Abdylhekim Gulmuhammedow 1880-nji ýyllaryň ortalarynda häzirki Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Akdere obasynda doglupdyr. Ol Türkiýäniň görnükli syýasy liderleriniň hem harby ýolbaşçylarynyň biri Enwer Paşa bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr.
Halypa alymlar türkmen ylmyny ösdürmek, ýaşlarymyzy ylma höweslendirmek üçin, olara mümkin bolan şertleriň döredilip, ylym pudagynda halypa–şägirtlik mekdebiniň ýola goýuljakdygyna umyt edýärler.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýokary attestasion Komitetinde daşary ýurtda alnan magistr, ylymlaryň kandidaty, ylymlaryň doktory alymlyk derejelerini ykrar etmek boýunça düzgüniň üstünde işlenilýär.
Türkmenistanda hereket edýän häzirki düzgüne görä, daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlaryň diplomyny ykrar etdirmegi zerur hasaplanýar. Ýöne 2011-njy ýylyň başyndan bäri bu berk düzgüniň belli bir derejede gowşadylandygyny duýmak mümkin.
Türkmen alymlary “Aspirantura girmek üçin 5 ýyl iş tejribesi bolmaly” diýilýän talap ýatyrylsa, munuň ylmyň ösmegine uly goşant boljakdygyny belleýärler.
Şu ýyl Nyýazow döwründe doly ýatyrylan oba we şaher mekdep lagerleriniňem, gysga wagtlyk bolsa-da, işläp başlajakdy aýdylýar.