Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baradaryň boşadylmagy umydy ödemedi


"Talyban" hereketiniň öňki söweşijileri owgan hökümetiniň amala aşyrýan parahatçylyk we barlyşyk prosesiniň çäginde geçirilen dabarada, Hyrat, 23-nji oktýabr, 2013.
"Talyban" hereketiniň öňki söweşijileri owgan hökümetiniň amala aşyrýan parahatçylyk we barlyşyk prosesiniň çäginde geçirilen dabarada, Hyrat, 23-nji oktýabr, 2013.

Geçen aýda Pakistan “Talyban” hereketiniň ikinji derejeli lideri molla Baradary tussaglykdan boşadanda, onuň Owganystanyň hökümetiniň we “Talybanyň” arasynda parahatçylykly gepleşikleri ýola goýmagyna umyt baglapdy. Emma bu umytlar başa barmady. Muňa molla Baradaryň, hakykatda, azat bolmanlygynyň täsiriniň ýetndigi çak edilýär.

Ýaňy-ýakynda owgan hökümeti molla Baradaryň boşadylmagyny “Talyban” hereketi bilen parahatçylykly gepleşikler üçin wajyp ädim hökmünde makullapdy.

Emma “Talyban” hereketini esaslandyranlaryň biri bolan we onuň ýolbaşçylygynda ozal ikinji orny eýelän molla Abdul Ghani Baradaryň Pakistan tarapyndan boşadylmagy Kabulyň umutlaryny ödäp bilmedi.

Kabulyň we “Talybanyň” arasynda häzire çenli hiç hili gepleşikler planlaşdyrylanok. Baradaryň nirededigi mälim edilenok. Onuň, hakykatda, boşadylmandygy barada pikirler bar. Bu ýagdaý Kabulyň Owganystanda 12 ýyl bäri dowam edýän konflikti parahatçylykly soňlamak boýunça edýän tagallalaryna ýene bir zarba boldy.

Baradaryň sentýabr aýynda boşadylandygy barada habar berilmeginiň öňüsyrasynda-da onuň parahatçylyk prosesinde oýnajak roly köp soraglary döredipdi. Onuň “Talyban” hereketiniň häzirki ýolbaşçylaryna ýetirýän täsirine we bu guramany gandöküşikli hereketlerden el çekmäge ündäp biljegine şübhe bildirilipdi.

Baradary azat etmek

Baradaryň boşadylmagy Owganystanyň hökümeti üçin möhüm meseleleriň birine öwrülipdi. Molla Baradar 2010-njy ýylda Karaçi şäherinde Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy bilen bilelikde geçiren operasiýasynda ele salnypdy.

Kabulda ýerleşýän we Owganystan boýunça garaşsyz barlaglary amala aşyrýan guramanyň baş bilermeni Kate Klark Baradaryň boşadylmagynyň parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere tiz täsir ýetirmändiginiň özüni geň galdyrmaýandygyny aýtdy.

Klarkyň bellemegine görä, netijeleriň bolmagy üçin Baradaryň boşadylmagy däl-de, onuň işe girişmegine syýasy şertleriň we mehanizmleriň bolmagy zerur. “Şeýle-de, biz Baradaryň parahatçylygy isleýändigini-de bilmeýäris. Ençeme ýyllap Pakistanyň türmesinde bolansoň, onuň söweşe isleg bildirýän bolmagy-da mümkin” diýip, Kate Klark aýtdy.

Bilermen Kabulyň Pakistanyň Baradary öz gözegçiliginden doly boşatmagyna garaşmagynyň hakykata laýyk bolmajakdygyny belledi.

Öý tussaglygy

Pakistan Baradaryň “barlyşyga gelinmek meselesinde duşuşmaga we gepleşmäge erkindigini” yglan eden hem bolsa, onuň öý tussaglygynda saklanýandygyny görkezýän käbir alamatlar bar. Bilermeniň pikirine görä, “Talybanyň” islendik lideriniň parahatçylyk prosesine netijeli gatnaşmagy üçin onuň hem Yslamabatdan hem-de Kabuldan erkin bolmagy zerur.

Owganystanyň prezidenti tarapyndan bellenen we “Talyban” bilen gepleşik geçirmäge ygtyýarly Parahatçylyk ugrundaky ýokary geňeş Baradaryň häzirki wagtda Pakistanyň dartgynly Peşawar regionyndadygyny aýtdy.

Bu Geňeşiň metbugat wekili Maulawi Şahzada Şahid Baradaryň adresiniň mälimdigini, emma onuň habarlaşmak mümkinçiliginiň çäkli bolandygy zerarly aragatnaşygy ýola goýup bolmaýandygyny habar berdi.

Şahzada Şahid owgan tarapynyň molla Baradaryň parahatçylyk ugrundaky prosese gatnaşmagy üçin onuň doly azat edilmegini isleýändigini aýtdy.

“Talyban” hereketi hem Baradaryň öý tussaglygynda saklanmagy sebäpli onuň bilen habarlaşmandygyny habar berdi. 9-njy oktýabrda ýaýradylan beýannamada “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid Baradaryň Yslamabatdan garaşsyz islendik adam bilen habarlaşmaga we islendik ýere barmaga mümkinçiliginiň bolmalydygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG