Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý inaugurasiýa taýýarlanýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, Kabul
Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, Kabul

Owganystanyň prezidentlik saýlawlarynyň daşyndaky ýagdaýyň çykgynsyz görünýändigine garamazdan, prezidentlik wezipesinden çekilýän Hamid Karzaý täze prezidentiň wezipä geçmek boýunça inaugurasiýa dabarasynyň gününi kesgitlemek we oňa taýýarlyk görmek barada görkezme berdi.

Owganystanda prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň daşyndaky uzaga çeken dawaly ýagdaýdan çykalga tiz tapylmajaga meňzeýär.

Muňa garamazdan, häzirki wagtda döwlet baştutany wezipesinden çekilýän prezident Hamid Karzaý indiki prezidentiň öz wezipesine geçmegi üçin inaugurasiýa dabarasynyň gününi 2-nji sentýabra bellemegine pasgel bermedi. Üstesine, Karzaý bu taryhy waka bilen bagly gyssagly taýýarlyk görmek üçin ýörite hökümet komissiýasyny döretdi.

Bäsdeşler ylalaşmaýar

Emma bu ýerde çözülmedik bir mesele bar, 14-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna degişli sekiz million sesiň gaýtadan barlanmagyna degişli ägirt uly işler entek jemlenenok. Bäsdeş dalaşgärler Abdylla Abdylla we Aşraf Gani häkimiýet bölünişigi barada şu aýyň başynda gelnen ylalaşygyň detallaryny henizem anyklaşdyranoklar. Olaryň hiç biri yza çekilmek islemýär, bu bolsa dawanyň güýçlenmegine getirýär.

Sesleri barlamak prosesi 27-nji awgustda başda Abdylla, yzysüre-de Gani mundan yza çekilensoň, wagtlaýynça togtadyldy we saýlawlaryň netijesiniň hasam bulaşmagyna hem çykalga tapmak mümkinçiliginiň çäklenmegine getirdi.

Ilkinji netijeler ýurduň öňki maliýe ministri Aşraf Ganiniň öňe saýlanandygyny görkezdi. Emma ýurduň öňki daşary işler ministri Abdylla Abdylla netijeleri ret etdi we “yzygiderli galplyklar” barada aýyplamalary öňe sürdi.

Bir hepdeden az wagtyň dowamynda sesleriň barlanjagyna we netijeler bilen bagly şikaýatlara garaljagyna, dalaşgärleriň bolsa netijeleri kabul edip, syýasy çykalgalar barada özara ylalaşjagyna garaşmak çakdanaşa optimistik umyt bolup görünýär.

Innaugurasiýa taýýarlyk

Muňa garamazdan, Karzaý inaugurasiýany guramaçylykly geçirmek barada görkezme berdi.

Komissiýanyň we onuň dürli komitetleriniň 25-nji awgustda bolan duşuşygy taýýarlyklaryň görülýändigini mälim etdi. Maslahata Administratiw meseleler we Ministrlikleriň geňeşi boýunça edaranyň müdiri Sadek Modaber ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň detallary edaranyň resmi websaýtynda çap boldy.

Karzaýyň edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Mohammad Zahir Gousa çakylyk hatlaryny ibermek we dabaranyň geçiriljek ýeri bolan Kabulyň ”Salam Hana” köşgüni bezemek tabşyrygy berildi.

Informasiýa we medeniýet boýunça ministriň orunbasary Gulam Nabi Faraha media merkezini döretmek we inaugurasiýa gatnaşjak onlarça daşary ýurt resmileri üçin terjimeçileri taýýarlamak tabşyryldy.

Şol bir wagtyň özünde-de Kabulyň Arassaçylyk boýunça milli edarasynyň ýolbaşçysy Nisar Ahmad Habibi Kabulyň halkara aeroportundan köşge tarap barýan esasy ýoly täzelemek we ony ýol belgileri hem liniýalar bilen üpjün etmek tabşyrygyny aldy. Oňa şeýle-de ýoluň gyrasynda bildirişleri hem milli baýdaklary dikmek we gül ekmek tabşyrygy berildi.

Kabulyň halkara aeroportunyň ýolbaşçysy Mohammad Yaqub Rasula esasy terminaly reňklemek we ýokary derejeli ýolagçylar üçin WIP zalyny täzelemek tabşyryldy.

23-nji awgustda ýaýradylan beýannamada prezidentiň köşgüniň dabara doly taýýardygy aýdyldy.

Täze prezidentiň wezipä geçiş dabarasy başda 2-nji awgustda bolmalydy. Şondan bäri bu çäre iki gezek yza tesdirildi.

Abdullanyň we Ganiniň saýlaw kampaniýalarynyň wekilleri 26-njy awgustda prezident Hamid Karzaý bilen duşuşdylar we inaugurasiýanyň geçirilmeli gününi geňeşdiler.

Abdullahyň wekilleri wagt möhleti “hakykata laýyk gelmeýär” diýdiler. Ganiniň topary bolsa bu möhüm çäräni yza tesdirmezlige çagyrdylar.

Prezidentiň metbugat wekiliniň orunbasary Fayek Wahidi inaugurasiýanyň gününiň üýtgedilmejegini mälim etdi.

NATO-nyň duşuşygynyň öňüsyrasynda

ABŞ Owganystanyň indiki prezidentiniň NATO-nyň 4-5-nji sentýabrda boljak sammitiniň öňünden geçirilmegini ündeýär. Bu maslahatda NATO-nyň söweşiji missiýasynyň şu ýylyň aýagynda tamamlanmagyndan soň Kabula beriljek maliýe kömegiň möçberi kesgitlenmeli.

Karzaý häkimiýetden çekilmäge islegli görünýär. Karzaýyň metbugat wekili Aimal Faizi Karzaýyň duşuşyga özüniň däl-de, eýse oňa täze prezidentiň barmagyny isleýändigini aýan etdi.

Karzaý gijeki çaknyşyklar we howa zarbalary zerarly parahat ilatyň pida edilmegi meselesinde NATO bilen garşylaşdy.

Şeýle-de prezident Karzaý, ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşyp, halkara güýçleriniň Owganystanda dekabr aýyndan soň galmagyna rugsat bermekden ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG