Berdimuhamedow oppozisiýany prezident saýlawlaryna gatnaşmaga çagyran hem bolsa, oppozisiýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşmag-a däl, hatda olaryň ýurda gelmegine-de kanuny şertiň ýokdugy hakykat.
Ikinji sagat sapak başlanda eýýäm berlen netbuklar körpeleriň elinden alnyp ýygnaldy, mahlasy, şol gün Türkmenistanda ýekeje birinji klas okuwçysy-da öýlerine netbukly gelmedi.
Döredijilikden daş, awtorlyk hukugynyň nämedigine düşünmeýän Saparmyrat Nyýazow dissident, taryhçy alymymyz M.Berdiýewiň subut edişi ýaly, Bosfordyň "Musulman şalyklar nesli" atly kitabyndan 106 sahypany çeşmesini görkezmezden "Ruhnamada" ýerleşdiripdir.
Kakamyrat Ballyýew we Osman Ödäýew 2001-nji ýylyň maýynda "Нейтральный Туркменистан" hem "Türkmenistan" gazetlerinde Nyýazowyň "pygamberligini" delillendirmäge synanyşypdylar.
Garaşsyzlyk zamanamyzda ýaş çatynjalaryň tutýan durmuş toýlarynda berjaý edilýän däp-dessurlarda ýewropa medeniýetine ýakynlaşmak gitdigiçe artýar.
Türkmen metbugatynda žurnalistler türkmeniň "altynjy eýýamynyň" gelendigini öňe sürüp, "beýik Arkadagyň" bu eýýama laýyk gelýän "baş ýol Kitabyny" (kitap uly harplar bilen) ýazyp ýörendigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň täze okuw ýyly üçin okuw meýilnamasy 24-nji awgustda — wagtyndan 15 gün gijigip, “Mugallymlar gazetinde” çap edildi.
Halkyň sosial ýagdaýyny gowulandyrmazdan, raýatlaryň erkin pikirini çäklendirmek belli bir döwürde netije berse-de, uzak möhletleýin netije bermeýändigini arap rewolýusiýalary aňryýany bilen subut etdi.
Türkmen edebiýatynyň simwoly hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň suratynyň "Dünýä edebiýatynyň" dördünji sanynyň daşky sahypasyndan aýrylmagynyň raýatlarymyzda köp sowaly döredendigini aýtmak gerek.
Partlama bilen baglanyşykly sud prosesi hakda halk içindäki gürrüňleriň näderejede çyndygyny bilmek üçin Baş kanunymyz boýunça aýratyn sud häkimiýetiniň ýokary derejeli hünärmenlerine ýüz tutdum.
Abadanyň alkymyndaky harby polkuň ýarag ammarynda 7-nji iýulda bolan partlama kyrk gün boldy.
Türkmenistanda sürüjileriň belli bir böleginiň ýol kadalaryny bilmeýänliginden, ýollarymyzyň uly böleginiň gaty ýaramazlygyndan ýol hadysalarynda pajygaly ýagdaýlaryň köpdügini gizlemek mümkin däl.
Maý soňlanyp, tomsuň gelmegi bilen, tä sentýabryň ikinji ýarymyna çenli ýurdumyzyň islendik künjeginde gündizlerine 35-40, gijesine 25-30 gradus gyzgyn howa adaty bir ýagdaý hasaplanýar.
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň “Aýyrma” goşgusyndaky: “Ýas ýerinde aýdym bolmaz, saz bolmaz” diýen jümlesi her bir türkmeniň ene süýdünden ganyna siňip, ýas ýerinde diňe merhumyň hossarlaryna duýgudaşlyk edilýän edep mekdebine öwrülipdi.
Beýik galkynyşa ygtybarlydygyna kepil geçilip, wezipä bellenen jogapkär ýolbaşçylaryň jenaýata ýüz urmagynyň sebäbi nämekä?!
Halk içinde, esasan, okalmaýan, diňlenmeýän türkmen mediasynyň bir tarapdan ilhalar bolmagy aýdylýar, ikinji tarapdan bolsa “Beýik galkynyşy” wasp etmeklik talap edilýär. Bu iki talap bütinleý biri-birine garşydyr.
Geçen ýyl Aşgabadyň bazarlarynda etiň 1 kilogramy ortaça 10 manat möçberinde bolan bolsa, häzir 1 kilogram et almak üçin ortaça 12 manat gerek.
Abadandaky ýarag ammarynda bolan partlamanyň agyr netijeleri inkär edilenden soň, bu pajygany dünýä jemgyýetçiligine ýaýmazlygyň aladasynyň edilip başlanandygy hakynda anyk maglumatlar bar.
Türkmenistan hökümeti daşary ýurtlardan, halkara guramalaryndan ediljek bolnan kömek teklibinden sypaýyçylyk bilen ýüz öwürdi.