Owganystanyň prezidentlik saýlawlarynyň daşyndaky ýagdaýyň çykgynsyz görünýändigine garamazdan, prezidentlikden çekilýän Hamid Karzaý täze prezidentiň wezipä geçmek boýunça dabaranyň gününi kesgitledi.
Liwiýada zorluk ýitileşdi. Bu ýerde uruşýan iki sany ýaragly topar ýurduň iki uly şäherini eýelemek ugrunda söweşýärler. Biz zorlukly hereketlerde esasy rol oýnaýanlara we gerimi barha giňäp barýan urşa syn edýäris.
Kabuldaky ABŞ-nyň prezidentiniň adyny göterýän “Obama bazary” soňky ýyllar gülläp ösdi. Ýöne halkara güýçleriniň ýurtdan çykarylmagy bilen baglylykda, bazar agyr günleri başdan geçirýär.
Owganystandaky prezident saýlawlary petige diredi. Biz bu ýagdaýda gelýän günlerde we hepdelerde bolmagy mümkin käbir ssenariýalara göz aýlamaga çalyşdyk.
“Yrak we Lewant yslam döwleti” topary Siriýa we Yrakda basyp alan ýerlerinde özleriniň “halyfat”, ýagny yslam döwletini gurandyklaryny yglan etdiler. Biz munuň taryhy ähmiýetine giňişleýin syn etdik.
Owgan hökümeti ABŞ-nyň goşun çykarmak işini wagtyndan öň jemlemegini makullap biler, emma köp owganlar ýurduň esasy ýarany we ýardam berijisi bolan Waşington tarapyndan terk edilmegini islemeýärler.
Nigeriýaly mekdep okuwçysy gyzlaryň köpçülikleýin ogurlanmagy bütin dünýäde gahar-gazap döretdi. Olaryň ogurlanmagynyň jogapkärçiligini “Boko haram” atly yslamçy topar öz üstüne aldy.
Poliomiýelit keseli bilen kesellänleriň sany soňky ýylyň dowamynda dünýä derejesinde çürt-kesik köpeldi. Pakistan bu ugurdan öňe saýlandy. Munuň bäş sany esasy sebäbi bar.
Owganystanda prezidentlige kandidat Aşraf Gani general Abdul Dostumy öz dalaşgär ýarany hökmünde görkezende, muňa ökdelik bilen edilen syýasy göçüm diýip garalypdy.
Bir wagtlar Moskwanyň Owganystandaky syýasy we medeni güýjüniň simwoly bolan Sowet Ylym we Medeniýet öýi geçen 25 ýyllykda günbatar Kabulda harabalyk bolup ýatdy.
Owganystanda üstümizdäki aýda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda bu ýurtda neşirýatçylyk işleri ýaýbaňlanýar. Owgan hökümeti halky iş orunlary bilen üpjün etmek hem-de döwletiň umumy girdejisine goşant goşmak maksady bilen, prezidentlige dalaş edýän kandidatlara öz saýlaw kampaniýalarynda ulanjak materiallaryny daşary ýurtlarda däl-de, ýurduň içinde çap etdirmegi tabşyrdy.
Eýranda parlamentiň bir wekiliniň ýurduň Günbatar Azerbaýjan welaýatynda "Demirgazyk Kürdistan" atly täze bir welaýatyň döredilmegini teklip etmegi azerileri gahar-gazaba mündürdi.
NATO Owganystana zerur bolan üpjünçilik harytlaryny ugratdy. Ýöne olary daşaýan ýük ulaglary Pakistanda Birleşen Ştatlaryň dron hüjümlerine garşylyk görkezýän protestçiler tarapyndan saklanyldy.
Mundan 30 ýyl öň Angliýa bütin dünýäde köplenç “iňlis hassalygy” diýlip atlandyrylan futbol huligançylygy bilen tanalýardy. Şondan bäri Angliýa sportdaky jynsy kemsitmäni we köpçülikleýin ýowuzlyklary ýok etmekde uly üstünlikleri gazandy.
ABŞ we Owganystan uzak möhletli howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşmak boýunça tagalla edýärkä, Waşingtonyň Owganystandan ähli goşunlaryny çykarmagyny göz öňünde tutýan plan has real görünýär.
Pakistanyň “Tehriki Talyban” topary üçin mirasdüşerlik meselesi elmydama-da ganly geçýär. Diýmek, Pakistanyň “Tehriki Talybany” üçin bu ýagdaý ýene gaýtalanyp biler.
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri “Talybana” garşy şu ýylky söweş möwsümini özbaşdak amala aşyrdylar. Bu owgan goşunynyň ýurduň howpsuzlygyny doly üpjün etmek boýunça ilkinji synagy boldy.
Owganystanda prezidentlik wezipesine dalaş edýän 17 sany dalaşgäriň sanawdan mejbury çetleşdirilmegi käbir nägilelikleri döretdi.
5-nji aprelde Owganystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş edýän kandidatlaryň hersiniň özboluşly nyşanlary bar: Buldozer. Galam. Radio. Gurhan...
Geçen aýda Pakistan “Talyban” hereketiniň ikinji derejeli lideri molla Baradary tussaglykdan boşadanda, onuň parahatçylykly gepleşikleri ýola goýmagyna umyt baglanypdy. Emma bu umytlar başa barmady.
Ýene-de ýükle