Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy iýulda, dynç güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde adatdan daşary ýagdaýy derňemek üçin döredilen ýörite toparyň hasabaty esasynda Abadany alkymlap oturan ýarag ammarynda bolan partlamany gytaklaýyn boýun alyp, bu pajygada on bäş adam pidasynyň hem-de belli bir weýrançylygyň bolandygyny dile getirdi.
Döwlet baştutany sözüni dowam etdirip, partlamada günäkärleri harby tribunala çekip, berk jezalandyrmagy tabşyrdy. Maňa elýeter bolan maglumata görä, awgustyň birinji ongünlüginde Abadany alkymlap oturan harby polkuň ýarag ammarynda bolan partlamada günäkär saýylan adamlar - harbylar suda çekilip, olara ýyl kesilipdir.
Partlama günäkär hasaplanyp, kyrka golaý harbynyň sud edilendigi, olaryň ýedi sanysynyň iň ýokary jeza höküm edilip, 20-25 ýyl azatlykdan mahrum edilenligi hakynda aýdylýar. Halk içindäki bu maglumaty adam hukuklaryny goraýan Türkmen inisiatiwa toparynyň "Hronika Türkmenistan" saýty öz sahypasynda çap edipdir.
Partlama bilen baglanyşykly sud prosesi hakda halk içindäki gürrüňleriň näderejede çyndygyny bilmek üçin Baş kanunymyz boýunça aýratyn sud häkimiýetiniň ýokary derejeli hünärmenlerine ýüz tutdum, emma ýüz tutan sud häkimiýetiň ýokary derejeli wekilleri partlama bilen baglanyşykly sud prosesi bilen bagly hiç bir maglumaty berip bilmejekdiklerini aýtdylar. Bu fakt Konstitusiýamyz boýunça aýratyn häkimiýete eýe bolmaly Sud häkimiýetiniň wekilleriniň hem raýatlarymyzyň erkin informasiýa almak hukugyny kepillendirip bilmeýändigini şübhesiz subut edýär.
Adyny Gulmyrat diýip tanadan aklawçy öz terjimehalyny tanyşdyrmazlyk şerti bilen bize şeýle gürrüň berdi: "Men aklawçy hökmünde iki adamyň bilýän zadyny resmileriň bilýändigini anyk aňýan. Döwlet emeldarlarynyň islemedik maglumatlarynyň syzyp çykmagynyň çeşmesi tapylsa, başga günäler bilen şol çeşmäniň başynda duranlaryň gitse-gelmeze ugradyljakdygyny hem bilýärin. Ýöne men başymy etegime salyp, käbir bilýän zatlarymy aýdaýyn. Partlamanyň günäkäri hasaplanyp, 40 adam däl-de, ondan üç esse az harby adamlar, esasan, pajyga bolan polkuň komandirleri sud edilip, olar azatlykdan mahrum edildi. Ýöne bu hakda resmiler açyk maglumat ýaýratmansoň, agyz-agyzdan ýel alyp, islendik hadysa çişirilýär, bu bolsa hadysany gizlemäge çalyşýan resmileriň bähbidine däl, sebäbi ilatymyzyň uly bölegi "Halk aýtsa, galp aýtmaz" diýip, şol çişirilen gürrüňlere ynanýar".
Kim günäkär?
Meniň güýç ulanyjy edaranyň käbir wekilleri bilen eden söhbetdeşligimde partlama bilen baglanyşykly sud prosesi hakda anyk jikme-jikligi bilmesemem, azatlykdan mahrum edilenleriň arasynda ýokary derejedäki harby ýolbaşçylaryň bolmazlygy gaty geňdir. Edil ýarag ammarynda bolan partlamanyň bir gün öň ýany bolup geçen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby ulgamynda hem "gülala-güllügiň" höküm sürýändigi dabara bilen yglan edilipdi, hatda harby ulgamda partlama hakynda-ha däl, kiçijik kemçilik barada hem hiç bir fakt agzalmady.
Munuňam üstesine, partlama bolan gününiň agşamy Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary geçirilen maslahatynda hem pajyga gös-göni inkär edildi, prezidente ýalan maglumatlar berildi. Eger sud häkimiýeti garaşsyz bolanlygynda halkyň başyna düşen pajygany gizlemek prosesiniň sud seljerilişi geçirilerdi, Türkmenistanyň Baş Kanunynyň kepili bolan prezidenti ýalan maglumatlara ynandyrmaga synanyşan ýokary derejedäki ýolbaşçylaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilmelidigi, iň bolmanda olaryň wezipesinden çetleşdirilmelidigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek.
Türkmenistandaky boldy edilýän islendik üstünlik prezidentiň ady bilen baglanyşdyrylýar, emma halkyň başyna düşen pajygaly partlama üçin kiçi derejedäki harby komandirler günäkär saýylyp, şolar hem azatlykdan mahrum edilýär, munuň şeýle bolmagy gaty geň. Iň bolmanda, partlama sebäp döreden harby komandirleriň nähili ýol bilen işe alnandygy derňelmelidir.
Haýran galmaly zat: doly anyklanmadyk hakykat hakynda dymyp, resmileriň partlamada ykrar eden belli bir weýrançylyga hem 15 adamyň ölümine getiren pajyga iň ýokary derejeli wezipede oturan günäkäriň ýekejesiniň tapylmazlygydyr.
Men partlamanyň pidasy bolan bir ýaş raýatymyzyň kyrkyna baranymda ýarag ammarynda bolan partlamada günäkärleriň üstünden geçirilen sud prosesi hakynda ýaşulularymyzyň gürrüňini, janykmasyny diňläp oturan Myrat aga: "Adamlar, ýagşylyga umyt edeliň, biz kimiň günäkärdigini häzir bilmesegem, nesip bolsa aňyrsy 5-10 ýyldan bileris. Halkyň bu pajygaly gününde oýun oýnanlar karam oýny üçin jogap bererler. Özüni Hudaý saýan Kaddafiniň urunmasy muňa aýdyň şaýatdyr. Men häzirki ýagdaýa bolsa resmileriň gizlinlikdäki geň-taňlygy diýjek, göz bar, gulak bar şu gürrüňi goýalyň" diýdi. Oturanlar sessiz ylalaşyp, baş atdylar.
Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.