Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düşündiriş: "Halyfat" näme?


Yslamçy söweşejiler Siriýanyň köçelerinde ýöriş geçirýärler.
Yslamçy söweşejiler Siriýanyň köçelerinde ýöriş geçirýärler.

“Yrak we Lewant yslam döwleti” (YLYD) özüniň eýelän teritoriýasynda yslam döwletini gurandyklaryny resmi ýagdaýda yglan etdiler.

Şeýle-de bu topar özüniňň “gurduk” diýýän döwletiniň adyny gysgaça “Yslam döwleti” diýip atlandyrandyklaryny we toparyň lideri Ebu Bekir al-Bagdadynyň “halyf” saýlanandygyny mälim etdi. Täze gurlan Yslam döwleti dünýäde ýaşaýan ähli musulmanlary, şol sanda öz garşydaşlaryny özlerine (Yslam döwletine) wepalylyk kasamyny içmäge çagyrdy.

Yslamçylar uzak wagtdan bäri Orta Gündogarda, Demirgazyk Afrikada we 1400 ýylyň dowamynda yslam dini nirelere ýaýran bolsa şol ýyrtlarda yslam döwletini gurmagyň arzuwy bilen ýaşaýardy.

Halyfat näme?

“Halyfat” arap sözi bolup bu "halyfyň gol astyndaky hökümet" diýen manyny berýär. Yslam dininiň düýbüni tutujy Muhammet pygamberiň 7-nji asyrda dünýäden ötmegi bilen ilkinji halyfat, ýagny yslam döwleti guruýar.

“Halyf” sözi arap dilinde Muhammediň “mirasdüşeri” ýa-da “yzyny dowam etdirijisi” diýen manylary berýär. Halyf, yslam döwletiniň ýokary dini we syýasy lideridir. Şol bir wagtyň özünde “halyf” tutuş dünýäde ýaşaýan ähli musulmanlaryň ruhy lideri hem hasaplnaýar. Köplenç ýokary lidere “Emir el-Muminin” ýagny “Ynanýanlaryň baştutany” hem diýilýär.

Halyfat haçan başlandy we haýsy senede soňlandy?

Ilkinji gurlan halyfat, ýagny Raşidun halyfaty Muhammet pygamberiň aradan çykmagyndan soňra, ýagny 632-nji 661-nji ýyllar aralygynda bina edilýär. Sünni musulmançylykda Raşidun halyfat diýlip dört çaryýarlaryň musulmanlara baştutanlyk eden döwürlerine diýilýär. Raşidun diýmeklik “dogry ýola düşenler” diýmeklikdir. Dört çaryýarlar: Ebubekr, Omar, Osman we Aly.

Dört çaryýarlardan soňky döwürde dürli dinastiýalar tarapyndan halyfatlar guruldy. Mysal üçin, Ümeýýeler (661-750) ýa-da Abbasylar (750-1258) olardan käbirleridir. Mongol çozuşlaryndan soň halyfat düşünjesi ejizläp başlaýar. Şondan soňra, ýagny 1453-nji ýyldan 1923-nji ýyla çenli Osman imperiýasy öz halyfatlygyny yglan edýär. 1924-nji ýylda Türkiýe respublikasynyň ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürk halyfatçylygyň soňuna çykýar.

Şondan soňra halyfat döwletini gurmak ugrunda dürli döwletler tarapyndan käbir işler alynyp barylan hem bolsa bu ýagdaý musulman liderleriň öz aralaryndaky oňşuksyzlyk sebäpli oňyn netije bemeýär.

“Halyf” ady jedellimi?

Londonda ýerleşýän “King’s” kollejiniň yslam dini boýunça mugallymy Dr. Karul Kersten halyfat düşünjesi şaýylaryň däl-de sünnileriň arzuw edýän syýasy döwlet dolandyryş modelidir diýýär.

Şaýylar Muhammet pygamberiň mirasdüşeri onuň maşgala agzalaryndan biri bolmaly diýip hasaplaýarlar. Şonuň üçinem olar Muhammet pygamberiň dogan oglany we şol bir wagtyň özünde onuň giýewisi Aly, Muhammediň hakyky mirasdüşeridir diýýärler.

Ýöne sünni ynanjyna görä baştutanlyk saýlaw ýoly bilen amala aşyrylýar. Bu diýmeklik Alynyň birinji däl-de Ebubekrden, Omardan we Osmandan soň dördünji halyfa bolandygy diýmeklikdir.

Kersten bu barada şeýle diýýär: “Ala uýýanlar ony halyf däl-de Ymam diýip atlandyrýarlar. Şondan soňra şaýylarda halyflyk däl-de ymamlyk däbi dowam etdirilýär”

Ýöne taryhda sünniler öz aralarynda hem halyfat düşünjesi boýunça biri-birlerine basdaşlyk edýärdiler. Müsür we Ispaniýada gurlan yslam döwletleri muňa mysal bolup biler.

YLYD-yň özüni “halyfat” yglan etmeginiň nähili ähmiýeti bar?

Köpsanly bilermenleriň aýtmaklaryna görä YLYD-yň halyfat yglan etmegi olayň Yrakda basyp alan ýerlerinidäki öz pozisiýalaryny kanuny we dogry pozisiýa hökmünde adamlara kabul etdirmäge synanşyk meýlidir diýilýär.

Kersten YLYD öz “hakyky we dogruçyl yslamçy syýasy alternatiwalary” bilen Orta Gündogaryň häzirki serhetlerini kyn ýagdaýa salar diýýär.

Ol: “YLYD halyfat yglan etmek bilen öz eýelän teritoriýalarynda häzirki wagtda halkara döwlet dolandyryş sistemalaryna bagly ýöredilýän “milli döwlet” strukturalaryna bäs gelýän özbaşdak syýasy gözegçiligi güýçlendirmek isleýärler” diýýär.

Kersten “Jarnamanyň mukaddes remezan aýyna dogry getirilmegi tötänleýin däl, sebäbi musulmanlar bu aýda dine we dini duýgulara has çynlakaý çemeleşýärler” diýip öz sözleriniň üstüni ýetirýär.

Orta Gündogarda YLYD-yň halyfatçylygyny köpçülik kabul etmez diýip çak edilýär.

Ekstremist toparyň halyfat yglan etmegi halkara jyhadçy hereketlere, aýratynam Al-Kaýdanyň gelejegine içgin täsir eder diýilýär. Ýeri gelende aýtsak Siriýada dörän oňşuksyzlyk sebäpli Al-Kaýda bilen YLYD-yň arasyna tow düşüpdi.

Al-Kaýda topary uzak wagtlap halkara jyhadçy hereketlerde täsirli çykyş etdi. Ýöne YLYD Siriýada we Yrakda bellärlikli teritoriýalary basyp aldy. Al-Kaýda Orta Gündogarda bu derejede giň teritoriýany ele geçirip bilmedi.

Kersten YLYD-yň halyfat yglan etmegi aýlagdaky käbir arap döwletilerine, aýratynam Saud Arabystana täsir eder diýýär.

“Saud Arabystan şu wagta çenli YLYD ýaly toparlary goldan hem bolsa ol YLYD-yň halyfatçylygyny kabul etmez. Sebäbi Saud Arabystanyň patyşasy onsuzam özüne [Mekke we Medinedäki] iki mukaddes metjidiň Sakçysy diýen ady dakypdy. Aslynda munuň özi belli bir derejede “halyf” sözüne alternatiwa hökmünde kabul edilýär”.

XS
SM
MD
LG