“Yslam döwleti” atly ekstremistik topar eýranlylary öz tarapyna çekmek barada alyp barýan kampaniýasyny we pars dilinde gürleýänlere gönükdirilen habary ýaýratmagy soňky wagtlarda güýçlendirdi.
Ol mart aýynyň aýaklarynda pars dilinde bir seýrek wideoýazgyny ýaýradyp, Eýrandaky sünni azlygy şaýylaryň agalygyndaky häkimiýete garşy aýaga galmaga çagyrdy. Eýranyň döwlet mediasy bu wideony “manysyz” we ekstremistik toparyň Yrakda çekýän ýitgileriniň üstüni basyrmak üçin edýän synanyşygy diýip ret etdi.
Ekstremistik topar şondan bäri özüniň internet üsti bilen ýaýradylýan “Rumiýah” atly propaganda neşiriniň dört sanyny çykardy. Pars dilinde Rim mansyny berýän we musulmanlaryň Günbatary basyp almagy baradaky weliliklere salgylanýan “Rumiýah” ençeme dilde, şol sanda iňlis, ors, fransuz we indonesiýa dilinde-de neşir edilýär.
Geçen alty ýyllykda Eýran özüniň ýokary derejeli harby maslahatçylaryny we müňlerçe “meýletinleri” Siriýa iberdi. Bular Yslam döwletiniň jeňçilerini we beýleki yslamçy söweşijileri, şeýle hem Türkiýe we Birleşen Ştatlar tarapynda goldanýan toparlary-da öz içine alýan ýaragly gozgalaňçylara garşy göreşinde, Tähranyň regional ýarany prezident Başar al-Assady goldaýar.
Sünni yslamyň radikal salafistik wersiýasyny wagyz edip, şaýylara dinden dänen diýip garaýan “Yslam döwleti” häzir Yragyň we Siriýanyň bir bölegine “halyfat” diýip kontrollyk edýär.
Eýran “Yslam döwletine” garşy Yrakda barýan söweşe-de işjeň gatnaşýar. Bu ýerde Eýranyň yslam rewolýusiýasynyň sakçylarynyň Yragyň ýaragly güýçlerine maslahatçylyk edýändigi we şaýy ýarym harbylary mobilizasiýa etmäge kömekleşýändigi aýdylýar.
Eýran resmileriniň, şol sanda ýokary lider Aýatollah Ali Hameneýiniň-de aýtmagyna görä, edilýän tagallalar Yslam döwletiniň Eýran territoriýasyna girip, ilerlemeginiň öňüni alar.
“Yslam döwleti saýlanan makalalaryň we beýanatlaryň parsça terjimesini neşir edýär, ýöne ol Rumiýanyň terjimesini ilkinji gezek neşir edene meňzeýär” diýip, Radikallaşma we syýasy zorluk boýunça barlag işlerini alyp barýan halkara merkez ICSR-iň ýokary derejeli işgäri Çarli Winter aýdýar.
Ýöne ol ekstremistik toparyň parsça ýazylan we aşagynda parsça düşündiriş berlen wideolary 2015-nji ýyldan bäri neşir edýändigini-de belleýär.
Winteriň aýtmagyna görä, wideo, şeýle hem žurnalyň parsça sanynyň çykarylmagy “ozaldan alnyp barylýan işlerde logiki öňe gidişlige meňzeýär”.
“Rumiýah” žurnalynyň pars dilindäki ilkinji sanynda ýerleşdirilen bir makalada, ekstremistik toparyň zorlukly ideologiýasynyň kapyrlaryň öldürilmegine näme üçin halal we ybadatyň bir formasy diýip garaýandygy hakda giňleýin durlup geçilýär. Žurnalyň ikinji sanynyň birinji sahypasynda bolsa bir ganly pyçagyň suraty bar. Onda kapyrlary pyçak bilen üstünlikli öldürmegiň ýollary maslahat berilýär. Žurnalyň içindäkiler Rumiýanyň öňki sanlaryndan göni terjime edilene meňzeýär.
“Yslam döwleti” atly toparyň internetiň üsti bilen edýän propagandasy onuň täze agzalary ýa tarapdarlary özüne çekmek we özüniň terrorçylykly wagyzlaryny tutuş dünýä ýaýratmak strategiýasynyň esasy aspekti bolup durýar.
Ol şeýdip, özüne müňlerçe tarapdar toplady. Olar dünýäniň dürli künjeklerinden Siriýa we Yraga baryp, bu topara goşuldylar.
Propagandanyň Eýrandaky sünnilere täsir etmekde nädereje üstünlikli bolandygyny çaklamak kyn.
Analizçileriň pikiriçe, Yslam toparynyň ideologiýasy sünni eýranlylary özüne çekmekde o diýen başarnykly däl. Çak edilişine görä, Eýranyň 81 million ilatynyň 5-10 prosenti sünnilerden durýar. Olar dowamly diskriminasiýa we ýanamalara sezewar edilýär.
“Salafizm bilen pars medeniýeti nebit bilen suw ýaly zat, olar biri-birine garyşanok” diýip, Halkara krizis toparynyň Eýran boýunça ýokary derejeli analizçisi Ali Waez aýdýar. “Zorlukly ekstremizm durnuksyzlykdan gelip çykýar we krisiz artdygyça hem radikallaşýar. Bularyň hiç biri Eýrana degişli däl. Onuň hem durnukly, hem-de güýçli döwlet institusiýalary bar”.
Waez soňra hem: “Yslam döwleti ýaly toparlar bulam-bujarlykdan peýdalanýarlar. Eýrandaky sünnileriň arasynda närazylygyň bolmagy mümkin, ýöne bu bulam-bujarlyk däl” diýip, sözüniň üstüne goşýar.
Resmi maglumatlara görä, Eýranyň sünni ilatynyň 60-90 prosenti 19-njy maýda geçen prezident saýlawlaryna, şeýle-de ýerli saýlawlara gatnaşypdyr. Munuň özi ekstremistik propagandalara gulak asylmaýandygyny görkezýär.
Muňa garamazdan, käbir habarlardan we Eýran resmileriniň barha artýan duýduryşlaryndan çen tutulsa, onda ekstremistik topar eýranlylary hem özüne çekmegi başarana meňzeýär.
2016-njy ýylyň iýunynda Eýranyň habar saýtlary ady agzalmadyk bir “habarly çeşmä” salgylanyp, häkimiýetleriň täze agza toplamak üçin “Telegram” sosial ulgamyndan peýdalanan 18 adamy tutandygyny habar berdiler.
Bu adamlaryň takyk haçan we nirede tutulandygy aýdylanok.
2016-njy ýylyň awgustynda Eýranyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi Yslam döwletiniň günbatar welaýat Kermanşadan özüne agza toplandygyny aýtdy.
“Olar Naft Şahr, Gasr-e Şirin we günbatar regionlarda käbir adamlary özlerine çekipdirler. Olara türgenleşik berlipdir we özlerini öldürmäge niýetlenen keltekçeleri bardy” diýip, general Ahmad Reza Pourdestan aýtdy.
Şol aý Eýranyň aňtaw ministri Mahmud Alawi hem häkimiýetleriň ýaşlardan 1500 adamyň Yslam döwletine goşulmagynyň öňüni alandygyny bildirdi.
Eýran häkimiýetleri, şeýle-de, Tähranda we beýleki şäherlerde amala aşyrmak üçin planlaşdyrylan birnäçe “terroristik” operasiýalaryň hem öňüni alandyklaryny aýtdylar.
Öten hepde Owganystanyň häkimiýetleri Yslam döwletiniň ýygjan iş alyp barýan ýeri hasaplanýan gündogar welaýat Nangarhardan bir wideo ýaýratdy. Bu wideoda bir adam özüniň Eýranyň günbatar Azerbaýjan welaýatyndandygyny we ekstremistik topara “Telegram” arkaly goşulandygyny aýdýar. “Telegram” apini Eýranda millionlarça adamyň ulanýandygyna ynanylýar.
Ýaş ýigit: “Hudaýyň ady bilen, men eýrandan, Günbatar Azerbaýjan welaýatyndan Ýasser. Daeşe [Yslam döwletine] Telegram apiniň üsti bilen goşuldym” diýýär.
Ol başga hem eýranlylaryň Nangarhardaky topara goşulandygyny aýdýar.
Ondan az wagt soňra owganystanly kanun çykaryjy Hazrat Ali Yslam döwletiniň on töweregi jeňçisiniň regionda iş alyp barýandygyny aýtdy.
“Meniň elimdäki maglumatlarda regionda 10-12 eýranlynyň iş alyp barýandygy aýdylýar. Ozallar Yslam döwletindäki eýranlylaryň sany ýüzden agdykdy. Ýöne olaryň nirä gidenini ýa olara näme bolanyny bilemok” diýip, Hazrat Ali 30-njy maýda Azatlyk radiosyna aýtdy.
Azatlyk radiosy bu aýdylýanlary özbaşdak barlap tassyklap bilenok.
Winter Yslam döwletindäki eýranlylaryň sany köplenç ýatdan çykarylýar, ýöne olaryň Yslam döwletiniň jeňçileriniň özüni partladyp amala aşyrýan operasiýalaryna gatnaşýanlary az däl diýýär.
Winteriň taýýarlan bir hasabatynda, 2015-nji ýylyň dekabryndan, 2016-njy ýylyň noýabryna çenli ýedi eýranlynyň Yrakda we Siriýada geçirilen hüjümlerde özüni partladandygy aýdylýar.
Waez Yslam döwleti “Eýrana abanýan çynlakaý howp ... ýöne ýurduň sünni azlygyna edip bilýän täsiriniň çäklidigi onuň ýurduň öz içinden dörän howp däldigini görkezýär” diýýär.