Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalygyň soňy: Eýranda gyzlar 10 ýaşynda durmuşa çykmaga mejbur edilýär


Ýaş aktrisa 10 ýaşyndaka 47 ýaşyndaky Paola durmuşa çykmaga mejbur edilen Giorgianyň roluny ýerine ýetirýär.
Ýaş aktrisa 10 ýaşyndaka 47 ýaşyndaky Paola durmuşa çykmaga mejbur edilen Giorgianyň roluny ýerine ýetirýär.

Daşyndan seredeniňde ýakymly söýgi dessanyna meňzeýär: Eýranyň bir obasynda bilelikde oýnap, bile ulalan çagalar soňra bilelikde durmuş gurýarlar.

Ýöne Leýla Ala durmuşa çykarylanda 10 ýaşynda, Ali hem 15 ýaşyndady.

“Gije ýatyrkam, gapynyň jaňy kakyldy, goňşular gelip, barmagyma ýüzük dakdylar. Durmuşa çykarylmagym şeýle boldy” diýip, Leýla - abraýyny goramak üçin ady üýtgedildi- gürrüň berýär.

Leýla häzir 22 ýaşynda, diýmek ol ömrüniň ýaryndan gowragyny maşgala aladalary bilen geçiripdir. Bu jähetden garanyňda Leýla ýeke däl. Eýranda bu ýagdaýy başdan geçiren on müňlerçe ýaş gyz bar. Bu ýurtda kanun, ene-atasy razylyk berse, gyzlary 13 ýaşynda we kazy rugsat etse, ondan hem ýaşka durmuşa çykarmaga ýol berýär. Öýlenjek oglanlaryň ýaş çägi bolsa 15.

Raýatlary hasaba alýan milli guramanyň statistikasynda bellenilişine görä, öten ýyl Eýranda kämillik ýaşyna ýetmedik 37 müň çaga nika gyýlypdyr. Hakyky sanyň mundan has ýokary bolmagy mümkin. Sebäbi köp maşgalalar kämillik ýaşyndan bärdäki nikany hasaba aldyranoklar.

"Ol asla gorkmaýardy"

Eýranyň gündogar Azerbaýjan welaýatynda Ali bilen birlikde onuň ene-atasynyň öýünda ýaşaýan Leýla öz obalarynda gyzlaryň köplenç 10 ýaşyndaka ene-atalary tarapyndan zor bilen äre berilýändiklerini aýdýar. Ýöne bu onuň özüniň nika işine taýýarlykly bolandygyny aňladanok.

Leýla: “Men näme edýänimi bilmeýärdim. Gowy ýadymda, ellerim birsyhly titreýärdi” diýýär. Ol soňra hem “15 ýaşyndaky oglan juda ynamly görünýärdi” diýip, sözüniň üstüne goşýar.

“Ol asla gorkmaýardy, ýöne men gaty gorkýardym” diýip, Leýla aýdýar.

Ala oýun tamamlandy, indi ýataly, men ertir öz öýümize baryp, tikin işlerinde ejeme kömek etmeli diýesim gelýärdi.

Leýla nika toýunyň nähili geçendigi barada köp zatlaryň ýadynda galmandygyny aýdýar. Ýöne hemmesi bir oýun ýalydy diýip, toý tamamlanansoň öýlerine, ejesiniň ýanyna, öňki durmuşa dolanmagy arzuwlandygyny belleýär.

Emma bu onuň ejir-azabynyň başlangyjy eken. Ali nikany doly ýerine ýetirmäge kararlydy diýip,10 ýaşynda entek jynsy kämillige ýetmedik Leýla ilkinji jynsy gatnaşygyň gaty agyryly tejribe bolandygyny aýdýar.

“Şu wagt-da muny agzamda ellerim titreýär. Nähili kynçylyk çekenimi asla göz öňüne getirip bilmersiňiz” diýip, Leýla aýdýar.

‘Bular ýaly zatlar bolýandyr’

Ertesi gün Leýla bir lukmana barýar. Lukman öňa: “Ilki kyn bolýandyr, soňra gowulanar” diýip, diňe göwünlik berýär. Lukman aýalyň özüne: “Gaýgy etme, bular ýaly zatlar bolýandyr” diýeni Leýlanyň şindi-de ýadynda.

Aslynda bolsa, bular ýaly zatlar gaty köp bolýar we Birleşen Milletler Guramasy hem muny togtatmak isleýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň çaga hukuklary baradaky komiteti üstümizdäki ýyl Eýranda çagalaryň durmuşa çykarylmagy artýar diýip duýduryş berdi. Ol Yslam respublikasyny gyzlaryň 9 ýaşynda durmuşa çykarylmagyna ýol berýän kanuny üýtgetmäge çagyrdy.

Bu guramanyň tabşyrygy boýunça çaga hukuklary barada Eýranda we beýleki ýurtlarda barlag alyp baran garaşsyz ekspertler Eýran “9 ýaşyndaky gyzlar bilen jynsy gatnaşyga ýol berýär, şeýle hem ýaş çaglaryň jynsy taýdan başga formalarda ulanylmagyny jenaýat hasaplanok” diýip, çuň alada bildirdiler.

Komitet Tähran “çagalaryň jynsy taýdan ulanylmagyna ygtyýar berýän, bu işe göz ýumýan ýa çagalaryň jynsy taýdan ulanylmagyna getirýän ähli düzgünleri ýatyrmaly” diýýär.

Tähranly sosiolog Mostafa Eglimanyň pikiriçe, Eýranda çagalaryň durmuşa çykarylmagyna uly derejede goşant goşýan zat sosial progresiň ýeterlik derejede däldigi we ýurduň oba ýerlerinde ozaldan gelýän däp bilen bagly.

“Kiçeňräk şäherlerde ýaşaýan ilat garyp. Gyzlary 8 ýaşyndamy ýa 9 ýaşynda, muňa ähmiýet bermän, olary äre berýärler. Köplenç ärler-de ýaş, 18, 15 ýa 16 ýaşlarynda” diýip, Eglima aýdýar.

Belgiýada ýaşaýan çaga psihology Možgan Kahen çaga gelinleriň psihologik problemalardan ejir çekmegi ähtimal diýýär:

“Munuň täsirleriniň biri adamyň birsyhly gorky içinde ýaşamagy” diýip, Kahen telefon arkaly geçirilen interwýuda aýtdy.

XS
SM
MD
LG