Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda tanymal aktiwiste 16 ýyl kesildi


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal aktiwist Narges Mohammadi we onuň çagalary.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal aktiwist Narges Mohammadi we onuň çagalary.

Özüne bildirilýän aýyplamalarda, şol sanda ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky kampaniýa agzalykda günäli tapylanyndan soň, eýranly tanymal adam hukuklary boýunça aktiwist jemi 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureaty Şirin Ebadi bilen bilelikde gurlan "Adam hukuklaryny goraýjylaryň merkezi" atly guramanyň başlygynyň orunbasary Narges Mohammadi häzir 6 ýyl möhlet bilen türmede otyr. Täze çykarylan bu agyr höküm hem onuň üstüne urna bolýar.

"Adam hukuklaryny goraýjyny türmede saklamak we beýleki hukuk aktiwistlerini gorkuzmak ondan öç almak üçin edilýän zat" diýip, Mohammadiniň adamsy Tagi Rahmani Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Özleriniň iki çagasy bilen häzir Parižde ýaşaýan Rahmaniniň aýtmagyna görä, 16 ýyl türme tussaglygynyň 10 ýyly "Eýranda ölüm jezasynyň ädimme-ädim ýatyrylmagyna tarap" atly bikanun kampaniýanyň "gurnalmagy" sebäpli berlipdir.

Türme möhleti

Ýöne Rahmani bu kampaniýany guran Mohammadi däl, ol diňe onuň bir agzasydy diýýär.

Rahmani 19-njy maýda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: "Ol kampaniýany gurnan agzalaryň biri däl. Näme üçin ölüm jezasynyň ýokary sanyny aşaklatmak ugrunda işlemek Eýranda jenaýat bolýar?"

Rahmaniniň aýtmagyna görä, Mohammadi "Yslam respublikasynyň garşysyna iş görmek üçin duşuşyk geçirmekde we dildüwşükde" aýyplanyp, 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir, bir ýyl hem oňa "Eýranyň milli howpsuzlygyna garşy iş alyp baranlygy" üçin berlipdir.

Eýranyň kanunlary boýunça üstünden ençeme türme hökümi çykarylan adam haýsynyň möhleti uzak bolsa, şonça türmede oturmaly bolýar. Bu kanuna görä, Mohammadiniň tussaglyk möhleti 10 ýyl.

Bu höküm barada şikaýat suduna hem ýüz tutup bolýar.

Agyr höküm

Fransiýanyň media gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” topary 20-nji aprelde çykarylan karary Eýranyň Aňtaw ministrligi bilen ”Yslam rewolýusiýasynyň sakçylarynyň” täsiri astynda "galplaşdyrylan sud prosesinde" çykarylan karar diýip, ýazgardy.

Toparyň baş sekretary Kristof Deloire 19-nji maýda bir beýanatda: "Bular ýaly agyr höküm Eýranyň sud häkimiýetleriniň adalatsyz häsiýetini görkezýär" diýdi.

Ol soňra hem: "Sud ulgamynyň buýrugy ýokary lideriň özünden alýandygyny hemmeler bilse-de, prezident Rohani kanun bu derejede gödek bozulýan wagty dymyp oturyp bilmez" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Adam hukuklary ugrunda eden tagallalary üçin "Serhetsiz reportýorlar" tarapyndan informasiýa gahrymany diýen hormatly at bilen sylaglanan Mohammadi 2015-nji ýylyň maý aýynda tutuldy.

Ol adam hukuklary ugrunda alyp baran işleri üçin ondan ozal hem ençeme gezek tutulyp, ençeme gezek türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG