Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçen giňeldilen mejlisinde ilkinji gezek "oppozisiýa" sözüni dile getirip, döwlet derejesinde oppozisiýanyň bardygyny ykrar etdi. Bu gutlanmaly ýagdaýdyr. Ýöne prezident şol mejlisde oppozisiýany ýurda, adalatly prezident saýlawlaryna gatnaşmaga çagyran hem bolsa, oppozisiýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşmag-a däl, hatda olaryň ýurda gelmegine-de kanuny şertiň ýokdugy hakykat.
Döwlet baştutany şol çykyşynda döwlet baştutany hökmünde prezident saýlawlaryna hemmeleriň deňhukukly gatnaşmagyna şert dörediljekdigini kepillendirdi. Baş kanunymyzyň 50-nji maddasy boýunça — prezident Konstitusiýany berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny berjaý etmegiň kepili hökmünde çykyş edýär. Diýmek, baş kanunymyza hormat goýulýan bolsa, prezidentiň oppozisiýany ýurda çagyranlygy üçin olaryň ýurda gelmegine hem-de prezident saýlawlaryna gatnaşmagyna kanuny şert döredilmelidir.
Türkmenistanyň Baş kanuny esas edilip, ýaňy-ýakynda kabul edilen "Prezident saýlawlary hakyndaky" kanunda hem prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýän adamyň soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşamagy şertlendirilýär. Oppozisiýa ýurda getiriläýende hem şu şert aýrylmasa, olaryň kanun esasynda prezident saýlawlaryna gatnaşmagynyň öňüne böwet basyp bolýar. Hatda şu agzalan düzgün ýatyrylaýanda hem Konstitusiýamyzyň 51-nji maddasynda "Döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, kärhanalarynda, edaralarynda işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň prezidentligine saýlanyp bilner" diýilýär. Diýmek, şu düzgün oppozisiýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşmagyna kiçijik umydam goýmaýar.
Prezidentiň aýdyşy ýaly, oppozisiýa prezident saýlawlaryna gatnaşdyryljak bolsa, ilki bilen Nyýazowyň diktatura syýasatynyň pidasy bolanlar, ejir çekenler doly aklanmalydyr. 2002-nji ýylyň noýabr wakasyna gatnaşan hökmünde Halk maslahatynyň karary esasynda ömürlik tussag edilenler-de boşadylmaly, iň bolmanda, olar halkara kanunlary esasynda gaýtadan sud edilmeli.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 51-52-nji maddalaryna halkara düzgünleri esasynda gyssagly düzediş girizmeli. Meniň pikirimçe, prezidentiň oppozisiýany ýurda çagyrmagyny esas edinip, halkyň sowatly böleginiň hem-de oppozisiýanyň pikirlerini nazarda tutup we prezident saýlawlarynyň halkara düzgünlerine laýyk gelmegini üpjün etmek üçin Baş kanunymyzyň 51-nji maddasyny "Türkmenistanda doglan ýa-da soňky ýigrimi ýylda Türkmenistanyň raýatlygyny alyp, ýurdumyzda ýaşaýan, ýaşy kyrkdan pes, ýetmişden uly bolmadyk, döwlet dilini bilýän her bir adam Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyp bilner" diýip almaly.
Baş Kanunymyzyň 52-nji maddasy "Türkmenistanyň prezidenti halkyň gös-göni gizlin ses bermegi arkaly bäş ýyl möhlete saýlanýar we kasam kabul eden pursadyndan wezipesine girişýär. Şol bir adamyň yzly-yzyna ýa-da dürli döwürlerde bolsa-da, iki möhletden artyk prezident bolmaga haky ýokdur. Konstitusiýanyň şu maddasy hiç haçan düzediş girizilmäge degişli däldir" diýlip alynmaly.
Türkmenistanyň Saýlawlary hem sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary döretmegi prezidentiň ygtyýarlygyndan aýryp, Mejlisiň ygtyýarlygyna bermeli. Ine, Baş kanunymyza şeýle düzedişler girizilen çagynda saýlawlaryň adalatly boljagyna dünýä jemgyýetçiligem, halkymyzam ynanardy. Türkmenistanyň prezidentiniň Täze Galkynyş reformasy dünýä derejesinde ykrar edilerdi.
Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.