Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan-amerikan dawasy we Pakistan


Pakistan bilen Ogwanystanyň serhedindäki Torham araçägindäki NATO-nyň ýük kerweni.
Pakistan bilen Ogwanystanyň serhedindäki Torham araçägindäki NATO-nyň ýük kerweni.
Soňky döwürde Owganystan bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda ýüze çykan düşünişmezliklere has ýakyndan syn etmek üçin ilki bilen Pakistanyň ýollarynda nämeleriň bolup geçýändigine nazar aýlalyň.

Sebäbi NATO-nyň harby üpjünçilik maksady bilen Owganystana ugradan ýükli ulaglary Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Haýber Pahtunhwa welaýatynda eýýäm bir hepde bäri protestçiler tarapyndan goýberilmän saklanylýar.

Emele gelen bu ýagdaý soňky döwürlerde düşünişmezlikleri başdan geçirýän Kabul bilen Waşingtonyň arasyna düşen towy has hem güýçlendirdi. Owganystan NATO-nyň harby üpjünçilik ýardamyny bilgeşleýin owgan goşunyna we polisiýasyna ugratmaýandygyny aýdýar. NATO koalisiýasy bolsa beýle aýyplamalary ret edip Pakistanda dörän blokadanyň bökdençlik döredýändigini belleýär.

Birleşen Ştatlaryň Pakistana edýän dron hüjümlerini bes etmegini talap edýän ýüzlerçe demonstrant 23-nji noýabrda Owganystana ýük alyp barýan NATO-nyň ýük kerwenini sakladylar we sürüjilere hüjüm etdiler. Bu ýagdaýdan biynjalyk bolan Waşington Pakistanyň üsti bilen Owganystana harby üpjünçilik materiallaryny ugratmagy wagtlaýynça togtatdy.

Agzalýan ýüzlerçe ýük ulagynda Owganystanyň 350.000 adamlyk Owgan Milli howpsuzlyk güýçlerine zerur bolan serişdeler bar. Polisiýa işgärlerini we harby güýçleri hem öz içine alýan Milli Howpsuzlyk güýçleri ýag-ýangyç, ulag, harytlary daşamak we beýleki üpjünçilik meseleleri boýunça koalisiýa güýçlerine garaşly.

Täze saýlanan hökümetiň (PTI) çagyryşy bilen Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri Haýber Pahtunhwadaky demonstrantlara töwella etdiler. Pakistanda täze saýlanan hökümete kriket ýyldyzy Imran Han ýolbaşçylyk edýär. Ýöne transport bileleşikleriniň aýtmaklaryna görä, ulag sürüjiler özlerine hüjüm edilmeginden gorkup, öz ýollaryny dowam etdirmändirler.

Protestçiler

Peşawardaky “Haryt transporty” bileleşiginiň başlygy Ýusuf Han protestçileriň Peşawarda hem ýük ulaglaryny saklap, içinde NATO-nyň harytlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlaýandyklaryny aýdýar.

“Häzir protestçiler örän nädogry hereket edýärler. Olar öten-geçeni, ulaglary saklap barlaýarlar. Mysal üçin, olar sement daşaýan bir ulagy saklap, onuň işine böwet bolýarlar. Ýogsa, sürüjileri NATO-nyň harydy gyzyklandyranok. 10-20 adam ulaglary saklap, olaryň dokumentlerini barlaýarlar. Ulag sürüjiler hem onsoň şol garaşyp durlar”.

Şeýle seredeniňde, NATO-nyň ýük ulaglarynyň Pakistanyň içinden geçip bilmegine diňe merkezi hökümet karar bermeli. Yslamabat Birleşen Ştatlaryň dron hüjümlerini tankyt edip, şeýle hüjümleriň ýurduň özbaşdaklygyna kast edýändigini aýtdy. Ýöne hökümetiň bu tankydy Birleşen Ştatlaryň 2011-nji ýylyň noýabr aýynda Pakistanyň Owganystan bilen araçäkleşýän ýerinde dron hüjümlerini amala aşyrmagyna päsgel berip bilmedi we hüjümleriň soňy ýedi aýa çenli dowam eden blokada bilen utgaşyp gitdi.

Pakistanyň üstünden geçýän ýol NATO-nyň Owganystana harby hojalyk materiallaryny gatnatmak üçin iň amatly ýoldur. NATO kerweni Haýber Pahtunwanyň üsti bilen Torhum serhet geçelgesine barýar we ol ýerden hem Owganystanyň çägine girýär. NATO-nyň ulanýan beýleki ýoly hem Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň üstünden geçýär we bu ýol Çaman serhet geçelgesine eltýär.

Pakistanyň “Treýler assosiasiýasynyň” başlygy Hanif Marwadyň aýtmagyna görä, eger-de ýol baglamak wakalary şeýle dowam etse, ähli kompaniýalar Owganystana edýän ýük gatnawlaryny togtatmaga mejbur bolarlar.

“Protestçiler maşynlara hüjüm edýärler, sürüjilere hüjüm edýärler we olaryň ýüklerini talaýarlar. Ýükleriň esasy eýeleri bu barada hiç hili çäre görmeýärler. Biz premýer-ministr Nawaz Şarife PTI demonstrasiýalary dowam etdiribersin, ýöne daşalýan ýüklere zyýan ýetirmesinler diýip, ýüz tutduk.”

Ýollaryň baglanmagy Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaýyň şu hepde Birleşen Ştatlary aýyplamagyna sebäp bolandyr. Owgan prezidenti zerur bolan harby-hojalyk serişdeleriniň öz ýurduna bilkastlaýyn ugradylmaýandygyny we Birleşen Ştatlaryň Owganystany howpsuzlyk ylalaşygyna gol çekmäge mejbur etjek bolup, muny bilgeşleýin edýändigini nygtap, aýyplama bildiripdi.

Harby üpjünçilik materiallarynyň goýberilmezligi

Owgan prezidenti Waşington bilen “Ikitaraply Howpsuzlyk ylalaşygyna” gol goýmakdan ýüz öwrüpdi. Onuň ylalaşygy ret etmegi Waşingtonyň gaharyny getirip, Ak tam, eger Karzaý 31-nji dekabrdan öň ylalaşyga gol çekmese, onda 2014-nji ýylda ähli amerikan harbylaryny ýurtdan çykarjakdygyny aýdyp, haýbat atypdy.

Düýbi Kabulda ýerleşýän “Strategiki barlaglar merkeziniň” müdiri Waliulla Rahmani harby üpjünçilik materiallarynyň Owganystana goýberilmezligi Kabul bilen Waşingtonyň gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir edip biler. Iki ýurt onsuz hem “Howpsuzlyk ylalaşygy” meseleleri boýunça oňşuksyzlyklary başdan geçirýärler diýýär: “Bu waka bireýýäm dartgynly ýagdaýlary güýjetdi. Indi birek-biregi “günäkärlemek dawasy” dowam edýär. Ýollaryň baglanmagyna näme sebäp bolýan hem bolsa, bu ýagdaý Waşington bilen Kabulyň gatnaşyklaryny öňküsindenem has ýaramazlaşdyrar”.

Pensiýa çykansoň syýasy analizçi bolan owgan generaly Abdul Wahid Takat 90-njy ýyllarda Owganystanyň kommunistik režiminiň ýykylmagy bilen bagly bolan howply wakalary mysal hökmünde görkezýär. Haçan-da Moskwa özüniň owgan harbylaryna edýän kömeklerini bes edende, Owganystanyň harby güýçleri tutuşlygyna diýen ýaly çagşapdy we munuň netijesinde ýurtda graždanlyk urşy başlapdy. Şondan soň “Talybanlar” hökümet başyna geçipdi.

“Eger-de Birleşen Ştatlar Owganystana berýän kömegini togtadan bolsa, onda bu olaryň Owganystanyň howpsuzlyk edaralaryna garşy ýürekde duşmançylyk besleýändikleriniň alamatydyr.”

Owganystanyň prezident köşgüniň 2-nji dekabrda ýaýradan beýanata görä, owgan häkimiýetleri Birleşen Ştatlary “özlerine basyş etmekde we özlerine garaşly etmekde” aýyplaýarlar. Şeýle-de beýanatda: “Zerur üpjünçiligiň bes edilmegi Birleşen Ştatlaryň [Owganystan bilen aradaky] hukuk gatnaşyklaryna dogry gelmeýär” diýip bellenilýär.

Beýanatda Owganystanyň Goranmak ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň beren maglumatlary hem agzalypdyr. Agzalýan ministrlikleriň 1-nji dekabrda geçiren howpsuzlyk boýunça ýygnaklarynda soňky birnäçe günüň dowamynda “iki-üç gezek” üpjünçiligiň togtadylandygy aýdylýar.

NATO-nyň koalision güýçleri aýyplamalary ret edip özleriniň Owganystanyň Howpsuzlyk güýçlerinden alan sargytlaryny kemsiz ýerine ýetirýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG