Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: “Demirgazyk Kürdistan” teklibi galmagal turuzdy


Yrakda Kürdistanyň baýdagynyň güni bellenilýär
Yrakda Kürdistanyň baýdagynyň güni bellenilýär
Eýranda parlamentiň bir wekiliniň ýurduň Günbatar Azerbaýjan welaýatynda "Demirgazyk Kürdistan" atly täze bir welaýatyň döredilmegini teklip etmegi Eýranyň iň uly etniki azlygy bolan azerileri gahar-gazaba mündürdi.

Täze welaýatyň döredilmegini 5-nji ýanwarda parlamentiň maslahatynda teklip eden kürt halk wekili Osman Ahmadi. Onuň teklibine görä, täze welaýatyň merkezi Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynda ilaty esasan kürtlerden durýan Mahabad şäheri bolmaly.

Häzirki Kürdistan welaýaty bilen serhetdeş Günbatar Azerbaýjan welaýatynda agdyklyk edýänler azeriler. Ýöne kürtler "köplük biz" diýýärler.

Dartgynlylyk

Ahmadiniň beýanaty täze welaýata territoriýa bermäge mejbur bolmakdan howatyr edýän günbatar azerbaýjanly kanun çykaryjylary gaharlandyryp, kürtler bilen azeriler arasynda ozaldan dowam edip gelýän dartgynlylygyň täzeden möwjemegine getirdi.

Türki dilli azeriler, esasan, şaýy. Dili bulardan tapawutlanýan kürtleriň bolsa aglabasy sünni. Bu milli azlyklaryň ikisiniň-de köpçülikleýin ýaşaýan ýeri Eýranyň demirgazyk-günbatarynda Yrak, Türkiýe we Azerbaýjan respublikasy bilen serhetdeş etraplar.

Eýranyň Demirgazyk-Günbatar welaýatlary Yslam respublikasy bilen Azerbaýjanyň arasynda hem häli-şindi diýen ýaly diplomatiki dawalara sebäp bolýar.

Azerbaýjan respublikasynda eýranly azerileriň garaşsyz bolmagyny goldaýan milletçi toparlar bar.

Eýranyň habar gullugy ISNA-nyň bildirmegine görä, Ahmadi 5-nji ýanwarda kanun çykaryjylara hökümetiň döretmegi planlaşdyran täze welaýatlarynyň biri "Demirgazyk Kürdistan" bolmaly diýipdir.

Öten birnaçe aýlykda Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli hökümetiň 10 sany täze welaýat döretmeginiň mümkindigini, ýöne bu ugurda entek gutarnykly karara gelinmändigini aýtdy. Eýranyň welaýatlarynyň sany häzir 31. 2004-nji ýyldan bärde 4 täze welaýat dördildi.

Reaksiýalar

Ahmadiniň "Demirgazyk Kürdistan" baradaky teklibine Eýranda azeri parlamentçileriniň birnäçesi berk reaksiýa görkezdi.

Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň merkezi orumiýeli (Urumiýa) parlament wekili Nader Gazipur Ahmadiniň teklibini "propaganda" diýip häsiýetlendirdi.

"Şnobas.ir" habar saýtynyň sitirlemegine görä, Gazipur: "Biz Günbatar Azerbaýjanyň bölünmegine hiç bir halatda ýol bermeris" diýipdir.

Ýene bir günbatar azerbaýjanly parlament wekili Hajatul Yslam Rohullah Begi Ahmadini masgaralap: "Hatda Miandoabyň-da [Günbatar Azerbaýjan welaýatyndaky bir şäherçe] welaýat bolma mümkinçiliginiň mundan has ýokarydyny özünde ikinji synp okuçysynyň akyly bar bolan her bir adam bilýändir" diýdi.

Eýran parlamentiniň sünni we kürt fraksiýasynyň başlygy Abed Fattahi: "Teklip edilen welaýatyň döredilmegi üçin ýeke-täk ýol onuň regionyň we ýurduň bähbidine bolmagy" diýdi.

"Demirgazyk Kürdistan" barada barýan çekişmeler Azerbaýjan respublikasy bilen Eýran arasyndaky diplomatiki dawalara-da gabat gelýär.

Öten ýyl Eýranyň parlamentinde Azerbaýjan respublikasyny güýç bilen Eýrana birikdirmek barada çekişme gitdi.

19-njy asyrda Eýran Kawkazyň uly bölegini, şol sanda Azerbaýjany-da , ors imperiýasyna berdi. Eýranly parlament wekilleri şol döwürde gol çekilen şertnamalaryň birnäçesiniň ýatyrylmagy barada pikir alyşdylar.

Güýç bilen birikdirmek baradaky maslahat Bakuwda gykylyk turuzdy. Birnäçe aý mundan ozal azerbaýjanly kanun çykaryjylar parlamente ýurduň adyny "Demirgazyk Azerbaýjan respublikasy" diýip üýtgetmegi teklip etdiler.

Azerbaýjanly milletçiler Eýranyň gündogar we günbatar Azerbaýjan welaýatlaryna köplenç "Günorta Azerbajýan" diýip salgylanyp, bu welaýatlaryň Eýrandan azat edilmegini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG