Jynsy kesellere ýolugan adamlary ýazgarmak duýgusy ilat arasynda ýokary bolmagynda galýar.
Ony resmi taýdan gadagan edenem bolsalar, ol tä ömrüniň ahyryna çenli, 2001-nji ýylda aradan çykýança, halka gülki paýlady, halkyň synan göwnüne özüniň şorta sözleri bilen teselli berdi.
Şu ýyl döwlet tarapyndan hajy bolmaga ugradylanlar 16-njy oktýabrda Mekge-Medinä ugrap, olar 15-nji noýabrda, tegelek otuz günden gaýdyp geldiler. Öňki ýyllarda döwlet tarapyndan haja gidýänler 20 günden gaýdyp gelýärdiler.
"Ogluňyzyň agzy arassamy?" 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap, sallah ýigidiň hossarlary gyza gudaçylyga baranda berlen bu sorag adaty sowal hökmünde kabul edilipdi.
Rus taryhçylarynyň 1993-nji ýylda "Stalin repressiýasy" atly kitabynda 1933-34-nji ýyllarda 2 milliona golaý bolşewikler partiýasynyň agzalarynyň 365 müňüsiniň ýa-ha öldürilendigi ýa-da azyndan on ýyl türmä oklanandygy hakynda maglumat berlipdir.
Häzir meýdanlarda pagta kän, mysal üçin, Altyn asyr etrabynyň Mäne-Çäçe obasynyň hersinde 2500 gektar ýetişdirilen gowaçanyň käbir ýerleriniň pagtasy heniz bir gezegem ýygylmadyk diýip, oba adamlary gürrüň berýärler.
Prezident Saparmyrat Nyýazowyň permany esasynda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda iki manady bir amerikan dollarynyň hümmetinde türkmen puly dolanyşyga girizilipdi.
Türkmenistanda baýramçylyklarda köp harytlaryň bahasy ýokarlanýar. Ýöne her ýylam Gurban baýramynda etiň bahasy duýarlykly gymmatlaýar.
Ýurdumyzda okuwyň başlanyna kyrk günden gowrak geçenem bolsa, henizem ilat arasynda: "Pylanyň ogly öz güýji bilen okuwa giripdir, pylany bolsa ogluny zer dökübem okuwa salyp bilmändir" diýlen gürrüňleri eşitse bolýar.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow 1995-nji ýylyň iýulynda Ylmy dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeşiň işini togtatmak hakyndaky Karara gol çekipdi, bu Geňeş şondan bäri ýapykdy.
Türkmenistanda sentýabryň aýlygyndan başlap, ylym we bilim pudagynda işleýän alymlara olaryň ylmy derejeleri hem atlary üçin töleg edilip başlandy.
1948-njy ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gije Aşgabatda bolan elhenç ýer titreme hakynda köp ýazyldy. Saparmyrat Nyýazowyň Permany bilen 1995-nji ýylyň 6-njy oktýabryndan bu pajygaly ýer titreme owalbaşda "Ýatlama Güni", 2000-nji ýyldan bolsa ýurdumyz boýunça "Matam güni" hökmünde bellenýär.
Türkmenistanda 15-nji sentýabrdan tä Garaşsyzlyk baýramçylygymyza çenli döwlet edara–kärhanalarynda, hatda hususu pudakda işleýänler, daýhan birleşikleriniň kärendeçileri her hepdäniň şenbe güni ýowara çykarylýar.
Han Hajyýew 1895-nji ýylyň 22-nji iýulynda Özbegistanda türkmenleriň gür ýaşaýan ýeri bolan Dörtgül raýonynda doglupdyr. Ömrüniň soňky ýyllarynda önümli işlän türkmen ýazyjysy Han Hajýýew Meksikada 43 ýyl ýaşap, aradan çykýar.
1914-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmen kawaleriýa polky esaslandyrylyp, ol polk şol ýylyň 23-nji awgustynda döredilen “Tuzem-Kawkaz“ atly diwiziýanyň düzümine girizilýär.
Maňa 1990-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girmek miýesser etdi.
Onlarça raýatlarymyzyň tassyklamagyna görä, 1999-nji ýylda rus buhankalary 1000 manat, täze puldan 20 teňňe edilipdir. Şol döwürde resmi berlen maglumatda hem ortaça aýlyk 500 müň manat, täze puldan 100 manada deň eken.
Aşgabatda ýa onuň etegindäki oba-şäherçelerde ýazgysy bolup, daşary ýurt ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaşlar ykballaryny ylma baglamagy niýet edinýän bolsalar, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň “Ýaş alymlar geňeşine” ýüz tutup, işe girip bilerler.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda iki ýyl mundan öň döredilen “Ýaş alymlar geňeşini” doly güýjünde işletmek hakynda maslahat edildi.
Ýakynda türkmen telewideniýesinde Ýewro-2012 futbol ýaryşyny Ýunus Annaýew hem Kuwwatmyrat Sähetmyradow göni efirde alyp bardylar. Eminlerimiz oýna eminlik edenleriň çykaran netijeleriniň göwne makul dällerini açyk aýdyp başladylar.
Ýene-de ýükle