Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen dili we matematika sapaklary azaldyldy



Ýazgulyýew: "Orta mekdepleriň okuw meýilnamasynyň ýylda üýtgedilip durulmagy okuw gollanmalarynyň-kitaplaryň gaýtadan çap edilmelidigini aňladýar".
Ýazgulyýew: "Orta mekdepleriň okuw meýilnamasynyň ýylda üýtgedilip durulmagy okuw gollanmalarynyň-kitaplaryň gaýtadan çap edilmelidigini aňladýar".
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň täze okuw ýyly üçin okuw meýilnamasy 24-nji awgustda - wagtyndan 15 gün gijigip, “Mugallymlar gazetinde” çap edildi. Orta mekdepleriň okuw meýilnamasynyň has giç hem öňki ýyllardan üýtgeşik düzülendigi üçin, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde mugallymlaryň geçen ýylky okuw meýilnamasy esasynda paýlanan hepdelik iş ýüklerini bütinleý täzeden söküp, mekdep ýolbaşçylary mugallymlara gaýtadan paýlamaly boldular.

Mary şäherinden özüni Berdimyrat Nyýazlyýew diýip tanadan, Türkmenistanyň halk mugallymy: “Şu ýyl düzülen täze okuw meýilnamasynda Baş Kanunymyzda döwlet dilidigi kepillendirilýän türkmen dilimiziň 2-nji, 6-njy synpa çenli hepdede bir sagat azaldylyp, “Ruhnamanyň” şu okuw ýylynda hem saklanyp galmagy mugallymlaryň lapyny keç etdi. Esasy sapaklaryň biri hasaplanýan matematikanyň 4-5-6-njy synplarda hem hepdede bir sagat kemeldilmegi örän gynandyryjydyr. Sebäbi 2002-nji ýylda-da türkmen dili we matematika sapaklary hepdede bir sagat gysgaldylyp, şol dersleriň ýerine “Ruhnama” girizilipdi. Şeýlelikde, halkyň ene dili hem matematika sapagy halkara ülňülerinden hepdede iki sagat az okadylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň esasy binýatlyk bilimleri ýeterlik özleşdirip bilmejekdigini aňladýar” diýip, şu okuw ýylynyň meýilnamasy hakynda garaýşyny beýan etdi.

Orta mekdepleriň okuw meýilnamasynyň ýylda üýtgedilip durulmagy okuw gollanmalarynyň-kitaplaryň gaýtadan çap edilmelidigini aňladýar. Mysal üçin, 4-5-nji synplarda okadylýan türkmen dili we matematika kitaby öňki ýyllardaky - hepdede alty sagat okadylýan düzgüne laýyklanan temalary öz içine alyp çap edilipdi. Ýöne agzalan sapaklaryň hepdede bir sagat kemeldilmegi bilen, öňki çap edilen kitaplardaky temalar okadyljak sagatlardan has köp bolýar, haýsy temany birleşdirip geçmeli, haýsy temany okuwçynyň özbaşdak öwrenmegi üçin tabşyrmaly - bu zatlar bolsa düşnüksizligine galýar.

Gaýtadan we gyssagarada

Gysgaldylan okuw programalaryna laýyklykda, türkmen dili hem matematika sapaklary boýunça okuw kitaplarynyň çap edilmezligi mugalymlaryň işini has-da kynlaşdyrýar, okuwçylaryň düşünjelerini bolsa bulaşyklyga salýar. Gysgaldylan ýa artdyrylan okuw sapaklarynyň ýyllyk meýilnamasyny mugallymlar gaýtadan ýazmaly. Has dogrusy, okuw sapaklary kemelen matematika, türkmen dili, artdyrylan iňlis dili, bedenterbiýe informatika we informasiýa tehnologiýalary sapaklaryny okadýan mugallymlar ýyllyk okuw meýilnamalaryny gyssagarada gaýtadan ýazyp ýetişmezden, okuwçylara sapak berip başlamaly bolarlar. Bu bolsa ýaragsyz urşa barýan esger ýaly bir zatdyr.

Elbetde, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw programmalaryny halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek gerek. Munuň üçin tejribeli mugallymlaryň, bilim işgärleriniň pikirlerine esaslanmaly, ösen Ýewropa döwletleriniň bilim sistemasyny öwrenip, mümkin bolan derejede şolardan nusga almaly. Şeýle edilende, her ýyl bilim emeldarlarynyň kabinetde gelen netijesine görä, orta mekdepleriň okuw programmalarynyň üýtgedilmegine zerurlyk bolmazdy. Her ýyl okuw programmalarynyň çalşyrylyp durulmazlygy üçin, ussat mugallymlaryň maslahatlary esasynda mümkin bolan okuw programmalaryny düzmek boýunça pedagoglaryň gurultaýyny çagyryp, okuw programmalary halkara ülňülerine laýyklykda düzülse, ýurdumyzyňam, halkymyzyňam bähbidine bolardy.

Mysal üçin, “Ýaşaýyş, durmuş esaslary” sapagynyň anyk düzgünleşdirilen temasynyň bolmazdan okadylmagy bu sapagy okadýan mugallymlary örän kyn ýagdaýda goýýar. Asla häzir çem gelen mugallymyň okadýan, tema yzygiderliligi, bütewiligi bolmadyk “Ýaşaýyş, durmuş esaslary” hem-de “Ruhnama” sapaklary ýatyrylyp, ýokary synplarda “Anatomiýa” sapagy girizilse, halkara bilim ülňülerine laýyk bolardy.

Umuman, meniň bilen söhbetdeş bolan mugallymlar 2011-nji, 2012-nji okuw ýylynda orta mekdepleriň okuw meýilnamasynyň ýyllarboýy toplanan pedagogik tejribä ters gelýändigi üçin, prezidentiň 1-nji sentýabrdan güýje girjek okuw meýilnamasyny ýatyryp, tejribeli pedagoglaryň pikiri esasynda täze okuw meýilnamasynyň düzülmegini isleýärler. Şeýle edilse, mekdep okuwçylarymyzyň halkara ülňülerine laýyklykda bilim almagy kepillendirilerdi we her ýyl okuw meýilnamasyny gaýtadan çap etmek zerurlygy-da öz-özünden ortadan aýrylardy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG