Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýalynly jöwza


Ýazgulyýew: "Asyrlarboýy toplanan däp-dessurlarymyza esaslanýan ýaşulularymyz bu gyzgynlygy "Ýaldyragyň ýangyny" diýip atlandyrýarlar".
Ýazgulyýew: "Asyrlarboýy toplanan däp-dessurlarymyza esaslanýan ýaşulularymyz bu gyzgynlygy "Ýaldyragyň ýangyny" diýip atlandyrýarlar".
Maý soňlanyp, tomsuň gelmegi bilen, tä sentýabryň ikinji ýarymyna çenli ýurdumyzyň islendik künjeginde gündizlerine 35-40, gijesine 25-30 gradus gyzgyn howa adaty bir ýagdaý hasaplanýar.

Gidrometeorologlaryň aýtmagyna görä, klimatyň üýtgemegi Türkmenistana hem belli bir derejede täsirini ýetiripdir, sebäbi soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda hem tomusda-da bu pasla mahsus bolmadyk howa ýagdaýlary - ýagyş ýagmak ýaly hadysalar bilen birlikde adatdan daşary gyzgynlyk birden ýüz berýär.

Türkmenistanda iýul iň yssy aý hasaplanýar. Ýöne soňky bäş ýyldaky howa ýagdaýlaryna syn salanyňda awgustyň belli-belli günleriniň-de tomsuň "saryjy tomus” diýilýän, iň yssy aýy bolan iýuldan has gyzýandygyna şaýat bolýarsyň.

"Ýaldyragyň ýangyny"

Mysal üçin, şu ýyl iýulyň üçünji ongünlüginde, ýagny, 25-nji iýulda, Aşgabatda günortan kölegede howanyň temperaturasynyň 46 gradus bolanlygy hasaba alnypdyr. 4-7-nji awgustda welin, Aşgabatda gündizine, günortan kölegede howanyň gyzgynlygy 48 gradusdan geçdi, 5-nji awgustda günortan sagat 14-16 aralykda Aşgabadyň Hitrowka obasyndan, Parahat hem otuzynjy mikroraýonlaryndan bolan meýletin howa ölçeýjiler howanyň temperaturasyny ölçäp gören çaglary Aşgabatda howanyň temperaturasynyň kölegede 50 gradusa, günüň aşagynda 60 gradusa ýetendigine şaýat boldular.

Edil şeýle gyzgynlygyň 4-7-nji awgust aralygynda beýleki welaýatlarymyzda hem bolandygyny ýerli ýaşaýjylar tassykladylar. Hatda Daşoguz welaýatynda hem agzalan döwürde howanyň gyzgynlygynyň kölegede 48 gradus bolandygyny aýtdylar. Asyrlarboýy toplanan däp-dessurlarymyza esaslanýan ýaşulularymyz bu gyzgynlygy "Ýaldyragyň ýangyny" diýip atlandyrýarlar.

Ýurdumyzdaky hereket edýän kanuna görä, howanyň gyzgynlygy 45 gradusa barsa, iş ýatyrylmaly, emma bilşimiz ýaly, 45 gradusdan has ýokardaky gyzgynlykda hem iş wagtlaýynam togtadylmady. Türkmen mediasy howanyň 45 gradusdan ýokary bolýandygyny habar bermeýär, jöwzaly yssy howada hem "howanyň 42-44 gradus gyzmagyna garaşylýar" diýlip, maglumat berilýär.

Saglyga täsir edýär

Türkmenistanda howa maglumatynyň dogry berilmezliginiň netijesinde, aşa yssy howada hem raýatlarymyzyň işleriniň ýatyrylmazlygynyň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýändigini çekinmän aýdyp bolar. Meniň bilen söhbetdeş bolan lukmanlaryň tassyklamagyna görä, aşa gyzgyn howa ýürek agyryly, dürli derejede gan basyşy bolan adamlara has erbet täsir edýär. Hut şonuň üçinem tomsuň yssy günlerinde agzalan keseli bolan adamlaryň ýogalýany beýleki döwürlerdäkiden 3-4 esse köp bolýar.

Tomus döwründe "magnit tupany" bolan günlerde adamlaryň saglygyny goramagyň has zerurdygyny lukmanlar aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, ýürek agyryly, gan basyşly adamlara yssy howa örän ýaramaz täsir edip, olara duýdansyz ýogalmak howpy abanýar. Türkmenler şeýle aradan çykma köplenç "Tarpa-taýyn aradan çykdy” diýýärler.

Biziň ýurdumyzda adamlaryň saglygy howanyň temperaturasy, aýratyn-da tomsuň aşa gyzgynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäplem tomusdaky aşa gyzgynlyk, "magnit tupanly" diýlen günler hakynda açyk maglumat berlip, adamlara aşa gyzgyndan hem howanyň ýaramaz täsirlerinden goranmagyň ýollary öwredilse, raýatlarymyzyň saglygyna oňyn täsir ederdi. Umuman, tomsuň jöwza yssysynda raýatlarymyzyň saglygyny goramak hakynda aýratyn alada edilmelidir.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG