýär.
"Birleşen Ştatlaryň Eýranyň goňşularyny dişine çenli ýaraglandyrmagy dowam etdirýän wagtynda, Eýranyň ýurduň ýeke-täk bil baglap boljak daýanjy hasaplanylýan raketa ukybyndan el çekmegine garaşmak real däl» diýip, ol aýdýar.
Berk liniýalylar bilen baglanyşykly «Fars" we "Tasnim» habar gulluklary bu raketalara hibrew dilinde «Ysraýyl ýer ýüzünden süpürilip aýrylmaly» diýen ýazgynyň ýazylandygyny habar berdiler.
Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusynyň awiakosmiki programmasynyň başlygy, brigada generaly Amir Ali Hajizadeh bu raketalaryň Ysraýyla edilen yşarat bolandygyny aýtdy.
"2 müň kilometre ýetýän raketa ýasamagymyzyň sebäbi, olar biziň uzakdaky duşmanlarymyza, sionist režime ýeter ýaly bolmaly» diýip, ol «Tasnim» habar gullugyna aýtdy.
"Sionist režimini dargytmak üçin raketa atmagyň hajaty ýok, sebäbi ol ýuwaş-ýuwaşdan dargar, biziň esasy duşmanymyz Amerika» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hajizadeh Eýranyň urşa başlamak islemeýändigini hem nygtap geçdi.
"Biz urşa başlanlardan bolmarys, emma biz gapyllykda hem üstümizi basdyrmarys, onsoň biz hakyky uruş üçin hemme zady planlaşdyrdyk» diýip, Hajizadeh aýtdy.
Eýran bu raketa synaglaryny ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň Ýerusalime sapar edip, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gepleşik geçirýän wagtynda geçirdi. Mälim bolşy ýaly, Netanýahu Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ýadro ylalaşygynyň berk tankytçysy bolup durýar.
Baýden Eýranyň raketa synaglaryna göni reaksiýa bildirmedi. Emma ol Waşingtonyň Tährana ýadro ýaraglaryny edinmäge ýol bermejegi baradaky duýduryşlaryny ýene bir gezek dile getirdi.