Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakykaty halkdan gizlemek haksyzlykdan nyşan


Abadan şäherindäki 8-nji orta mekdebiň binasy, 8-nji iýul.
Abadan şäherindäki 8-nji orta mekdebiň binasy, 8-nji iýul.
Abadandaky ýarag ammarynda bolan partlamanyň agyr netijeleri inkär edilenden soň, bu pajygany dünýä jemgyýetçiligine ýaýmazlygyň aladasynyň edilip başlanandygy hakynda anyk maglumatlar bar. Abadanyň hem onuň töwereginde ýaşaýan adamlaryň üçüsi partlamany halka, dünýä jemgyýetçiligine aýan etmäge gatnaşandyr öýdülip, özlerini ýerli, hatda etrap polisiýa bölümine çagyrylandygyny aýtdylar. Olaryň gürrüň bermegine görä, "Watan mukaddesligi ähli zatdan ýokarda, şonuň üçinem Watanyň syryny açýan adamlar jenaýat jogapkärçiligine çekilmeli" diýip, olara düşündiriş geçipdirler.

"Meniň bir goňşymyň Aman atly ýetişen ogly bu pajyganyň pidasy boldy. Merhumyň gölegçisi gitmänkä, güýç ulanyjy edaranyň ýokary wekili hökmünde özüni tanadyp, iki sany adam geldi we olar öý eýelerine ogullarynyň aradan çykmagyna duýgudaşlyk bildirdiler, ýöne ogullarynyň bu partlamanyň pidasy bolandygyny aýtmazlygy olara berk sargyt etdiler, bu sargydyň "ýaşululardandygynam" olar ýatlatdylar" diýip, öz adyny Tuwakmyrat diýip tanadan, Abadan şäherinden bolan raýatymyz özara söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Başyny etegine salyp, partlamany, esasan, mobil telefona wideo düşüren adamlaryň, ýetginjekleriň tagallasy bilen bu pajyganyň netijeleri halka, tutuş ýurda eýýäm ertesi gün aýan boldy. Ol wideosuratlaryň uly bölegi dürli ýollaryň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine ýaýrady.

Elbetde, güýç ulanyjy edaralaryň wekillerem partlama sebäpli ýüze çykan aýylgançlylyklary beýan edýän suratlary, wideo ýazgylary ýok etmek hakynda uly tagalla etselerem, barybir, surata düşürilişigiň öňüni alyp bilmediler. Ýogsam 7-nji iýulda öýländen başlap, olar weýran bolan binalary surata aldyrmazlyk üçin nobatçylyk çekip başladylar. Ol nobatçylar göz-görtele weýran bolan ýa uly şikes alan binalary wideo, surata aljak bolan adamlaryň, ýetginjekleriň käbiriniň elinden mobil telefonlaryny ýa başga bir apparatyny alypdyrlar. Emma halkyň biri-birine, onda-da ejir çekenlere bolan raýdaşlygy bu partlamany dünýä jemgyýetçiligine äşgär etdi.

Partlamanyň dünýä ýüzüne äşgär bolmagyna günäkär adamlaryň gözlenýändigi hakynda anyklanmadyk maglumatlar bar. Käbir adamlaryň bähbidine bolýan gürrüňleri, halk içindäki dowly, ynamsyzlygy aradan aýyrmak üçin hökümet bu partlamanyň adam pidalaryny atma-at beýan edip, weýrançylygy doly boýun alsa gowy bolardy.

Mundan beýläk halkdan, dünýä jemgyýetçiliginden islendik bir zady gizlejek bolmagyň manysyzdygyna döwlet ýolbaşçylarymyz akyl ýetirer diýip umyt edýärin, çünki Günüň öňüni hiç zat bilen ýapyp bolanok.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG