Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan ýazylan "Ruhnamanyň" dürli adamlar tarapyndan, çeşmesi görkezilmezden toplanan kitapdygy hakynda barha köp subutnamaly gürrüňler özara söhbetdeşlikde edilse-de, tema bütewiligi bolmadyk bu "eseriň" gapma-garşylykly many-mazmunynyň merhum diktatoryň pelsepe derejesini kesgitleýändigini hiç kim inkär edip bilmez.
Döredijilikden daş, awtorlyk hukugynyň nämedigine düşünmeýän Saparmyrat Nyýazow dissident, taryhçy alymymyz M.Berdiýewiň subut edişi ýaly, Bosfordyň "Musulman şalyklar nesli" atly kitabyndan 106 sahypany çeşmesini görkezmezden "Ruhnamada" ýerleşdiripdir. 1999-njy ýylyň martynda Saparmyrat Nyýazow döredijilik işgärlerine ýüzlenip: "Halkyň ruhy ýörelgesi bolup biljek kitaby ýazalyň, teklipleriňizi beriň, iň gowy teklipler gelse, "Ruhnamada" awtoryň ady bilen döredijiligini ýerleşdireris" diýip, wada beripdi. Şondan soňra ýazyljak "Ruhnama" gelýän teklipleri bir ýere jemlemek hem öwrenmek üçin ýörite topar döredilipdi.
Ýazyjy-şahyrlara "Ruhnama" üçin döredijiliginden iň gowy bölekleri bermek teklip edildi. Ol tekliplere seslenen ýazyjy-şahyrlaryň "Ruhnama" çapdan çykansoň, öz döredijilikleriniň Nyýazowyň adyna geçirilendigine göz ýetirip, hyrçlaryny dişläp oňmaly bolandygyny galamdaş ýoldaşlarymyz özara söhbetdeşlikde tassyklaýarlar. Nyýazowyň tassyklaýşy ýaly, ýazyljak "Ruhnama" üçin gelen ýüz müňden gowrak teklibiň ýene bu esere laýyk hasaplanany diktatoryň döredijiligine degişli edildi.
Bu-da hemmesi däl, "Ruhnama" gelýän teklipleri öwrenmek üçin döredilen topara türkmen mediasynyň her redaksiýasyndan bir işgär goşup, SSSR döwründe Türkmenistanda çap edilen metbugatdan iň gowy rowaýatlary, geň-taň hadysalary, filosofik manyly makala, goşgy setirlerini ýygnamak barada tabşyrygyň berlendigini agzalan topara agza bolan döredijilik işgäriniň biri gürrüň berdi.
Şonuň üçin "Ruhnamada" rus klassyklary Puşkinden, L.Tolstoý ýaly läheňleriň döredijiliginden bölekleriň bolmagam tebigy bir ýagdaýdyr. Halypa ýazyjymyz, žurnalistimiz A.Baýryýew hem birnäçe döredijilik işgärlerimiz özara söhbetdeşlikde "Ruhnamada" metbugat materiallaryndan, hatda dürli ýyllarda çykan goşgy setirlerinden alnandygyny aýdýarlar. Baýramalyly, altmyş sekiz ýaşly Atajan mugallym "Ruhnamadaky" Jygaly beg hakyndaky goşgynyň özüniňkidigini, ol bu goşgusyny 1975-nji ýylda raýon gazetinde çap etdirendigini aýdýar. "Ruhnamanyň" ogurlyk bir kitapdygy hakynda adyl derňew geçirilse, Atajan mugallym subutnamasyny görkezip biljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy. Bir söz bilen aýdanyňda, "Ruhnamanyň" döremegine adyl baha berlip, sud seljerişi geçirilse, onlarça döredijilik işgäriniň awtorlyk hukugynyň aýagasty edilendiginiň subudy doly tassyk bolardy.
"Gelen teklipler"
Dogrudanam, Nyýazowyň hut özem "Ruhnamanyň" ýazylmagy üçin ýüz müňden gowrak teklibiň gelendigini gizlejegem bolmandy, elbetde, merhum diktator döredijilikden sähelçe baş çykaranlygynda, iň bolmanda tema yzygiderliligini özünde jemleýän eseri ýazdyryp bilerdi. Emma uly mümkinçiliginiň bolandygyna seretmezden, merhum diktatoryň döredijilige düşünişi, oňa çemeleşişi hem onuň akyl-paýhas derejesi bilen içi gapma-garşylykdan doly, taryhy ertekileşdiren "Ruhnama" emele gelipdi.
Häzire çenli "Ruhnamanyň" saklanyp durmagyny ýurtda dowam etdirilýän Nyýazowyň syýasatynyň özenidigi bilen düşündirilse maksada laýyk bolardy. "Ruhnamanyň" Türkmenistanda korrupsiýany ösdürmäge hem uly goşant goşandygyny-da aýtmak gerek, Türkmenistanda çişirilen bahaly gurluşyk işlerini alyp barmak üçin daşary ýurt firmalarynyň ýolbaşçylary "Ruhnamany" daşary ýurt dillerine terjime etdiripdiler.
Türkmenstanly ykdysadyýet boýunça hünärmen Şamuhammet aga: "Ruhnama" kyrk dile terjime edilipdir, özem ony başga dile terjime etdiren daşary ýurt firmalaryň ýolbaşçylary owalbaşda "Ruhnamany" öz hasaplaryna terjime etdirip, soňra ýurdumyzdan gurluşyk işlerini alyp barmaga ygtyýar alansoňlar "Ruhnama" üçin eden çykdajylaryny 10-15 esse edip yzyna alýardylar. "Ruhnama" daşary ýurt dillerine terjime edilip başlanandan soňra, Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyklaryň bahasy görnetin ýokarlandy. Türkmenistanda "Ruhnama" çapdan çykandan soňra döwlet emeldarlaram ony dürli dillere terjime etdirip, gazanç etmäge meýilli daşary ýurt firmalarynyň ýolbaşçylary bilen dilleşip, uly peýda gördüler. Şeýdibem, bu kitap çap bolandan soň, Türkmenistanda korrupsiýa sistemalaýyn doly ornaşdy" diýýär. Onuň pikiriçe, ýurduň "Ruhnama" bilen bagly çeken maddy zyýany ýüz millionlarça dollar bolmaly.
Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ýaşlaryň öňünde eden çykyşynda "Ruhnamanyň" daşary ýurt dillerine terjime edilip — million, ýurt içinde bolsa türkmen, rus dillerinde terjime edilip - 250 müň nusgalyk çap edilendigini hem onuň uly böleginiň satylandygyny aýdyp, öwnüpdi. Nyýazow 2001-nji ýylyň oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: "Adamlar, "Ruhnama" 9 dollara golaý baha - 45 müň manada düşýär, 5 müň manat ony satýanlaryň haky bolup, "Ruhnama" 50 müň manatdan satylsyn, maňa girdeji gerek däl" diýipdi. Emma Nyýazow "Ruhnamany" döwletiň emeli goýan pes nyrhyndan hasaplap, ony bahasyndan has arzan satdyrypdy.
Meniň bilen söhbetdeş bolan ykdysadyýetçileriň tassyklamagyna görä, 2000-nji ýyllarda " Ruhnamanyň" her biri 200 müň manada düşüp, her bir kitapdan döwlete 150 müň manat ýa-da şol döwürdki bazar bahadan ýedi dollar zyýan bolupdyr, ýurdumyzyň içinde çap edilen 250 müň nusgalyk bu kitapdan döwletimize bir million ýedi ýüz elli müň amerikan dollary möçberinde zyýan ýetipdir. Daşary ýurtda çykan "Ruhnamanyň" her bir nusgasynyň bolsa näçe baha düşendigini hasaplamak geljegiň işi.
Finlandiýaly žurnalistiň "Mukaddes kitabyň kölegesi" atly "Ruhnama" barada düşüren filmi türkmenlere görkezilmedik bolsa-da, bu filmiň Türkmenistanda "Ruhnamanyň" korrupsiýany ösdürmäge eden goşandy hakynda maglumat berýändigini ýatlatsak artykmaçlyk etmese gerek. Anyk bahasy aýdylmasa-da Orsýetiň Goranmak ministrligine tabynlykdaky "Dnepr" raketa kosmos gämisinde "Ruhnama" kosmosa çykarylypdy, ykdysadyýetçiler bu hyzmatyň hem arzan düşmändigini çak edýärler. Şeýlelikde içi gapma-garşylykdan doly "Ruhnamanyň" ogurlygyň hem korrupsiýany ösdürmegiň nusgasy bolandygyny çekinmän aýdyp bileris. Elbetde, "Ruhnamanyň" türkmeniň ahlak-ruhy ýörelgesine nähili aýylganç täsir edendigini, şeýle-de uly mukdarda ýetiren maddy zyýanyny doly anyklamak geljegiň işi.
Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.