Bir wagtlar Moskwanyň Owganystandaky syýasy we medeni güýjüniň simwoly bolan Sowet Ylym we Medeniýet öýi geçen 25 ýyllykda günbatar Kabulda harabalyk bolup ýatdy.
Gitdigiçe dargap, sandan galan bu bina Sowet Soýuzynyň we Orsýetiň Owganystandaky täsiriniň soňlanandygyny aňladýardy.
Medeniýet merkezi
Ýöne indi ors hökümeti bu äpet binany täzeden dikeltmk üçin 20 million dollar çykdajy edýär. Bina üstümizdäki ýylyň aýaklarynda Orsýetiň medeni merkezi hökmünde täzeden açylar.
Orsýetiň medeni merkezi Moskwanyň Owganystanda meliýeleşdirýän 150 töweregi proýektiniň diňe biri. Orsýet sowet döwrüne degişli proýektleri täzeden dikeldip, Owganystanda öz ykdysady we medeni täsirini täzeden ornatmak üçin onlarça million dollar harajat edýär. Geçen iki ýyllykda Moskwa Owganystanda köplenç jaý gurluşygyna 100 milliondan agdyk maýa goýdy.
Najibullah Huşbin Kabulda ýerleşýän ”Najibullah Huşbin Gurluşyk” kompaniýasynyň eýesi. Ol bu ugurda jikme-jik maglumat bermese-de, öz kompaniýasynyň ors kompaniýalarynyň ençemesi bilen şertnama baglaşmak ugrunda iş alyp barýandygyny aýdýar: "Biz geljege gaty umytly garaýarys. Orsýetiň maýa goýmagy barada meniň pikirim gaty oňaýly. Çet ýurt kompaniýalary Owganystanda maýa goýjak bolsalar, biz elimizden gelen kömegi etmäge taýyn".
Merkezi Owganystanyň paýtagtynda ýerleşýän "Mainawal Rahman - Jaý we gurluşyk" kompaniýasynyň müdiri Rahman Watanwal hem Orsýetiň Owganystandaky işlerine oňaýly baha berýär.
"Biz Orsýetiň Owganystana edýän kömegine gaty begenýäris. Olar biziň goňşymyz. Şol sebäpden bu iş gaty möhüm. Olaryň geçmişde eden kömegi gaty ähmiýetli boldy. Olar henizem netijeli" diýip, Watanwal aýdýar.
Emma...
Ýöne edil şu wagt, Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda Owganystanda alnyp barlan uruş tamamlanyp gelýärkä, Moskwanyň ýurtda maýa goýmagy käbir töwerekleri ikirjiňlendirýär.
Owganystanly syýasy analizçi Ahmad Saeediniň pikiriçe, Owganystanyň ýene bir gezek Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň bäsleşik meýdanyna öwrülmegi mümkin. Ol Orsýetiň Owganystandaky işjeňliginiň Waşingtony aladalandyrjakdygyna, sebäbi bu işleriň Amerikanyň täsirine garşy gönükdirilýändigine ynanýar.
"Orsýet Amerikanyň regiondaky rolunyň hem ykdysady hem-de syýasy taýdan gowşap gelýänini görýär. Orsýet Amerikanyň Owganystandaky bähbitlerine zyýan ýetirmäge synanyşýar. Ol şeýle hem öz güýjüni we täsirini-de täzeden ornatmaga synanyşýar" diýip, Saeedi aýdýar.
Halkara krizis toparynyň Kabuldaky ýokary derejeli analizçisi Graeme Smitiň pikiriçe bolsa, Waşington Orsýetiň Owganystanda köpräk rol oýnamagyna garşy bolmaly däl, tersine, muny goldamaly.
"NATO bilen Birleşen Ştatlar öz sowuk uruş instinktlerini ýeňip geçip bilseler, onda Owganystanyň goňşularyny, regional goňşulary bu ýurtda döwlet gurluşygy proýektine çekmegiň öz bähbitlerinedigini görerler. Orsýetiň işleri Owganystany durnuklylaşdyrmakda orta ýa uzak möhletli rol oýnap biler" diýip, Smit aýdýar.