"The New York Times" gazetinde uly harplar bilen ýerleşdirilen sözbaşyda "Biz Eýrana ynam edip bilmeris" diýilýär. Bu bildiriş Birleşen Ştatlarda köp adamlaryň ýadro gepleşikleriň gidişinden närazydygyny görkezýär.
Maglumatlara görä, Eýran öz ýarany Yragyň premýer-ministri Nuri al-Malikiniň hökümetiniň “Yrak yslam döwleti we Lewant” (YYDL) atly topara garşy söweşine ýardam bermek üçin öz birnäçe uruş uçaryny Bagdatda ýerleşdiripdir. Analitikler Eýranyň Yraga edýän kuwwatly harby ýardamynyň şaýy söweşiji toparlaryny türgenleşdirmek we mobilizlemek ýaly çäreleri hem öz içine alyp biljekdigini aýdýarlar.
Eýran öz raýatlaryny has köp çaga dogurmaga mejbur etmäge ukyply däl. Emma ol öz raýatlaryny çaga dogurmazlyk üçin operasiýa etdirmek hukugyndan mahrum edip biler.
Awtoritar döwletler öz ýurdunda media we graždan jemgyýetçiligine garşy ulanýan syýasatyny başga ýurtlara hem eksport edip, demokratiýany gorky astynda saklamak maksadyna eýerýärler.
Eýranyň prezidentiniň aýallar meselesi boýunça orunbasary Şahindoht Molawerdi ýakynda kabul edilen kanuna garşy herekete başlamak planlaryny mälim etdi.
Eýranda aşa dinçi toparlar prezident Hasan Rohaniniň ýadro gepleşiklerinde görnetin ösüş gazanyp, Birleşen Ştatlar bilen sazlaşykly iş alyp barmagyna reaksiýa bildirýärler.
Prezident Rohani bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň arasynda bolup geçen taryhy ähmiýetli telefon söhbetdeşligi, umuman aýdanymyzda, Eýranda hoşallyk bilen kabul edildi.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Siriýa harby interwensiýanyň amala aşyrylmak ähtimallygy ula ýazýar. Başar al-Assadyň iki esasy ýarany – Eýran we Orsýet – bu ýagdaýda mümkin bolan jogap çärelerini oýlap-biçýärler.
Hasan Rohaniniň Eýranyň täze prezidenti bolmagy üçin oňa ses berilmegine kömek eden aýallaryň köpüsi bu işi Rohani aýallaryň erkekler bilen deňhukuklylygyny ilerleder diýen umyt bilen edipdiler.
Hasan Rohani, näçe tagalla etseň-de, hemmeleriň göwnünden turup, hemmeleri razy etmegiň aňsat iş däldigini özüniň prezidentlik döwrüniň ilkinji günlerinde başdan geçirýär.
Hasan Rohani, prezidentlik wezipesine başlar-başlamaz, ilki bilen Mahmud Ahmedinejadyň 8 ýyllyk döwründen galan uly kynçylkyklaryň agramyny ölçäp görmeli.
Eýranyň iň esasy mobil aragatnaşyk kompaniýalaryndan biriniň SMS bäsleşiginde sünnüleri kemsidendigi aýdylýar. Şol sebäpden hem bu kärhana häzir kyn günleri başdan geçirýär.
Eýranly tanymal dissident Muhammed Nurizad öz blogunda bahaýy dinine uýýan 4 ýaşly oglanjyk bilen bolan duşuşygy barada ýazýar.
Hassan Rohani prezident saýlananyndan soň, kanun çykaryjylaryň käbiri Obamany Tähranyň dawaly ýadro programmasynyň çözgüdi baradaky gepleşikleri gaýtadan gozgamaga çagyrýar.
Eýranyň täze saýlanan prezidenti Hassan Rohaniniň bu wezipedäki ilkinji metbugt konferensiýasynda “Etemad” gündelik neşiriniň žurnalisti ondan oppozisiýa agzalaryny boşatmak wadasy barada gytaklaýyn sorady.
Eýranda prezidentlige dalaşgärleriň hiç biri sesleriň 50 prosent we ýene-de goşmak bir köplügini alyp bilmese, bäsleşik ýokary ses alan iki kandidatyň arasynda dowam eder.
Eýranyň ýolbaşçylary 14-nji iýunda boljak prezidentlik saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde interneti böwetleýärler we protest çykyşlarynyň öňüni almaga ukyply ýörite toparlary döredýärler.
Eýranyň ýokary ruhy lideri ýurduň indiki prezidentiniň wezipe ygtyýarlyklaryny suratlandyrmaly bolsady, onda Yslam gymmatlyklaryna sadyklyk we tabynlyk görkezmek talaby ilkinji orny eýelärdi.
Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi özüniň ýurduň ýadro programmasy boýunça ABŞ bilen gepleşiklere garşy däldigini aýtdy. Emma ol şeýle gepleşikleriň netijeli bolup biljegine optimistik garamaýandygyny belledi.
Habarlardan mälim bolşuna görä, Eýran 14-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawlaryndan öň internet senzurasynyi güýçlendirmäge gönükdirilen çäreleri görýär.
Ýene-de ýükle