Pakistanyň “Tehriki Talyban” topary üçin mirasdüşerlik meselesi elmydama-da ganly geçýär we köplenç ganly netijeler bilen soňlanýar. Diýmek, Pakistanyň “Tehriki Talybany” üçin bu ýagdaý ýene gaýtalanyp biler. Agzalýan toparyň ozalky harizmatiki hem gazaply lideri Hakimullah Mehsudyň Birleşen Ştatlaryň 1-nji noýabrda Pakistanyň Federal gözegçiligindäki taýpalaýyn ýaşalýan regionalarynda amala aşyran dron, ýagny pilotsyz uçarynyň hüjüminde öldürilendigi aýdylýar.
Birnäçe günläp gizlinlikde dowam eden duşuşyk we ýygnaklardan soň, ahyrsoňy “Tehriki Talyban” öz “şurasynyň”, ýagny Geňeşiniň başlygy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde Asmatullah Şahin Bittanini saýlady. Ýöne Bittani hemişelik lider saýlanýança Geňeşe başlyklyk eder we onuň wagtlaýyn wezipesiniň örän gysga möhletli boljagy çaklanylýar.
Yza süýşürilýän kararlar bilen bir hatarda beýleki meýletinçi söweşiji toparlar bilen “Tehriki Talybanyň” arasynda erk ugrunda düşünişmezlikler we çaknyşyklaryň bolmagy ahmal. Käbir meýletinçi toparlar ozal hem beýlekiler bilen ganly söweşlere girişipdi.
Waşingtonda ýerleşýän “Woodrow Wilson” adyndaky alymlar merkeziniň hünärmeni Maýkl Kugelman “Tehriki Talyban” toparynyň arasyndaky içki düşünişmezlikleriň köplenç ganly çaknyşyklara sebäp bolandygyny gürrüň berýär: “Agzalýan gurama üçin baştutanlyk wezipesi elmydama-da wawwaly mesele bolup galdy. Sebäbi bu guramanyň içinde başga-da köp sanly kiçi göwrümli toparlar bar. Olaryň hemmesi diýen ýaly dartgynlylyga meýilli toparlar. Şonuň üçin hem baştutan saýlamak olar üçin elmydama kyn mesele bolup gelýär”.
Kugelmanyň aýtmagyna görä, Hakimullah Mehsud “Tehriki Talyban” toparyna demir penje bilen höküm edýärdi. Ýöne onuň gitmegi bilen indi toparyň içinde çaknyşyklaryň bolmagy mümkin.
2009-njy ýylda toparyň ozalky lideri Baýtullah Mehsud hem Birleşen Ştatlaryň amala aşyran dron hüjümi bilen öldürildi diýlipdi. Şondan soň hem topara baştutan saýlamak meslelesi kyn düşüpdi we özara düşünişmezlikler we çaknyşyklar birnäçe hepdeläp dowam edip, hatda olaryň (“Tehriki Talyban” we onuň düzümindäki beýleki meýletinçi toparlaryň) arasynda ýaragly dawalar, atyşyklar hem bolupdy.
Toparyň Geňeşiniň agzalary üstümizdäki günlerde özüne baştutan saýlarlar. Baştutanlyk wezipesine geçmegi ahmal bolan käbir adamlar barada gysgaça gürrüň edeliň.
Han Sajna Said
Wezipä isleg bildirýän adamlardan biri hem Han Said. Ol ozalky baştutanyň orunbasary bolupdy we “Talyban” toparynyň arasynda oňa “Sajna” hem diýilýär. 36 ýaşly Said Hakimullah Mehsudyň wezipesine dalaşgär hökmünde görkezilýär. Ol “Tehriki Talyban” toparynyň günorta Weziristan ganatynyň başlygydyr.
Onuň Walinur Rehman bilen gowy gatnaşyk saklaýandygy bilinýär. Walinur Rahman hem Pakistanyň “Tehriki Talyban” toparynyň lideriniň orunbasary bolup ol hem maý aýynda amala aşyrylan amerikan dron hüjüminde öldürlipdi. Said Pakistan hökümeti bilen parahatçylykly gepleşikleri goldaýandygyny aýdyp çykyş edipdi. Käbir habarlardan çen tutsaň, Said täzeçillige we döwrebaplyga eýerýär, beýleki maglumatlara garasaň, ol zalym söweşiji hem-de ideologiýanyň janköýeri.
Demirgazyk we günorta Weziristanda Saidiň giňden goldanylýandygyna ynanylýar. Agzalýan ýerler Pakistanyň “Tehriki Talyban” toparynyň örňän ýeri we olaryň “ştab kwartiralary”, ýagny düýp edarasy hem şol ýerlerde ýerleşýär. Şeýle-de Said mehsud taýpasyna degişli, bu taýpa-da topara agalyk ediji güýç.
Galyberse-de, Saidiň Owganystandaky “Talyban” toparlary bilen hem-de Hakkany şahasy bilen dostlukly gatnaşýandygy aýdylýar. Hakkany şahasy “Al-Kaýdanyň” düzümindäki terrorist topar bolup, olar Owganystandaky owgan güýçlerine we halkara güýçlere garşy ganly söweşleri alyp barýar.
Birleşen Ştatlaryň düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantik geňeşiniň Günorta Aziýa boýunça müdiri Şuja Nawaz Said barada ol iň “başarjaň” dalaşgär diýýär: “Günorta Wezirstanly we Mehsud taýpasyna degişli bir adam “Tehriki Talybanyň” uzak ýerlerde amala aşyrýan operasiýalaryna “goý” diýip biler. Agzalýan operasiýalar ýerli komandirler tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýle-de öňünden şert goýmazdan gepleşikleri geçirmäge taýýarlykly adam saýlanar”.
Şahriýar Mehsud
Şahriýar Mehsud hem “Tehriki Talyban” söweşijilerinden bolup, ol kän bir giňden tanalmaýar. Ol Baýtullah Mehsudyň döwründe demirgazyk Weziristandan çykarylyp kowlupdy. Onuň 2009-njy ýylda Baýtullah Mehsud öldürilýänçä, ýagny 2009-njy ýyla çenli Owganystanda ýaşandygy, we şondan soň ýene Demirgazyk Weziristana dolanandygy aýdylýar.
Şahriýar Mehsud elmydama-da Hakimullah Mehsud bilen ýakyn gatnaşyk saklaýardy, ýöne ol hiç haçan ýokary wezipleri eýelemedi. Hakimullah Mehsud öleli bäri Şahriýaryň tarapdarlary onuň baştutanlygyny goldaýandyklaryny aýtdylar. Ýöne onuň täsir güýjüniň pesdigi we tejribesizligi onuň TTP lideri bolmagyna böwet bolup biler.
Hakimullah Mehsud bilen Saidiň arasynda oňşuksyzlyklaryň bolandygy aýdylýar. Said şu ýylyň başynda toparyň lideriniň orunbasary wezipesine geçirlipdi. Olaryň oňşuksyzlyklarynyň sebäbi Pakistanyň hökümeti bilen geçirilmegi meýilleşdirilen parahatçylykly gepleşiklerdi. Said bu gepleşikleri goldasa, Hakimullah Mehsud şeýle gepleşiklere düýbünden garşydy.
Omar Halid Horasani
Horasani Pakistanyň tire-taýpalar regionynyň “Mohmand” agentliginiň baştutany bolup, ol hem “Tehriki Talyban” toparynyň hatarynda söweşýär. Ýeri gelende aýtsak, Horasani TTP-niň iň bir güýçli liderlerinden biridir. Onuň hakyky ady Abdul Wali bolup, ol Safi Puştun taýpasyna degişlidir.
Horasaniniň “Al-Kaýda” bilen ysnyşykly gatnaşýandygy aýdylýar we onuň Pakistanyň Gimalaý regionynda, has takygy Kaşmirde söweşendigi habar berilýär. Onuň güýçli dalaşgärdigine garamazdan, Horasaniniň baştutanlyk wezipesini eýelemegine soragly garalýar, sebäbi ol Mehsud taýpasyndan däl.
Molla Fazlullah
Fazlullah TTP-niň Swat jülgesindäki toparlarynyň baştutanydyr. Onuň baştutanlyk edýän talyban güýçleri 2007-nji ýylda Swat jülgesini eýlediler we agzalýan ýerde edil owgan talybany ýaly berk hem ýowuz düzgünleri ýola goýdular. Ol ýerde adamlara mejbury sakgal goýberdilýär, aýallaryň daşaryk çykyp aýlanmagyna gadagançylyk girizildi we mekdepler ýykylyp-ýumruldy. 2009-njy ýylda Pakistanyň ýaragly güýçleri Fazlullahy we onuň söweşijilerini Swat jülgesinden esasan gysyp çykardylar. Onuň häzirki wagtda günorta Owganystan bilen Pakistanyň serhedinde bir ýerde ýaşaýandygy aýdylýar.
Muňa garamazdan, Swat jülgesinde entegem onuň söweşijlerinden käbirleriniň bardygy aýdylýar.
Berilýän maglumatlara görä, geçen ýyl Malala Ýusufzainiň we onuň mekdepde bile okaýan klasdaşlarynyň üstüne hüjüm edenler Fazlullahyň toparyna degişli söweşijilerdir.