Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýanyň köki nirede?


Häkimiýet çalşandan soň, ýurtda korrupsiýa hakynda ikinji gezek gürrüň gozgalyp, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jogapkär işgärleriniň bir toparynyň eýeleýän wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, bikanun ýol bilen gazanan uly möçberdäki pul serişdelerini kanunlaşdyrmakda eden jenaýatlarynyň üsti açylyp, olara garşy açyk kazyýet mejlisi 28-nji iýulda türkmen telewidiniýesinde halka görkezildi.

Ýokary wezipeli ýolbaşçylar tarapyndan hödürlenip, dürli derejede barlagyň eleginden geçirilip, prezidente wepalydygy, beýik galkynyşa ygtybarlydygyna kepil geçilip, wezipä bellenen bank ulgamynyň jogapkär ýolbaşçylarynyň jenaýata ýüz urmagynyň sebäbi nämekä?!

Wezipä bellemek

Kanunyň hökmürowanlygy tarapyndan baha berlende, wezipelere bellemek syýasatynyň halkdan gizlindigi, az sanly iň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryň islegi boýunça “şahsy wepalylyga” esaslanyp, kärleriň, hünärleriň paýlanmagy, sypaýyçylyk bilen aýdanyňda, wezipä bellemek — korrupsiýanyň köki diýmäge doly esas bar.

Şonuň üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynda toparlaýyn ýüz beren jenaýatçylykly hereketleriň diňe özüne baha berip, kazyýet hökümini çykaryp, korrupsiýa garşy göreşde uly netije gazanyp bolmaz. Korrupsiýa garşy göreşiň netijeli bolmagy üçin bank ulgamynda jogapkärli wezipede oturan jenaýatçylar toparynyň nähili ýagdaýda uly wezipäni eýelänliginiň sebäpleri hem derňelmelidir.

Elbetde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow korrupsiýa garşy göreşde zerur bolsa maliýe polisiýasyny, hatda korrupsiýa garşy göreş komitetini hem döretmäge taýyndygyny aýtdy. Döwlet baştutany sözüni delillendirip, neşekeşlige garşy komitetiň döredilmegi bilen bu ugurda belli bir üstünligiň gazanylandygyny-da aýratyn belledi.

Dogrudanam, döwlet derejesinde neşekeşlige garşy göreşde oňyn netijeleriň gazanylandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Neşekeşlige garşy göreşde belli bir derejede üstünlik gazanylmagynyň esasy sebäbi neşe bilen baglanyşykly jenaýata ýüz ursaň, hökümet tarapyndan rehim-şepagatyň edilmejekdigine adamlaryň akyl ýetirmegidir. Şeýle hem neşe bilen iş salşanlaryň uly böleginiň ýönekeý halk köpçüligidigini, olaryň bu pişä gazanç çeşmesi hökmünde baş goşandygyny aýtmak gerek.

Diktatura syýasaty

Emma korrupsiýa Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazowyň diktatura syýasatynyň özeni bolup, Garaşsyzlyk ýyllarymyzda ol jemgyýetde kök urdy, bu günki gün hatda ýönekeý bir sprawka almak üçin hem ilat köpçüliginiň para bermeli bolýandygyny inkär etmek örän kyn. Şol sebäplem ýurdumyzdaky korrupsiýanyň köklerini Nyýazow döwründen galyp, häzirem dowam edýän diktatura syýasatyndan gözlemeli.

Türkmenistanda polisiýanyň sany ilaty biziň ýurdumyzyňkydan on esse köp bolan Beýik Britaniýanyň polisiýa işgärleriniň sanyna barabardygy hakynda daşary ýurt mediasynda, internet saýtlarynda maglumatlar bar. Şonuň üçin aýratyn polisiýa edarasyny ýa komitetini döretmegiň zerurlygy ýok bolsa gerek. Il içinde «Polisiýanyň 6-njy bölümi» diýlip atlandyrylýan bölümiň agyr jenaýatlara baş goşanlary yzarlaýandygyny, mundan daşary hem güýç ulanyjy edaralaryň tas hemmesinde diýen ýaly gurmaçylykly agyr jenaýatlara garşy bölümiň bardygy hiç kim üçin gizlin däl.

Korrupsiýa garşy göreşiň üstünlikli bolmagy üçin ýurdumyzda metbugat azatlygynyň dabaralanyp, kanunyň hökmürowan bolmagy zerur, ine şonda her bir raýatymyz islendik derejedäki ýolbaşçynyň nähili wezipä bellenýändigini biler, şeýle hem adamlarymyz wezipelileriň eden-etdiligi hakynda açyk tankydy pikirlerini aýdyp, olaryň uly jenaýat etmekleriniň öňüne böwet bolarlar. Sebäbi islendik kadaly ýurtda korrupsiýa garşy göreş döwlet kanunynyň hökmürowanlygy hem metbugat azatlygynyň bolmagy bilen dabaralanýar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG